Ï «Deňizçi» Türkmenistanyň futzal boýunça Superligasynda öňde barýar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

«Deňizçi» Türkmenistanyň futzal boýunça Superligasynda öňde barýar

view-icon 5057
«Deňizçi» Türkmenistanyň futzal boýunça Superligasynda öňde barýar

Ýurdumyzyň häzirki çempiony «Deňizçi» 23-nji tapgyrda «Köpetdagy» 4:2 hasabynda üstün çykyp, Türkmenistanyň futzal boýunça Superligasynda öňde barýar.

Duşuşyk milli çempionatyň soňky tapgyrynyň oýunlary geçýän Aşgabat olimpiýa şäherçesinde geçirildi.

«Köpetdag» bilen «Deňizçi» öň üç gezek duşuşdy. Ilkinji iki duşuşykda degişlilikde 3:3 we 0:0 hasabynda deňe-deňlik hasaba alyndy. Üçünji oýunda «Köpetdag» – 2:1 hasabynda ýeňiş gazandy.

Çempiyonlyga dalaş edýän bu toparlaryň dördünji oýny-da çekilişikde geçdi.

Ilkinji minutlardan «Köpetdag» köp hüjüm etdi. Wise-çempionyň okgunly hüjümine tap getiren «Denizçi» oýny deňleşdirdi, tiz wagtdan bolsa Abdylla Nursähedowyň uzak aralykdan amala aşyran takyk urgusy Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň toparynyň hüjüm hyjuwyny sowatdy. Ýakup Öwezowyň şägirtleri 1:0 hasabynda öňe saýlandy, az salymdan bolsa Kirill Çaryýewiň dürs uran ajaýyp urgusy hasaby 2:0 çykardy.

Arakesmä çykmazdan öň, «Köpetdag» Röwşen Orazmuhammedowyň tagallasy bilen bir öwez pökgüsini geçirdi.

Oýnuň ikinji ýarymy-da birinji ýaly geçdi. «Köpetdag» hem tijenip başlady, ýöne tiz wagtdan Maksat Soltanowyň takyk urgusyndan soň onuň derwezesine gol geçdi.

Duşuşygyň dowamynda iki pökgi utduran Ahmet Kerwenowyň şägirtleri aratapawudy – 2:3-e çenli azaltdylar. Oýnuň gutarmagyna 3 minut galanda, «Köpetdag» derwezebany bäşinji oýunçysy bilen çalyşdy. Emma bu wise-çempiona üstünlik getirmedi. Hüjümleriň birinde Maksat Soltanow pökgini saklap, ony garşydaşynyň goragsyz derwezesine gönükdirdi, şeýtmek bilen-de, iki goly öz adyna ýazyp, oýnuň nokadyny goýdy.

Bu ýeňişden soň Türkmenbaşynyň Halkara deňiz portunyň toparynyň 60 utugy boldy. «Köpetdagda» bolsa 3 utuk az. Ilkinji üçlügiň ahyrynda «TNGIZT»-ni 5:2 hasabynda utan 47 utuk bilen «Senagatbank» barýar. «Ahaldan» 9:1 hasabynda üstün çykan «Gümrükçi» üçünji ýerdäkiden iki utuk yzda.

23-nji tapgyryň ýene bir oýnunda Superligada ilkinji gezek çykyş edýän «Daşoguz» «Milli goşundan» 5:4 hasabynda üstün çykyp, 21 utuk bilen ýaryşda bäşinji hatarda saklandy.

Türkmenistanyň Futzal boýunça Superligasynyň 24-nji tapgyrynda «TNGIZT» – «Milli goşun», «Ahal» – «Senagatbank», «Daşoguz» – «Köpetdag» we «Deňizçi» – «Gümrükçi» oýnar.