Ï USAID türkmen ýaşlaryna sanly bilim kurslaryny hödürleýär
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

USAID türkmen ýaşlaryna sanly bilim kurslaryny hödürleýär

view-icon 4220
USAID türkmen ýaşlaryna sanly bilim kurslaryny hödürleýär

USAID-iň häzirki zaman hünärleri ösdürmek taslamasy sanly bilim ugrundan okuwlary geçirer.

Bu başlangyç «Sanly bilim» kompaniýasy bilen hyzmatdaşlykda «Tech Youth Bootcamp» maksatnamasynyň çäginde amala aşyrylýar.

18 – 25 ýaş aralygyndaky ýaşlar web-sahypalary döretmek, mobil programmalary işläp düzmek, grafiki we UI / UX dizaýny, IT ulgamlaryna tehniki hyzmat etmek we olary dolandyrmak ýaly ugurlary özleşdirip bilerler.

Kurslar 2022-nji ýylyň dekabryndan 2023-nji ýylyň iýun aýyna çenli dowam eder.

Gatnaşmak isleýänler şu ýylyň 3-nji dekabrynda 18:00-a çenli degişli hasaba alyş sowalnamasyny doldurmalydyr.

Okuwa gatnaşjaklar sowalnamalary gözden geçirmek we ýüzbe-ýüz söhbetdeşlikler esasynda saýlanyp alnarlar.