Ï Wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirýärler
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirýärler

view-icon 2662
Wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirýärler

Kuwwaty 220 kilowolt bolan iki hatarly elektrik geçirijiniň direglerini dikmek işini ýurdumyzyň Energetika ministrliginiň «Türkmenergogurluşyk» konserniniň «Daşoguzenergogurluşyk» kärhanasynyň hünärmenleri amala aşyrýar.

Bu energiýa ýoly döwletiň halkalaýyn energiýa ulgamyny döretmäge goşant goşjak «Balkan – Daşoguz» elektrik geçirijisiniň gurluşygy taslamasynyň çäklerinde çekilýär.

Kärhananyň hünärmenleriniň öňünde goýlan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmäge işiň ýokary guramaçylyk derejesi we dürli kuwwatly elektrik geçirijilerini hem-de transformator astbeketlerini gurmakda, şol sanda sebitiň çäginde-de toplan uly tejribesi kömek edýär.

Energetika pudagynda dürli döwlet taslamalarynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde, häzirki wagtda Daşoguz welaýatynda ösen energetika infrastrukturasy bar. Sebitde gurlan ýylda 1,5 milliard kilowat/sagatdan gowrak elektrik energiýasyny öndürmäge ukyply täze elektrik bekedi onuň merkezi halkasydyr, bu bolsa Daşoguz welaýatynyň zerurlyklaryny doly kanagatlandyrmaga we ýurdumyzyň bitewi energiýa ulgamyna goşmaça elektrik energiýasyny bermäge mümkinçilik berýär.

Döwrebap tehnologiýalaryň giňden ornaşdyrylmagyna we häzirki zaman talaplaryna laýyklykda, energetika pudagynyň gaýtadan enjamlaşdyrylmagyna goşant goşmaga gönükdirilen giňişleýin işleriň netijesinde, sebitde soňky ýyllarda dürli kuwwatly täze elektrik geçirijileri tapgyrlaýyn gurulýar. Bar bolan geçirijileriň durky täzelenýär, şeýle hem täze transformator astbeketleriniň we paýlaýyş ulgamlarynyň, şäher we oba ýerlerinde yşyklandyryş ulgamlarynyň gurluşygy giň gerimde alnyp barylýar.