mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm

Kuraş boýunça Hindistanda geçýän dünýä çempionatynda türgenlerimiz ilkinji medaly gazandy

view-icon 2394
Kuraş boýunça Hindistanda geçýän dünýä çempionatynda türgenlerimiz ilkinji medaly gazandy

Kuraş boýunça Hindistanyň Puna şäherinde başlanan 13-nji dünýä çempionatynda Türkmenistanyň topary ilkinji bürünç medaly gazandy. Ony Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň 78 kilograma çenli agram toparynda çykyş edýän ikinji ýyl talyby Aziza Gurbanowa gazandy. Bu ýaryşda ildeşimiz Koreýa Respublikasynyň we Özbegistanyň wekillerinden asgyn geldi.

Hindistanda geçýän dünýä çempionaty 61 ýurtdan 178 türgeni bir ýere jemledi. Oňa Türkmenistandan 13 türgen (7 erkek we 6 zenan) gatnaşýar.

Ýygyndy toparymyzyň tälimçileri 60 kilograma çenli agram toparynda 2019-njy ýylda dünýä çempiony bolan Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň 5-nji ýyl talyby Şamuhammet Gurbanowa uly umyt baglaýarlar. Lebap welaýatyndan 25 ýaşly sport ussady 2017-nji ýylda Türkiýede geçirilen dünýä çempionatynda ikinji orny eýeledi. Iki ýyldan soň Koreýa Respublikasynda geçirilen dünýä çempionatynyň jemleýji tutlyşykda ol Özbegistanyň wekilinden galdy, ýöne soň aýan bolşuna görä, özbegistanly pälwan dopinge garşy düzgüni bozandygy sebäpli, ýaryşdan çykarylypdyr, netijede dünýä çempiony diýen at Şamuhammet Gurbanowa berildi.