Ï Çalt we blis-küşt boýunça Türkmenistanyň çempionlary mälim boldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Çalt we blis-küşt boýunça Türkmenistanyň çempionlary mälim boldy

view-icon 5349
Çalt we blis-küşt boýunça Türkmenistanyň çempionlary mälim boldy

Aşgabat şäherindäki Küşt we şaşka mekdebinde erkekleriň we zenanlaryň arasynda rapid hem-de blis-küşt boýunça Türkmenistanyň çempionaty geçirildi. Küşdüň şu görnüşleri (çalt we blis-küşt) boýunça resmi çempionatynyň ýurdumyzda ilkinji gezek geçirilýändigini bellemek gerek.

Her oýunça tutuş döwe 3 minut we her göçüme iki sekunt goşulýan blis-ýaryşda erkekleriň arasynda öňdelik ugrundaky oýun halkara ussady Ýusup (FIDE-niň blis-reýtingi: 2454) we grossmeýster Maksat (reýtingi: 2457) Atabaýewleriň arasynda boldy. Netijede Ýusup mümkin bolan 21 utukdan 20 utuk toplap, öňe saýlandy, Maksat ondan ýarym utuk az toplady. Ýusubyň 2641 reýting ýaryş derejesinde güýçli oýnandygyny aýtmak gerek. Üçünji orny 17,5 utuk bilen FIDE-niň ussady Azat Nurmämmedow (2282) eýeledi.

Blis boýunça ýaryşda zenanlaryň arasynda 19,5 utuk toplap, ýaryşyň gutarmagyna iki tapgyr galanda Jemal Öwezdurdyýewa (blis-reýtingi: 1961) ýeňiş gazandy. Lebap welýatyndan 16 ýaşly Läle Şöhradowa (1756) 16 utuk bilen 2-nji, aşgabatly Ogulsuraý Baýrambaýewa (1865) – 15 utuk toplap üçünji orny eýelediler.

Erkekleriň arasynda rapid boýunça ýaryşda esasy oýun Ýusup Baýramgeldiýew (FIDE-niň rapid-reýtigni: 2068) bilen Şahruh Töräýewiň (2217) arasynda boldy. Şahsy duşuşykda Şahruh Töräýewden utulsa-da, Ýusup çempionatyň ahyryna çenli öňdeligi saklamagyň hötdesinden geldi. Mümkin bolan 15 utukdan 12,5 utuk toplan Ýusup birinji orna mynasyp boldy. Şahruh Töräýew ondan ýarym utuk az toplady, 11,5 utuk toplan 16 ýaşly Amanmuhammet Hommadow üçünji orna düşdi.

Rapid boýunça zenanlaryň arasyndaky ýaryşda Läle Şöhradowa (FIDE-niň rapid-reýtingi: 1756) we Jemal Öwezdurdyýewwa (1961) birinjilik ugrunda bäsleşdiler. Bu gezek Läle öňe saýlandy. Ol mümkin bolan 15 utukdan 13,5 utuk toplap, ýaryşda 2549 reýting derejesinde güýçli oýnady. Mümkin bolan 15 utukdan 13 utuk toplan Jemal Öwezdurdyýewa (2007) ikinji, Mary welaýatyndan Merjen Ýalkanowa 11 utuk bilen üçünji orny eýelediler.

Ýaryşlara 50 erkek we 22 zenan gatnaşdy. Milli birinjiligiň ýeňijileri 2022-nji ýylyň 25-30-njy dekabrynda Almatyda (Gazagystan) geçiriljek rapid we blis-küşt boýunça dünýä çempionatynda Türkmenistana wekilçilik etmäge hukuk gazandylar.