Ï Ýurdumyzda gijelerine howa sowar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ýurdumyzda gijelerine howa sowar

view-icon 3373
Ýurdumyzda gijelerine howa sowar

Senenama laýyklykda gyşyň başlanmagy bilen ýurdumyzda aram salkyn howa bolar. Howanyň ortaça temperaturasy gündizlerine +18 gradus bolar. Hepdäniň dowamynda gijelerine howa sowar. Daşoguz welaýatynda gijelerine howanyň temperaturasy -7 gradusa ýeter diýlip çak edilýär. Mundan başga-da, käbir ýerlerde ýagyş ýagmagy mümkin.

Paýtagtymyz – Aşgabatda hepdäniň birinji ýarymynda güneşli howa bolar. Howanyň temperaturasy gündizlerine +14… +16, gijelerine +6… +8 gradus bolar. Penşenbede üýtgäp durýan bulutly howa bolar, ýagyş ýagmagy mümkin. Termometrleriň simap sütüni gündizlerine +4… +6 gradusa çenli aşak düşer. Gijelerine bolsa 0… –2 gradusa çenli sowar.

Ahal welaýatynda şemally howa bolup, howanyň temperaturasy gündizlerine +13… +18, gijelerine +4… +9 gradus bolar. Hepdäniň dowamynda howanyň temperaturasy +3… +8 gradusa çenli peseler. Howa gijelerine -2 gradusdan +3 gradus aralygynda bolar.

Balkan welaýatynda bulutly we ýagyşly howa bolup, howanyň temperaturasy gündizlerine +13… +18, gijelerine +7… +12 gradus bolar. Howa 1-nji dekabrdan +8 gradusa çenli peseler. Howanyň gijeki temperaturasy 0… +5 gradus bolar.

Mary welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, howanyň temperaturasy gündizlerine +12… +17, gijelerine +5… +10 gradus bolar. Penşenbe güni ýagyş ýagmagy mümkin. Howanyň gündizki temperaturasy +2… +7 gradus bolar we gijelerine -4… +1 gradusa çenli peseler.

Lebap welaýatynda bulutly howa bolup, ýylylyk derejesi gündizlerine +10… +15, gijelerine +5… +10 gradus bolar. Howanyň temperaturasy dynç günlerine golaý +1… +6 gradusa çenli peseler. Gijelerine howanyň temperaturasy noldan aşak düşüp, -1 ... -6 gradus bolar, käbir ýerlerde ýagyş ýagar.

Daşoguz welaýatynda bulutly we ýagyşly howa bolar. Howanyň temperaturasy gündizlerine +3… +8, gijelerine +6… +1 gradus bolar. Hepdäniň ortalarynda gündizki görkezijiler -3… +2 gradusa çenli pese düşer. Howa gijelerine -2...-7 gradusa çenli sowuk bolar.