mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm

Owganystanyň Farýab welaýatynyň Garamgol etrabynyň Saglyk öýüniň durkunyň düýpli abatlanylmagy we ynsanperwer kömegi berilmegi bilen bagly geçirilen dabaraly çäre

view-icon 2449
Owganystanyň Farýab welaýatynyň Garamgol etrabynyň Saglyk öýüniň durkunyň düýpli abatlanylmagy we ynsanperwer kömegi berilmegi bilen bagly geçirilen dabaraly çäre

2022-nji ýylyň 26-njy noýabrynda Türkmenistanyň Owganystandaky (Mazary-Şarif ş.) Baş konsullygyň gurnamagynda Türkmenistanyň Hökümeti tarapyndan ynsanperwer kömegi hökmünde Farýab welaýatynyň Garamgol etrabynda gurulyp, 2009-njy ýylyň awgust aýynda ulanyşa berilen Saglyk öýüniň durkunyň Türkmenistan tarapyndan düýpli abatlanyp berilmegi hem-de ynsanperwer kömegi hökmünde medisina enjamlaryň we derman serişdeleriň owgan tarapyna gowşurylmagy bilen bagly dabaraly resmi çäre geçirildi.

Geçirilen dabaraly çärä, Owganystanyň Daşary işler ministrliginiň Balh welaýatyndaky wekilhanasynyň başlygy, Farýab welaýatynyň Garamgol, Gorgan, Andhoý we Hançarbag etraplarynyň häkimleri, saglygy goraýyş edaralarynyň ýolbaşçylary, ýaşaýjylary hem-de abraýly ýaşulylary gatnaşdylar.

Dabara gatnaşyjylar Türkmenistan tarapyndan köp ýyllaryň dowamynda Owganystanyň halkyna yzygiderli berilýän dürli ynsanperwer kömekleri üçin çäksiz hoşallyklaryny belläp, owgan halkynyň adyndan Türkmenistanyň Hormatly Prezidentine minnetdarlyklaryny bildirdiler.

Şeýle-de olar, hemişe edýän ynsanperwer we doganlyk kömekleri, Owganystanda syýasy durnuklylygyň getirilmeginde edýän tagallalary üçin Türkmenistanyň Gahrymany Hormatly Arkadagymyzyň we Arkadagly Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini aýdyp, olaryň döwlet bähbitli alyp barýan parasatly işlerinde uly üstünlikleri we janlarynyň sag bolmagyny dileg etdiler.

Soňra Saglyk öýünde dabara gelen myhmanlaryň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Gahrymany Hormatly Arkadagymyzyň we Arkadagly Serdarymyzyň baş saglygyna sadaka berildi.

Şeýle-de, ynsanperwerlik kömegi barada halk köpçüligine giňden ýaýratmak maksady bilen bu dabara Owganystanyň “Milli” teleýaýlymynyň, Owganystandaky türkmen diasporasynyň “Tolqun News” we beýleki ýerli köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň işjeň gatnaşmaklary gazanyldy.

Bulardan başga-da, dabaraly çäräniň dowamynda Garamgol etrap bilim bölüminiň başlygy Mahmut han Abdylla oglyna, etrabyň mekdeplerinde türkmen dili sapaklarynda gollanma hökmünde peýdalanmaklary maksady bilen 1-4-nji synplar üçin niýetlenen okuw kitaplary gowşuryldy.