Ï Türkmenistanda ilatyň we ýaşaýyş jaý gorunyň uçdantutma ýazuwy üçin maglumat taýýarlygy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanda ilatyň we ýaşaýyş jaý gorunyň uçdantutma ýazuwy üçin maglumat taýýarlygy

view-icon 6343
Türkmenistanda ilatyň we ýaşaýyş jaý gorunyň uçdantutma ýazuwy üçin maglumat taýýarlygy

Şu ýylyň dekabr aýynda geçiriljek ilatyň we ýaşaýyş jaý gorunyň uçdantutma ýazuwyny guramaçylykly geçirmek, ilata onuň maksady, geçiriliş tertibi we düzgünleri barada maglumat bermek üçin, Türkmenistanyň statistika baradaky döwlet komiteti birnäçe maglumat sahypasyny taýýarlady. Olaryň ählisi-de ilat ýazuwynyň geçiriljek senelerini görkezýär – 2022-nji ýylyň 17-nji dekabry bilen 28-nji dekabry aralygy we onuň «Ilat ýazuwy – 2022: jebislik, bagtyýarlyk, röwşen geljek» şygaryny öz içine alýar.

Olarda ilat ýazuwyna Türkmenistanyň raýatlarynyň, daşary ýurt raýatlarynyň we raýatlygy bolmadyk adamlaryň düşýändikleri, ilat ýazuwyny geçirýänleriň soraglaryna jogap berlende, olary tassyklaýan resminamalary görkezmegiň zerur däldigi, maşgalabaşynyň beýleki maşgala agzalary barada maglumat berip biljekdigi aýdylýar. Alnan maglumatlaryň gizlinligini we şahsyýet görkezilmezden ulanylmagyny üpjün etmek baradaky madda möhümdir.

Ýörite maglumat sahypasynda ýazuwyň barşynda dört elektron soragnamanyň dolduryljakdygy görkezilýär. Olaryň birinjisi ýaşaýyş jaýynyň görnüşi, haçan we haýsy materialdan gurlandygy barada maglumat ýygnamak üçin niýetlenendir. Ikinjisi ýaşaýyş jaýyna eýeçiligiň görnüşi, peýdalanylýan meýdany, otaglaryň sany, jemagat hyzmatlary, aragatnaşyk we internet bilen üpjünçiligi baradaky soraglary öz içine alýar. Üçünji soragnamadaky soraglar belli bir jaýda ýaşaýanlaryň sany we olaryň jaý eýesi ýa-da jogapkär kärendeçi bilen gatnaşygy barada maglumat ýygnamaga gönükdirilendir. Şol jaýda ýaşaýanlar hakdaky maglumatlary anyklaşdyrmaga olaryň hersiniň ýaşy, doglan ýeri, jynsy, bilimi, maşgala ýagdaýy we girdeji çeşmeleri baradaky soraglary özünde jemleýän dördünji soragnama niýetlenendir. Sorag-jogap bary-ýogy 20-30 minut dowam etmelidir.

Şeýle hem ýurdumyzyň ilatyna ilat ýazuwyny geçirýänleri nädip tanamalydygy barada maglumat berilýär: olara degişli şahadatnama, ýaşyl žilet we ilat ýazuwynyň resmi nyşany bolan birmeňzeş reňkli sumka beriljekdir.

Türkmenistanyň statistika baradaky döwlet komiteti ilat ýazuwynyň wagty, tertibi we düzgünleri barada jikme-jik maglumat bermek bilen, bilelikde has bagtly geljege tarap ädim ätmek üçin, ýurdumyzyň raýatlaryny oňa işjeň gatnaşmaga çagyrýar. Taýýarlanan maglumat sahypalarynyň nusgalaryny müdirligiň saýtyndan  tapyp bilersiňiz.