Ï A. S. Puşkin adyndaky döwlet rus drama teatry Türkmenabatda
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

A. S. Puşkin adyndaky döwlet rus drama teatry Türkmenabatda

view-icon 4392
A. S. Puşkin adyndaky döwlet rus drama teatry Türkmenabatda

A.S. Puşkin adyndaky döwlet rus drama teatrynyň Lebap welaýatyna sapary dowam edýär.

Artistler «Bary söýgi hakynda» şowhunly agşamky konsert bilen tomaşaçylary begendirdiler, şeýle hem, çagalar üçin «Super Towşan» atly sahna oýnuny görkezdiler.

Mundan başga-da, Lebap welaýatynyň Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet sazly-drama teatrynyň sahnasynda «Andro we Sandro» spektakly görkeziler.

Osetin dramaturgy Georgiý Hugaýewiň pýesasy esasynda goýlan «Andro we Sandro» oýnunda Kerim Ataýew bilen Mihail Rogowyň döredýän baş gahrymanlarynyň keşplerinde iki goňşy gojanyň durmuşlarynyň üýtgeşik wakalary hem-de gatnaşyklary barada gürrüň berilýär. Wakalar osetin obasynda bolup geçýär.  

A.S. Puşkin adyndaky döwlet rus drama teatrynyň Türkmenabatdaky sapary 20-nji noýabra çenli dowam eder.