mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm

Türkmenistanyň wekiliýeti Duşenbede geçirilen AHHG-nyň Müdiriýetiniň nobatdaky mejlisine gatnaşdy

view-icon 2476
Türkmenistanyň wekiliýeti Duşenbede geçirilen AHHG-nyň Müdiriýetiniň nobatdaky mejlisine gatnaşdy

2022-nji ýylyň 28-nji noýabrynda Duşenbe şäherinde Araly Halas etmegiň Halkara Gaznasynyň (AHHG) Müdiriýetiniň nobatdaky mejlisi geçirildi. Çärede Türkmenistanyň wekiliýetine Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary Annageldi Ýazmyradow ýolbaşçylyk etdi.

Mejlisiň işine AHHG-nyň Müdiriýetiniň agzalary – Gazagystan Respublikasynyň Ekologiýa, geologiýa we tebigy serişdeler ministri Brekeşow S.A., Özbegistan Respublikasynyň Premýer-ministriniň Orunbasary Ganiýew Ş.M., Täjigistan Respublikasynyň Premýer-ministriniň Orunbasary Ziýoda S.R., AHHG-ny esaslandyryjy-döwletleriň beýleki resmi adamlary, AHHG-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň agzalary, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Täjigistanda ýerleşýän Ilçihanalarynyň wekilleri, şeýle-de AHHG-nyň düzüm birlikleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Gyrgyz Respublikasynyň Täjigistan Respublikasyndaky Ilçihanasynyň wekilleri mejlise synçy hökmünde gatnaşdylar.

Mejlisiň çäklerinde sebit gün tertibiniň meseleleri, Täjigistanyň başlyklyk edýän döwründe AHHG-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň alyp barýan işleri, Aral deňziniň basseýninde ýerleşen ýurtlara kömek bermek boýunça Herketleriň Maksatnamasynyň (PBAM-4) taslamalarynyň durmuşa geçirilişiniiň depgini, AHHG-nyň guramaçylyk gurluşynyň hem-de kadalaşdyryjy-hukuk binýadynyň kämilleşdirilmegi boýunça Iş toparynyň geçiren işleriniň jemleri boýunça gazanylan netijeler we özara herketleriň beýleki derwaýys ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmen wekiliýetiniň ýolbaşçysy A.Ýazmyradow, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň parasatly ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň çäklerinde Aral deňziniň basseýninde durmuş-ykdysady we ekologik ýagdaýy gowulandyrmak, suwdan rejeli peýdalanmak, daşky gurşawy sagdynlaşdyrmak, howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak ýaly möhüm meseleleri çözmek boýunça netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga hemmetaraplaýyn ýardam berýändigini aýratyn nygtady.

Müdiriýetiniň mejlisiniň jemleri boýunça dürli ugurlardaky Çözgütler, şol sanda Amyderýa we Syrderýa derýalarynyň basseýnlerinde suw serişdeleriniň hasaba alynmagy we monitoringi boýunça häzirki zaman enjamyň gurnalmagy boýunça Çözgüt hem kabul edildi.