Ï Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogy: el işi sungatyny ösdürmekde tejribe alyşmak
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogy: el işi sungatyny ösdürmekde tejribe alyşmak

view-icon 4087
Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogy: el işi sungatyny ösdürmekde tejribe alyşmak

Şu gün Türkmenistanyň 2022-nji ýylda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogynda başlyklyk etmeginiň çäklerinde, noýabr aýynda geçirilmegi meýilleşdirilen çäreleriň tertibine hem-de dialogyň 2022-nji ýyl üçin iş meýilnamasyna laýyklykda, sanly ulgam arkaly Merkezi Aziýa ýurtlarynyň çeper elli zenanlarynyň halkara jemgyýetiniň ilkinji mejlisi geçirildi. Oňa Türkmenistanyň, Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň, Özbegistan Respublikasynyň, şeýle hem BMG-niň düzüm birlikleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Türkmen tarapyndan wekiliň belleýşi ýaly, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda türkmen jemgyýetiniň durmuşynda möhüm orny eýeleýän medeni mirasy gorap saklamak we ösdürmek boýunça giň gerimli işler amala aşyrylýar. Çykyşyň dowamynda el işi sungatynyň aýratynlyklary, zenanlara goýulýan hormat, olaryň hukuklaryny goramak, döwletiň syýasy, jemgyýetçilik we medeni durmuşyna işjeň gatnaşmagy, şeýle-de ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilen milli gymmatlyklar barada aýdyldy.

Merkezi Aziýa ýurtlarynyň çeper elli zenanlarynyň halkara jemgyýetiniň döredilmeginiň diňe bir medeni mirasy gorap saklamak, ony ýaş nesillere geçirmek boýunça bilelikdäki tagallalaryň başlangyjy bolman, eýsem, zenanlaryň telekeçiliginiň ösdürilmegine-de itergi berjekdigi nygtaldy. Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogynyň sanly ulgam arkaly çykyş eden wekilleri sebitiň zenanlarynyň arasynda tejribe alyşmak, el işi sungatyny we senetçiligi ösdürmek işinde bu jemgyýetiň döredilmeginiň ähmiýetini bellediler. Şeýle-de bu ugurda festiwallaryň, ýarmarkalaryň geçirilmeginiň maksadalaýyk boljakdygy baradaky teklipler beýan edildi.