Ï Türkmenistanyň Prezidenti Indoneziýa Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti Indoneziýa Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi

view-icon 2920

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Indoneziýa Respublikasynyň Prezidenti Joko Widodo Indoneziýanyň Ýawa adasynda bolup geçen, adam pidalaryna hem-de köp sanly şikes ýetmelerine getiren ýertitremesi zerarly gynanç hatyny iberdi.

Türkmenistanyň Prezidenti şu agyr pursatda gurban bolanlaryň maşgalalaryna, dogan-garyndaşlaryna we ýakynlaryna ýurdumyzyň halkynyň, Hökümetiniň adyndan, şeýle-de hut öz adyndan çuňňur gynanjyny, medet beriji sözlerini ýetirdi, ejir çekenlere bolsa tiz wagtda sagalmaklary baradaky dileglerini beýan etdi.