Ï Türkmenistanyň mekdepleriniň uçurymlarynyň harby gulluga çagyryş möhletiniň yza süýşürilmegine hukugy bar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň mekdepleriniň uçurymlarynyň harby gulluga çagyryş möhletiniň yza süýşürilmegine hukugy bar

view-icon 8338
Türkmenistanyň mekdepleriniň uçurymlarynyň harby gulluga çagyryş möhletiniň yza süýşürilmegine hukugy bar

Ýurdumyzyň mekdepleriniň okuwy tamamlan ýylynda Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň giriş synaglaryna gatnaşmaga isleg bildiren uçurymlaryň harby gulluga çagyryş möhletiniň yza süýşürilmegine hukugy bar.

Bu barada «Harby borçlulyk we harby gulluk hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna goşmaça girizmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunynda aýdylýar.

Kanun «Raýatlary harby gulluga çagyryş möhletini yza süýşürmek» atly 19-njy maddasynyň birinji böleginiň 2-nji bendinden soň aşaky bendi goşulýar.

Bu bentde «umumybilim edaralaryny we ýörite bilim edaralaryny tamamlan ýylynda Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň giriş synaglaryna gatnaşmaga isleg bildirenlere» diýip, aýdylýar.

Kanun resmi taýdan çap edilen gününden herekete girizilýär.