Ï Çempionlyk ugrunda bäsleşikde «Altyn asyr» ýene utuk ýitirdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Çempionlyk ugrunda bäsleşikde «Altyn asyr» ýene utuk ýitirdi

view-icon 4336
Çempionlyk ugrunda bäsleşikde «Altyn asyr» ýene utuk ýitirdi

«Altyn asyryň» futbolçylary paýtagtymyzda «Aşgabat» topary bilen 1:1 hasabynda deň oýnap, Türkmenistanyň çempionlygy ugrunda bäsleşikde utuk ýitirdiler.

Paýtagtymyzyň Büzmeýin etrabynyň «Sport toplumynyň» meýdançasynda geçirilen bu oýun ýokary liganyň toparlarynyň arasynda ýurdumyzyň çempionatynyň 20-nji tapgyryny jemledi.

Duşuşygyň 22-nji munutynda Agajan Altyýew «Altyn asyryň» derwezesine dürs pökgi gönükdirip hasaby açdy. Şondan 5 minut geçensoň, häzirki çempion sag tarapdan hüjüm etdi, myhmanlaryň jerime meýdançasyna ýokardan berlen pökgä ýetişen Yhlas Toýlyýew,ony kellesi bilen urup tora saldy – 1:1. «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň topary netijesini gowulandyrjak bolup näçe jan etse-de, Ýazguly Hojageldiýewiň şägirtlerine ýeňiş ýetdirmedi.

«Aşgabat» häzirki milli birinjilikde ikinji gezek «Altyn asyryň» utugyny alýar. Birinji aýlawda olaryň duşuşygy 2:0 hasabynda «Altyn asyryň» haýryna tamamlanan bolsa, ikinji aýlawda toparlar 0:0 hasabynda deň oýnadylar.

AFK-nyň Kubogy-2018-iň finalyna gatnaşan topar iki tapgyr utuk ýitirýär, bu bolsa onuň çempionlygyny saklap galmaga mümkinçiligini azaldýar. Geçen 19-njy tapgyrda «Altyn asyr» topary myhmançylykda Marynyň «Merw» toparyny utup bilmedi, ol goşmaça berlen soňky minutda hem ýeňlişden goraldy.

Milli birinjiligiň tamamlanmagyna galan 8 tapgyrda 54 utukly «Ahal» toparynyň ikinji ýerdäki «Altyn asyrdan» utuk tapawudy 11-e ýetdi.

30 utuk toplan «Merw» topary üçünji orunda barýar.

Indiki, 21-nji tapgyrda «Ahal» myhmançylykda «Aşgabat» topary , «Altyn asyr» bolsa Balkanabatda «Nebitçi», şeýle hem «Köpetdag» topary «Energetik» we «Merw» topary hem «Şagadam» bilen duşuşarlar.