Ï «Türkmenfilm» birleşigi Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 27 ýyllygy mynasybetli täze multfilmini görkezýär
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

«Türkmenfilm» birleşigi Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 27 ýyllygy mynasybetli täze multfilmini görkezýär

view-icon 9822
«Türkmenfilm» birleşigi Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 27 ýyllygy mynasybetli täze multfilmini görkezýär

Oguzhan adyndaky «Türkmenfilm» birleşigi Halkara Bitaraplyk güni we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 27 ýyllygy mynasybetli çagalar üçin täze 3D multfilmini taýýarlady.

4 ýaşdan uly çagalara niýetlenen bu multiplikasion film «Mämmetjanyň başdan geçirmeleriniň» dowamydyr. Onuň beýan edilişine görä, Mämmetjan ýiten bir pökgüni tapýar we onuň eýesini tapjak bolup, dürli ýagdaýa düşýär... Nähili ýagdaýa düşýänini bolsa özüňiz görersiňiz.

– Multfilm Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 27 ýyllygy mynasybetli çagalar üçin ajaýyp sowgat bolar hem-de olaryň göwünlerine ýarar diýen umytda – diýip, multiplikasion filmiň režissýory Röwşen Welmiýew aýdýar.

Multfilme hazirki günler hem Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň saýtynda tomaşa edip bilersiňiz:  Baýram bosagasynda bolsa ol multfilm milli telewideniýe boýunça görkeziler.