2022-nji ýylyň 21-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýew Aşgabada iş sapary bilen gelen BMG-niň Neşe serişdeleri we jenaýatçylyk boýunça Müdirliginiň Merkezi Aziýada sebitleýin wekili hanym Aşita Mittalyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk geçirdi. Bu barada ýurdumyzyň daşary syýasat edarasy habar berýär.
Duşuşygyň başynda türkmen tarapy BMG-niň Neşe serişdeleri we jenaýatçylyk boýunça Müdirliginiň sebitleýin wekiline sapar bilen gelendigi hem-de Aşgabatda Ýakyn we Orta Gündogarda neşe serişdeleriniň bikanun dolandyrylmagy we şonuň bilen bagly meseleler boýunça goşmaça komissiýasynyň 55-nji sessiýasyny bilelikde gurnamakdaky tagallalary üçin minnetdarlyk bildirdi.
2020-2023-nji ýyllar üçin Neşe serişdeleri boýunça BMG-niň komissiýasynda Türkmenistanyň agzalygy nukdaýnazaryndan bu çäräniň geçirilmeginiň ähmiýeti barada aýratyn nygtamak bilen, sessiýanyň netijeleriniň sebitde hem-de dünýäde neşe serişdeleriniň bikanun dolandyrylmagyna garşy göreşmek boýunça geljekki hyzmatdaşlygyň esasy boljakdygyna ynam bildirildi.
Duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistan bilen BMG-niň Neşe serişdeleri we jenaýatçylyk boýunça Müdirliginiň arasyndaky hyzmatdaşlygyň derejesine ýokary baha berdiler hem-de Müdirligiň neşe serişdeleriniň bikanun dolandyrylmagyna garşy göreşmek boýunça milli, sebit we ählumumy maksatnamalaryny durmuşa geçirmek bilen bagly meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Şeýle hem Türkmenistan bilen BMG-niň Neşe serişdeleri we jenaýatçylyk boýunça Müdirliginiň arasynda hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem ösdürmek boýunça 2022-2025-nji ýyllar üçin Çäreleriň meýilnamasy (“Ýol kartasy”) bilen bagly meseleleriň toplumyna seredildi.
Bulardan başga-da Neşe serişdeleri we jenaýatçylyk boýunça Müdirliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary üçin maksatnamasynyň serhetara hyzmatdaşlygyny berkitmek boýunça başlangyjy ara alnyp maslahatlaşyldy.
Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ýokary netijeliligini belläp we türkmen gümrük gullugynyň gazananlaryna seredip, taraplar Türkmenistanyň dünýä ykdysadyýetine integrirlenmegi we täze halkara söwda öýlerini açmagy boýunça üstünlikli tagallalaryny goldadylar.
Pursatdan peýdalanyp, W.Hajiýew hanym Aşita Mittaly şu ýylyň 11-nji dekabrynda Aşgabatda geçiriljek “Dialog – parahatçylygyň kepili” atly Maslahata gatnaşmaga çagyrdy.