Ï Döwlet Baştutanymyzyň adyna gelen hat
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Döwlet Baştutanymyzyň adyna gelen hat

view-icon 3188

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar Berdimuhamedowa

Siziň Alyhezretiňiz!

Awstriýa bilen Türkmenistanyň arasynda dostlukly gatnaşyklary ösdürmek we pugtalandyrmak maksady bilen, men jenap Tomas Şuller-Götzburgy Awstriýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine belledim.

Onuň ýokary şahsy häsiýetleri öz hormatly wezipesini ýerine ýetirende, Siziň Alyhezretiňiziň ynamyňyza we hormatyňyza mynasyp bolmaga çalyşjakdygyna ynanmaga mümkinçilik berýär. Şunuň bilen baglylykda, jenap Şuller-Götzburgy hoşniýetlilik bilen kabul etmegiňizi hem-de onuň meniň adymdan ýa-da Awstriýanyň Federal Hökümetiniň adyndan Size habar berjek ähli zatlaryna doly ynanmagyňyzy haýyş edýärin.

Pursatdan peýdalanyp, Siziň Alyhezretiňize abadançylyk we Türkmenistana gülläp ösüş baradaky iň gowy arzuwlarymy, şeýle-de Size belent hormat goýýandygym hem-de tüýs ýürekden dostluk baradaky ynandyrmalarymy beýan edýärin.

Aleksandr Wan der Bellen,

Awstriýa Respublikasynyň Federal Prezidenti.