mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm

Türkmen samboçylary Bişkekde geçirilýän dünýä çempionatynda ýene bir kümüş we iki bürünç medal gazandylar

view-icon 1392
Türkmen samboçylary Bişkekde geçirilýän dünýä çempionatynda ýene bir kümüş we iki bürünç medal gazandylar

Bişkekde geçirilýän sambo boýunça dünýä çempionatynda Türkmenistanyň ýygyndysynyň türgenleri ýene üç – bir kümüş we iki bürünç medal gazandylar.

Begenç Baltaýew kümüş medala mynasyp boldy. Lebap welaýatynyň Bedenterbiýe we sport komitetiniň 2-nji sport mekdebiniň tälimçisi 79 kg çenli agramda 22 türgeniň arasynda şeýle üstünlik gazandy.

Aýgytlaýjy tutluşykda ildeşimiz 2022-nji ýylyň dünýä çempionatynda Halkara sambo federasiýasynyň (FIAS) adyndan çykyş edýän, 2018-nji ýylda Buharestde dünýä çempiony bolan, Minsk şäherinde 2019-njy ýylda Ýewropa oýunlarynyň kümüş baýragyny eýelän 33 ýaşly Sergeý Skrýabin bilen duşuşdy. Tanymal türgeniň ussatlygy ýokary geldi. Netijede russiýaly samboçy ikinji gezek dünýä çempiony, ildeşimiz bolsa kümüş medala mynasyp boldy. Şu agramda Tumurkhuleg Dawaardorž (Mongoliýa) we Iwan Harkow (Bolgariýa) bürünç medal eýelediler.

Begenç Baltaýew ilkinji gezek dünýäniň wise-çempiony boldy. Ozal ol Junyiýada (Liwan) Aziýa çempionatynda we Aktauda (Gazagystan) geçirilen Aziýanyň Kubogy ugrunda açyk ýaryşda kümüş medallara mynasyp boldy.

Türkmenistanyň toparyndan sport sambosynda Guwanç Begalyýew (98 kg çenli) we söweş sambosynda Babajan Iwadullaýew (98 kilogramdan agyr) agramda 2022-nji ýylyň dünýä çempionatynda bürünç medal eýelediler. Şu ýyl türgenleriň ikisem Liwanyň Juniýa şäherinde geçen Aziýa çempionatynda ýeňiş gazandylar.

Türkmenistanyň ýygyndy toparyndan ozal sport sambosynda IIM-niň Mälikguly Berdimuhamedow adyndaky 1001-nji harby bölüminiň harby gullukçysy Muhammet Kössekowyň altyn, Türkmenistanyň söweş sungaty Milli federasiýasynyň türgeni Kakageldi Ýegenbaýewiň (71 kg çenli) we Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komiteiniň sport mekdebiniň tälimçisi Batyr Hojamuhammedowyň (98 kilogramdan agyr) agramda bürünç baýrak eýeländigini ýatladýarys.

Dünýä çempionatyna 50-den gowrak ýurtdan 400-e golaý türgen gatnaşýar, olar erkekleriň we zenanlaryň arasynda sport hem-de söweş sambosynda 21 agram derejesinde medallar ugrunda bäsleşýärler.