Ï Türkmenistanyň futbol çempionatynyň üçünji aýlawy tamamlandy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň futbol çempionatynyň üçünji aýlawy tamamlandy

view-icon 4441
Türkmenistanyň futbol çempionatynyň üçünji aýlawy tamamlandy

Türkmenistanyň ýokary ligadaky toparlaryň arasyndaky futbol boýunça çempionatynyň üçünji aýlawy 21-nji tapgyryň oýunlary bilen tamamlady.

Paýtagtymyzyň «Nusaý» stadionynda geçirilen bäsleşikde, «Ahal» topary «Aşgabat» toparyny 3:0 hasabynda utdy. «Türkmennebitönümleri» Baş müdirliginiň toparyndan Meýlis Diniýew (4-nji minut), Didar Durdyýew (63-nji) we Mirza Beknazarow (67-nji) ýaly futbolçylaryň her biri garşydaşlarynyň derwezesine bir gol salmak bilen tapawutlandylar.

Çempionatda «Ahal» toparynyň yz ýanyndan barýan Aşgabadyň «Altyn asyry» bu tapgyrda Balkanabadyň «Nebitçisine» myhman boldy. 29-njy minutda «Nebitçiniň» oýunçysy Arslan Ýollyýewiň iki sany sary kart zerarly oýundan çykaryldy. 30-njy minutda Türkmenistanyň häzirki çempionynyň kapitany Ahmet Ataýew jerime urgusy bilen hasaby açdy – 0:1.

Umuman, bu duşuşykda «Ahal» toparynyň, Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň beren habaryna görä, çempionatyň düzgünlerine laýyklykda, «Nebitçi» toparynyny 0:3 hasabynda tehniki taýdan ýeňendigi ykrar edildi.

Şeýlelikde, üçünji aýlawdan soň 57 utuk toplap, öňde barýan «Ahal» toparynyň ikinji orunda barýan «Altyn asyr» toparyndan 11 utuk aratapawudy bar.

Üçünji orny 33 utukly «Merw» topary eýeleýär. Ol 42-nji minutda Alibek Abdyrahmanowyň jerime urgusy netijesinde, Türkmenbaşynyň «Şagadamyndan» 1:0 hasabynda üstün çykdy. Mekan Aşyrowyň 2 sany sary kart alyp, oýundan çykarylmagy sebäpli, myhmanlar oýny azlykda tamamladylar.

Öz meýdançasynda Marynyň «Energetigini» 2:0 hasabynda ýeňen «Köpetdag» topary, «Merw» toparyndan 2 utuk yzda. Duşuşygyň ykbaly eýýäm oýnuň birinji ýarymynda, Ýazgylyç Gurbanow (8-nji minut) bilen Begenç Akmämedowyň (16-njy) her biriniň bir pökgini tora salmaklary bilen çözüldi.

Iň köp pökgi geçirenleriň arasynda, 3-si jerime urgusyndan bolmak bilen, 18 goly öz adyna ýazan Didar Durdyýew («Ahal») öňdeligi elde saklaýar. Begenç Akmämmedowyň («Köpetdag») hasabyna, 2-si jerime urgusyndan bolmak bilen, 16 top ýazylan. Üçünji orunda «Merw» toparyndan Alibek Abdyrahmanow. Ol 3-si jerime urgusyndan bolmak bilen, jemi 15 pökgi geçiripdir.

Futbol boýunça Türkmenistan çempionatynyň dördünji aýlawy 25-nji noýabrda «Merw» – «Köpetdag» toparlarynyň duşuşygy bilen başlap, 22-nji tapgyr «Energetik» – «Altyn asyr», «Nebitçi» – «Ahal» we «Aşgabat» – «Şagadam» toparlarynyň arasyndaky duşuşyklar bilen tamamlanar.