Ï Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gazagystan Respublikasynyň Prezidentini gutlady
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gazagystan Respublikasynyň Prezidentini gutlady

view-icon 4587

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň adyndan we hut öz adyndan Kasym-Žomart Tokaýewe Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti wezipesine gaýtadan saýlanmagy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny iberdi.

“Geçirilen saýlawlaryň netijesi Gazagystanyň halkynyň Siziň ýurdy mundan beýläk-de ösdürmek boýunça alyp barýan syýasy ugruňyza doly ynanýandygyny aýdyň görkezdi. Siziň türkmen-gazak gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga goşýan şahsy goşandyňyz aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Geljekde-de bilelikdäki tagallalarymyzyň netijesinde biziň doganlyk halklarymyzyň bähbidine ýurtlarymyzyň arasyndaky hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürmegi üpjün etjekdigimize we täze mazmun bilen baýlaşdyrjakdygymyza ynanýaryn” diýip, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy hatynda nygtady.

Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow şu ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Kasym-Žomart Tokaýewe berk jan saglyk, bagtyýarlyk, Gazagystan Respublikasynyň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk, rowaçlyk, gülläp ösüş arzuw etdi.