Ï Konserwatoriýada R. Allaýarowa bagyşlanan döredijilik agşamy geçiriler
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Konserwatoriýada R. Allaýarowa bagyşlanan döredijilik agşamy geçiriler

view-icon 2877
Konserwatoriýada R. Allaýarowa bagyşlanan döredijilik agşamy geçiriler

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda 18-nji noýabrda Türkmenistanyň halk artisti, wagtynda konserwatoriýa ýolbaşçylyk eden kompozitor, professor Rejep Allaýarowa bagyşlanan döredijilik agşamyny geçirmäge taýýarlyk görülýär.

R. Allaýarow türkmen saz medeniýetiniň belent şahalarynyň biridir. Hemmetaraplaýyn zehinli bu adam diňe bir kamera, wokal, simfonik žanrlardaky eserler, romanslar, aýdymlar, teatr oýunlary we filmler üçin sazlar, instrumental hem hor üçin kompozisiýalar ýaly baý kompozitorlyk mirasyny galdyrmak bilen çäklenmän, eýsem mugallymçylyk käriniň, akyl-bilim ýaýratmagyň we jemgyýetçilik işleriniň ajaýyp yzlaryny hem galdyrdy.

R. Allaýarow saz bilimini ilki Türkmenistanyň sazçylyk mekdebinde, soň bolsa hut Alfred Şnitkäniň özünden kompozisiýa sungatyny öwrenen ýeri bolan Moskwa konserwatoriýasynda aldy. Mugallymlarynyň arasynda meşhur azerbaýjanly kompozitor Gara Garaýew hem bardy.

Saz öwrenijiler Gündogaryň (türkmen, azerbaýjan) we XX asyryň günbatar kompozitor usullarynyň aýratynlyklarynyň utgaşdyrmagyny Rejep Allaýarowyň döredijiliginiň aýratynlygy hasaplaýarlar. Kompozitor halk sazyny gönüden-göni göçürmedi, ýöne onuň çuňlugyny, duýgulylygyny we ses ideallaryny beýan etmäge synanyşdy.

R.Allaýarow halk bagşylarynyň – çagalykdan bäri belet bagşy sungatyny öz döredijiliginiň esasy çeşmesi hasaplaýardy. Onuň iň gowy görýän halk saz guraly medeniýetimizde aýratyn orny eýeleýän dutardy. Beýleki halk saz gurallarynyň owaz aýratynlyklaryny simfonik orkestriň gurallaryna geçirmek bilen, gytaklaýyn görkezýärdi. R. Allaýarow öz döredijiliginde döwründen öňe gitmek bilen, häzirki zaman sazynyň awangarddan tä  neofolklorizme çenli birnäçe ugra uly üns berdi. 

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda geçmek bilen, Rejep Allaýarowyň kärdeşlerini, şägirtlerini we zehininiň muşdaklaryny bir ýere ýygnajak döredijilik agşamynda kompozitoryň iň gowy wokal we orkestr eserleri ýerine ýetiriler.