Ï Türkmen-rus strategik hyzmatdaşlygy pugtalandyrylýar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen-rus strategik hyzmatdaşlygy pugtalandyrylýar

view-icon 3659
Türkmen-rus strategik hyzmatdaşlygy pugtalandyrylýar

Şu gün Aşgabatda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-rus toparynyň başlyklarynyň duşuşygy boldy. Gün tertibine söwda-ykdysady we maliýe-bank, ýangyç-energetika toplumy, ulag-aragatnaşyk, logistika, senagat ulgamlarynda, oba hojalygynda hem-de özara gyzyklanma bildirilýän, beýleki ileri tutulýan ugurlarda özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmegiň geljegine degişli meseleleriň giň toplumy girizildi.

Şeýle-de medeni-ynsanperwer ulgamda, hususan-da, bilim, saglygy goraýyş, ylym we medeniýet babatda türkmen-rus hyzmatdaşlygynyň käbir ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu ugurlardaky özara gatnaşyklar däp bolan yzygiderli häsiýete eýedir. Taraplar ozal gazanylan ylalaşyklary ýerine ýetirmek boýunça alnyp barlan işlere oňyn baha berdiler hem-de hakyky dostlugyň we hoşniýetli goňşuçylygyň köpasyrlyk däplerine daýanýan netijeli hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmegine iki ýurduň umumy gyzyklanma bildirýändigini tassykladylar.

Bellenilişi ýaly, ýokary döwlet derejesinde ýola goýlan oňyn dialog köpýyllyk hyzmatdaşlygy hemmetaraplaýyn pugtalandyrmaga taraplaryň yzygiderli eýermegi maksat edinýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Munuň özi ikitaraplaýyn esasda bolşy ýaly, köptaraplaýyn esasda, şol sanda iri halkara guramalaryň we abraýly sebit düzümleriniň çäklerinde netijeli gatnaşyklaryň kemala getirilmegine umumy, ylalaşykly çemeleşmeleri işläp taýýarlamaga gönüden-göni ýardam edýär.

Şu ýylyň aprel aýynda diplomatik gatnaşyklarynyň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygyny bellän Türkmenistan we Russiýa Federasiýasy şu geçen ýyllarda gazanylanlary, milli bähbitleri hem-de durmuş-ykdysady ösüşiň öňde durýan ilkinji derejeli wezipelerini göz öňünde tutup, strategik hyzmatdaşlygyň häzirki zaman nusgasyny ýola goýýarlar.

Aýry-aýry ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam eden duşuşygyň barşynda bilelikdäki has möhüm taslamalaryň durmuşa geçirilişi ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de ägirt uly kuwwata we mümkinçiliklere eýe bolan, iki ýurduň bähbitlerini has doly göz öňünde tutmak ýörelgelerinde ýola goýulýan hyzmatdaşlygy diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek boýunça birnäçe anyk çäreler bellenildi.

Taraplar ýola goýlan parlamentara gatnaşyklaryň netijeliligini kanagatlanma bilen nygtadylar. Şonuň netijesinde, möhüm halkara resminamalar bilen yzygiderli üsti ýetirilýän uly hukuk binýady köp babatda kemala getirildi. Şunuň bilen baglylykda, soňky ýyllarda özara eksport-import amallarynyň haryt görnüşlerini diwersifikasiýalaşdyrmak boýunça anyk çäreleri görýän Türkmenistan bilen Russiýanyň arasynda haryt dolanyşygynyň möçberiniň durnukly ösüş depginleriniň hasaba alnandygy kanagatlanma bilen nygtaldy.

Bilelikde işlemegiň toplanan köpýyllyk tejribesi taraplaryň köpugurly hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürmegi pugta maksat edinýändigine şaýatlyk edýär. Häzir bu işleriň çäklerine käbir sebitler, iri senagat we medeni merkezler, şol sanda Tatarystan Respublikasy, Astrahan we Swerdlowsk oblastlary, Sankt-Peterburg şäheri, Russiýa Federasiýasynyň beýleki çäkleri goşuldy. Şolar bilen hyzmatdaşlyk döwletara gatnaşyklaryň mümkinçiligini has doly ulanmak babatda bilelikdäki bähbitleri öňe sürmegiň hem-de tagallalary etmegiň has möhüm ugurlaryny kesgitlemäge mümkinçilik berýär.

Daşary ýurt işewürleri üçin has oňaýly şertler döredilen, geljegi uly türkmen bazaryna gatnaşmaklaryny giňeltmäge Russiýanyň işewür toparlarynyň örän uly gyzyklanma bildirýändiklerini beýan edip, myhmanlar rus işewürliginiň Türkmenistanyň durmuş-ykdysady taýdan ösüş babatdaky uly taslamalaryna mundan beýläk-de has işjeň gatnaşmaga hem-de türkmen hyzmatdaşlary bilen iň oňat öňdebaryjy tejribäni we täze tehnologik işläp taýýarlamalary paýlaşmaga taýýardyklaryny nygtadylar. Bellenilişi ýaly, Türkmenistanda, ilkinji nobatda, milli ykdysadyýeti diwersifikasiýalaşdyrmaga, girdejili täze pudaklary döretmäge, ýokary hilli we eksport ugurly, giň görnüşli önümleri öndürmäge gönükdirilip geçirilýän özgertmeler strategik häsiýete eýe bolan hyzmatdaşlyk üçin täze gözýetimleri açýar.

Taraplaryň pikirine görä, yzygiderli esasda geçirilýän giň gerimli medeni çäreler, döredijilik festiwallary we sergiler dostlugyň hem-de özara düşünişmegiň özboluşly köprüsi bolup hyzmat edip, iki halkyň ýakynlaşmagyna, olaryň medeniýetleriniň özara baýlaşmagyna doly ýardam berýär. Ynsanperwer gatnaşyklary giňeltmek maksady bilen, özara tagallalary mundan beýläk-de işjeňleşdirmegiň zerurdygy, hususan-da, Türkmen-rus uniwersitetini döretmek we Aşgabatda A.S.Puşkin adyndaky Rus drama teatrynyň täze binasyny gurmak boýunça taslamalary durmuşa geçirmegiň möhümdigi aýratyn nygtaldy.

Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasary Alekseý Owerçugyň ýolbaşçylygynda Türkmenistanda bolýan Russiýanyň wekiliýetiniň agzalary ikitaraplaýyn duşuşyklary, syýasy geňeşmeleri we işewür gepleşikleri yzygiderli geçirmegiň örän möhümdigini aýdyp, işlemäge döredilen oňaýly şertler üçin türkmen tarapyna hoşallyk bildirdiler hem-de gazanylan ähli ylalaşyklaryň iki ýurduň we olaryň umumy taryhy, medeni-ruhy gymmatlyklar arkaly birleşen dostlukly halklarynyň bähbidine netijeli gatnaşyklara täze itergi berjekdigine ynam bildirdiler.