Ï Täze rus filmleri paýtagtymyzyň kinoteatrlarynda görkeziler
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Täze rus filmleri paýtagtymyzyň kinoteatrlarynda görkeziler

view-icon 11202
Täze rus filmleri paýtagtymyzyň kinoteatrlarynda görkeziler

12-nji dekabrda «Aşgabat» kinoteatrynda rus filmleriniň we animasiýasynyň Hepdeliginiň dabaraly açylyşy bolar.

Bäş günüň dowamynda aşgabatlylara we paýtagtymyzyň myhmanlaryna Russiýada öndürilen birnäçe filmler, şol sanda täze we multiplikasion filmler görkeziler.

Çagalar we ýetginjekler Soltanyň ajaýyp atyna – Gündogar ýyldyzyna aşyk bolan Ýuliý atly söweş aty barada gürrüň berýän «Ýuliý atly at we uly çapyşyklar» atly multfilmi gürrüňsiz halarlar.

Şeýle hem ýaş tomaşaçylara hyýaly žanrynda döredilen «Küýküje taýçanak» filmi görkeziler. Ol meşhur ertekiniň ýordumyna täzeçe garalyp, häzirki zaman tehnologiýalaryny we kompýuter grafikalaryny ulanmak bilen, täzeden surata düşürilipdir.

Biraz uly ýaşly tomaşaçylar «Ak gar» çeper filmine tomaşa etmäge çagyrylýar. Režissýor Nikolaý Homerikiň sport durmuşy barada alan bu filmi hakyky wakalara esaslanýar. Onda rus lyžaçy gyz – magadanly maşgaladan çykan, 20-nji asyryň iň gowy lyžaçysy bolup ýetişen Ýelena Wýalbeniň durmuşy barada gürrüň berilýär.

Filmleriň görkezilişiniň wagty we ýeri Hepdeligiň maksatnamasynda görkezilýär.

Görkeziljek filmleriň ählisine giriş mugt. «Berkarar» kinoteatrynda görkezilişe çakylyklar 9-njy dekabrdan başlap kassada berler.

Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy we ýurdumyzyň Medeniýet ministrligi tarapyndan guralan rus filmleriniň we animasiýasynyň Hepdeligi 16-njy dekabra çenli dowam eder.