mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm

Türkmenistanda maýyl howa dowam eder

view-icon 1959
Türkmenistanda maýyl howa dowam eder

Şu hepdede güneşli, salkyn howa bolar. Gündizlerine howanyň ortaça temperaturasy +25 gradus töwereklerinde saklanar. Käbir sebitlerde az-owlak ýagyş ýagmagy mümkin.

Aşgabatda howa güneşli bolup, gündizlerine +16… + 22 gradus, gijelerine +9… +11 gradus salkyn bolar.

Ahal welaýatynda ýagynsyz, açyk howa bolup, gündizlerine +18… +23 gradus, gijelerine +9… +14 gradus salkyn bolar.

Balkan welaýatynyň käbir ýerlerinde ýagyş ýagar. Gündizlerine howa +18… + 23 gradus, gijelerine +10… +15 gradus salkyn bolar.

Mary welaýatynda güneşli howa bolup, gündizlerine howanyň temperaturasy +17… +22 gradus, gijeleriine +7… +12 gradus salkyn bolar.

Lebap welaýatynda bulutsyz, şemally howanyň bolmagyna garaşylýar. Gündizlerine +9-dan +21 gradus, gijelerine +7… +12 gradus salkyn bolar.

Daşoguz welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, gysga wagtlyk ýagyş ýagar. Howa gündizlerine +13… +18 gradus, gijelerine –1… +4 gradusdan + 10 gradusa çenli salkyn bolar.