Ï Italýan kompozitorlarynyň eserleri ýaňlandy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Italýan kompozitorlarynyň eserleri ýaňlandy

view-icon 4373
Italýan kompozitorlarynyň eserleri ýaňlandy
camera-icon
Alekseý Gimalitdinow

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda nusgawy italýan kompozitorlarynyň üçüsiniň eserlerinden düzülen konsert boldy. Halkara bäsleşikleriniň diplomanty Stella Faramazowanyň we Türkmenistanyň at gazanan artisti Wladimir Mkrtumowyň konsertmeýsterliginde bu konserti kamera ansambly kafedrasy gurady.

2022-nji ýyl eserleri dünýäniň saz gaznasyna giren nusgawy italýan kompozitorlarynyň ýubileý senelerine baýdyr. Dünýä halklary ajaýyp sonatalaryň awtory Juzeppe Tartininiň doglan gününiň 330 ýyllygyny we ilkinji bolup konsertlerde notasyz çykyş edip, häzirki zaman skripka tilsiminiň esasyny goýan Nikkolo Paganininiň doglan gününiň 240 ýyllygyny belleýär. Şeýle hem şu ýyl «Sewil dellegi», «Otello», «Külbike» we beýleki belli operalaryň awtory Joakkino Rossininiň doglan gününe 230 ýyl dolýar.

Konserwatoriýanyň uly zalynda ýerine ýetirilen ajaýyp eserler diňleýjilerde ýatdan çykmajak täsir galdyrdy.