Türkmenistanyň we Birleşen Arap Emirlikleriniň Baştutanlary gapma-garşylyklary duýdurmagyň we olaryň öňüni almagyň meselelerini çözmekde Birleşen Milletler Guramasynyň merkezi ornuny pugtalandyrmakda aýratyn ähmiýetini bellediler. Bu barada Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Abu-Dabi şäherine resmi saparynyň dowamynda Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidenti Şeýh Mohammed bin Zaýed Al Nahaýýan bilen geçirilen gepleşikleriň netijesinde kabul edilen Bilelikdäki Beýannamasynda habar berilýär.
«Türkmenistanyň we Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidentleri halkara howpsuzlygynyň hem-de durnukly ösüşiň, gapma-garşylyklary duýdurmagyň we olaryň öňüni almagyň meselelerini çözmekde Birleşen Milletler Guramasynyň merkezi ornuny pugtalandyrmaga aýratyn ähmiýet berýärler» diýlip, resminamada aýdylýar.
Iki ýurduň ýolbaşçylary terrorçylygyň, transmilli jenaýatçylygyň hem-de neşe serişdeleriniň we psihotrop maddalarynyň Ýer ýüzünde parahatçylyga hem-de howpsuzlyga esasy wehimleriň biri bolup durýandygyny beýan etdiler we bu howplara garşy göreşde hyzmatdaşlygy ösdürmäge taýýardyklaryny tassykladylar.
Liderler parahatçylygyň, howpsuzlygyň we ösüşiň bähbitlerine halkara hyzmatdaşlygynyň ekstremizmiň ähli görnüşlerine garşy göreşde hyzmatdaşlyga, özara hormatlamaga, düşünmäge we sabyrlylyga ýardam berýän çemeleşme hökmünde möhümdigini bellediler.
Şunuň bilen baglylykda, Prezidentler sebit hem-de halkara derejelerinde ynanyşmak we özara düşünişmek ýagdaýyny ýola goýmaga hem-de pugtalandyrmaga iki döwletiň çalyşýandyklary aýratyn nygtadylar, şeýle hem halkara meselelerini diňe diplomatik serişdeler arkaly parahatçylykly çözmegiň zerurdygyny bellediler.