Ï Türkmenistanyň syýahatçylyk mümkinçiligi Londonda görkezildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň syýahatçylyk mümkinçiligi Londonda görkezildi

view-icon 5719

7-9-njy noýabr aralygynda Londonda World Travel Market (WTM – (Bütindünýä Syýahat Bazary) syýahatçylyk pudagynyň 42-nji halkara sergisi geçirildi. Ol syýahatçylyk pudagyndaky iň uly çäredir. Oňa dünýäniň tas ähli ýurtlaryna degişli bolan müňlerçe dünýä syýahatçylyk kompaniýalary gatnaşdylar.

Türkmenistanyň syýahatçylyk mümkinçiligi, WTM-de teklip edilen hyzmatlary we önümleri Günbatar syýahatçylyk jemgyýetinde «STANTRIPS» ýaly has takyk at bilen tanalýan «Aziýanyň genji» tarapyndan hödürlendi.

Londondaky Bütindünýä Syýahat Bazarynda Özbegistandan, Gyrgyzystandan we Ermenistandan baran ýene dört syýahatçylyk kompaniýalary Türkmenistana syýahaty teklip etdi. Türkmenistanyň hökümetiniň syýahatçylygy ösdürmek we sebitde geljegi uly bu pudakda halkara hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin, şu tomus birnäçe çäreleri göz öňünde tutandygyny ýatladyp bileris. Halkara syýahatçylyk sergilerine gatnaşmak bilen bir hatarda, milli taryhy we medeni mirasy giňden wagyz etmek we ýurduň ägirt uly syýahatçylyk mümkinçilikleriniň üstüni açmak maksady bilen, 2023-nji ýylda Türkmenistanda halkara maslahat geçirmek meýilnamalary ara alnyp maslahatlaşyldy.