Ï Dünýä nusgawy sahna eserleriniň hepdeligi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Dünýä nusgawy sahna eserleriniň hepdeligi

view-icon 6467
Dünýä nusgawy sahna eserleriniň hepdeligi

Halkara Bitaraplyk gününiň bellenilmegi mynasybetli, Türkmenistanda «Hemişelik Bitaraplyk – parahatçylyk we dost-doganlyk joşguny» ady bilen dünýä nusgawy sahna eserleriniň hepdeligi açyldy.

6 – 12-nji dekabr aralygynda ýurdumyzyň teatrlarynda daşary ýurt dramaturgiýasynyň nusgawy pýessalary esasynda döredilen sahna oýunlar, şeýle hem türkmen edebiýatynyň eserleri boýunça goýlan teatr çykyşlary bolar.

Teatrlaryň bäsleşigini iňlis şahyry we drama ýazyjysy Wilýam Şekspiriň nusgawy eserine esaslanan «Romeo we Julýetto» oýny açdy.

7-nji dekabrda sagat 19:00-da Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş akademiki drama teatrynyň sahnasynda Şekspiriň ähli döwürlerde haýrana goýýan iň mähirli eseriniň ýene bir tomaşasy bolar.

9-njy dekabrda sagat 19:00-da Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş akademiki drama teatrynyň aktýorlary rus ýazyjysy we dramaturgy Anton Pawlowiç Çehowyň adybir pýesasy boýunça goýlan gülküli «Aýy» oýnuny ýerine ýetirerler.

8-nji dekabrda sagat 19:00-da Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatry sizi meşhur rus drama ýazyjysy Aleksandr Ostrowskiniň pýesasy esasynda döredilen «Balzaminowyň öýlenişi» atly gülküli oýna tomaşa etmäge çagyrýar.

9-njy dekabrda sagat 19:00-da tomaşaçylara azerbaýjanly kompozitor we drama ýazyjysy Üzeýir Hajybegowyň adybir operettasy boýunça döredilen “Arşyn mal alan” aýdym-sazly, gülküli oýny hödürlener.

10-njy dekabrda sagat 19:00-da özbek ýazyjysy Şaraf Başbekowyň ssenarisi esasynda «Demir aýal» oýny görkeziler.

A.S. Puşkin adyndaky döwlet rus drama teatrynda Ýewropanyň meşhur ýazyjylarynyň eserlerine esaslanan teatr çykyşlary geçiriler.

9-njy dekabrda sagat 12:00-da şwesiýaly ýazyjy Astrid Lindgreniň adybir ertekisine esaslanyp döredilen «Körpe we Karlson» görkeziler.

Şol agşam uly ýaşly tomaşaçylar üçin «Ugurtapyjy magşuk» atly mekirlik bilen bulaşdyrylan ýordumly, tükeniksiz hokgabazlyk, ýalandyr paş etmelerden doly baýramçylyk oýny hödürlener. Ýordumyň esasy – ispan ýazyjysy Lope de Weganyň pýesasy.

9-njy dekabrda, sagat 19:00-da Türkmenistanyň Alp Arslan adyndaky milli drama teatry gyrgyz ýazyjysy Çingiz Aýtmatowyň adybir eseri esasynda «Ak gämi» oýnuny görkezer.

12-nji dekabrda sagat 19:00-da fransuz drama ýazyjysy Klod Manýeniň pýesasy esasynda sahnalaşdyrylan «Oskar» oýnunyň ilkinji görkezilişi bolar:

Dünýä nusgawy sahna eserleriniň hepdeligini Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi tarapyndan gurnaldy.