Ï Röwşen Nepesow: «Saz, duýgular dünýäsi we kino!»
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Röwşen Nepesow: «Saz, duýgular dünýäsi we kino!»

view-icon 3834
Röwşen Nepesow: «Saz, duýgular dünýäsi we kino!»
camera-icon
Alekseý Gimalitdinow

Röwşen Nepesowyň we kamera orkestriniň gatnaşmagyndaky «Saz, duýgular dünýäsi we kino» konserti adaty däl ýagdaýda – Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda medeni-dynç alyş çäresi bilen başlandy. Konserte gelen diňleýjiler üçin bu ýerde haly we häzirki zaman şekillendiriş sungaty eserleriniň sergisi guraldy, şeýle hem kitap söwdasy we iň hoşboý ysly kofe dükanlarynyň tanyşdyrylyşy köpçüligiň hyzmatynda boldy.

Dirižýor münberine Röwşen Nepesow çykyp, tomaşaçylara «Kapitan Grantyň çagalary» filminiň gahrymanlary bilen syýahata gitmegi teklip edýär. Isaak Dunaýewskiniň al-asmanda gaýýan, okgunly, howsalaly we özüne bendi edýän sazy geň bir ýagdaýda batyr syýahatçylaryň dünýäsine bap gelýärdi.

Kompozitor, dirižýor we pianinoçy hökmünde tanalýan Röwşen Nepesow «Saz, duýgular dünýäsi we kino» konsertinde özüni şowhunçy hökmünde-de görkezdi. Onuň çykyşlary netijesinde, şol agşam tomaşaçylar sungat tankytçylaryna öwrüldi. Olara «Gyzyl çadyr» atly filme Ennio Morrukoni bilen Aleksandr Zatsepiniň haýsy biriniň sazynyň has laýyk gelýändigine baha bermek teklip edildi. Filmden şol bir parçalar bu sazlaryň astynda gezek-gezegine görkezildi.

Konsertiň ahyrynda Röwşen Nepesowyň öz döreden «Duýgular mozaikasy» eseri ýaňlandy. 

Konsert tamamlanansoň solistler Bahram Dolyýew, aýdymçylar Selim Gurbansähedow we Selbi Annadurdyýewa, dirižýorlar Döwletmämmet Ökdirow we Eziz Nyýazow hem sahna çykdylar. Röwşen Nepesow mähirli garşylandyklary üçin, tomaşaçylara hoşallyk sözlerini aýdyp, ýakyn wagtda multiplikasion filmleriň sazlary bilen duşuşmagy wada berdi.