Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça paýtagtymyzdaky “Ýyldyz” myhmanhanasynda Halkara Bitaraplyk güni we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesine eýe bolmagynyň 27 ýyllygy mynasybetli “Dialog — parahatçylygyň kepili” atly halkara maslahat geçirildi.
1995-nji ýylyň 12-nji dekabry biziň halkymyz üçin diňe bir ähmiýetli sene bolman, eýsem, ol, hakykatdan-da, ykbal çözüji pursada öwrüldi we Garaşsyz Türkmenistanyň täze taryhynyň okgunly ösüşiniň ýol görkezijisine öwrüldi. Şeýlelikde, ýurdumyz BMG tarapyndan resmi taýdan ykrar edilen ilkinji Bitarap döwlet boldy. Häzirki döwürde hemişelik Bitaraplyk derejesinden gelip çykýan ýörelgeleriň baş maksady ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy pugtalandyrmakdan, ähli gyzyklanma bildirýän ýurtlar we hyzmatdaşlar bilen hoşniýetli erke daýanýan dost-doganlyk gatnaşyklaryny giňeltmekden, dünýäde durnukly ösüşi üpjün etmekden ybarat bolup durýar. Bu ýörelge Garaşsyz Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatynyň özenini düzýär. BMG-niň Baş Assambleýasynyň 12-nji dekabry “Halkara Bitaraplyk güni” diýip yglan etmegi, birnäçe Kararnamalary kabul etmegi, şol sanda “Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy”, “Halkara parahatçylygy, howpsuzlygy saklamakda we pugtalandyrmakda hem-de durnukly ösüş işinde bitaraplyk syýasatynyň orny”, şeýle hem Türkmenistanyň başlangyjy boýunça “Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň orny” atly Kararnamalaryň kabul edilmegi ýurdumyzyň Bitaraplyk syýasatynyň giň goldawa eýe bolýandygyny görkezýär. Ýurdumyzyň döwrüň talaplaryndan ugur alýan köp sanly başlangyçlary, ählumumy gün tertibiniň möhüm meseleleri, ynanyşmak, birek-birege hormat goýmak diplomatiýasyny işjeňleşdirmek boýunça öňe sürýän teklipleri köptaraply gatnaşyklary parahatçylykly we diplomatik ýol bilen ösdürmek boýunça umumy tagallalara goşýan ägirt uly goşandydyr.
BMG-niň Baş Assambleýasynyň şu ýylyň 6-njy dekabrynda geçirilen 77-nji sessiýasynyň 45-nji plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy boýunça “2023-nji ýyl — Parahatçylygyň kepili hökmünde dialogyň halkara ýyly” atly ýene bir Kararnama kabul edildi. Bu çözgüde gurama agza ýurtlaryň 68-si awtordaş bolup çykyş etdi. “Dialog — parahatçylygyň kepili” atly ählumumy başlangyç dünýä halklarynyň parahatçylyk we birek-birege ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan däp-dessurlaryny berkitmekde, milli gymmatlyklary we oňyn garaýyşlary ösdürmekde halkara bileleşigiň tagallalarynyň utgaşdyrylmagyna gönükdirilendir. Mälim bolşy ýaly, bu başlangyç 2021-nji ýylyň dekabrynda Aşgabatda geçirilen “Parahatçylyk we ynanyşmak syýasaty — halkara howpsuzlygyň, durnuklylygyň we ösüşiň binýady” atly halkara maslahatda öňe sürüldi hem-de oňa gatnaşyjylar tarapyndan biragyzdan goldanyldy. Bu maslahatyň jemleýji resminamasy BMG-niň Baş Assambleýasynyň 76-njy mejlisiniň resminamasy hökmünde ýaýradyldy. Munuň özi tötänden däl, çünki halkara gatnaşyklaryň täze ýörelgesi hökmünde ykrar edilen bu başlangyç BMG-niň Baş sekretarynyň parahatçylygy berkitmek üçin Täze gün tertibini esaslandyrmak hakyndaky başlangyjy bilen utgaşyklydyr. Ol ählumumy wehimleriň peseldilmegini, gapma-garşylyklaryň öňüniň alynmagyny we parahatçylyga maýa goýumlaryň gönükdirilmegini, şeýle hem sebitleýin derejedäki öňüni alyş çärelerine goldaw berilmegini öz içine alýar.
“Dialog — parahatçylygyň kepili” atly maslahatyň geçirilmegi dünýä bileleşiginiň işjeň agzasy bolan Türkmenistanyň diňe bir ähli ýurtlaryň we halklaryň bähbitlerine laýyk gelýän giň halkara hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine gönükdirilen ähmiýetli başlangyçlary öňe sürmek bilen çäklenmän, eýsem, olaryň iş ýüzünde durmuşa geçirilmegi ugrunda anyk çäreleri amala aşyrýandygyny-da görkezýär. Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli Kararyna laýyklykda, ýurdumyzyň Daşary işler ministrliginiň BMG-niň düzümleri bilen bilelikde guramagynda geçirilen bu maslahata abraýly halkara we sebitara guramalaryň, Birleşen Milletler Guramasyna agza ýurtlaryň döwlet edaralarynyň ýolbaşçylarydyr wekilleri, görnükli jemgyýetçilik we syýasy işgärler, halkara bilermenler çagyryldy.
Ýokary derejede geçirilen umumy mejlise Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, Milli Geňeşiň agzalary, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň diplomatlary — Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik missiýalarynyň hem-de daşary döwletleriň ýurdumyzda işleýän diplomatik wekilhanalarynyň, abraýly halkara guramalaryň, şol sanda BMG-niň we onuň ýöriteleşdirilen düzümleriniň ýolbaşçylary we wekilleri, jemgyýetçilik guramalarynyň hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Foruma çagyrylan hormatly myhmanlaryň hatarynda şanly senäniň öňüsyrasynda paýtagtymyzda geçirilen halkara we sebitara çärelere, şol sanda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogynyň mejlisine gatnaşyjylar hem bar. Maslahatyň ýokary derejesi, oňa gatnaşýanlaryň wekilçilikli düzümi häzirki döwürde sazlaşykly ösüş ýoluna düşen Türkmenistana dünýä ýurtlarynyň uly gyzyklanma bildirýändigini, ýurdumyzyň Bitaraplyk derejesine halkara bileleşik tarapyndan howpsuzlygy, durnuklylygy we ählumumy ösüşi üpjün etmegiň möhüm şerti hökmünde ýokary baha berilýändigini görkezdi.
Halkara maslahatyň başynda BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterrişiň foruma gatnaşyjylara iberen gutlagy uly üns bilen diňlenildi, ony BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko okady. Iri we iň abraýly halkara guramanyň ýolbaşçysynyň öz gutlagynda belleýşi ýaly, 2017-nji ýylda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy parahatçylygy saklamak bilen durnukly ösüşi ilerletmegiň arasynda baglanyşygyň bardygyny belläp, 12-nji dekabry «Halkara Bitaraplyk güni» diýip yglan etdi. Şunuň bilen baglylykda, Bitaraplyk ýörelgeleriniň ýurtlaryň arasynda parahatçylykly, dostlukly we özara bähbitli gatnaşyklar üçin möhüm ähmiýetiniň bardygy bellenildi. Gutlagda Birleşen Milletler Guramasy we BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezi bilen hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürýändigi üçin Türkmenistanyň Hökümetine we halkyna tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Antoniu Guterriş geljek ýyllarda hem däp bolan hyzmatdaşlygyň üstünlikli dowam etdiriljekdigine, parahatçylygy, adamlaryň hukugyny pugtalandyrmak babatda bilelikdäki işleriň yzygiderli alnyp baryljakdygyna ynam bildirýär.
Soňra foruma gatnaşýanlara söz berildi. Olar bu gezekki maslahata we Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 27 ýyllygy mynasybetli guralýan çärelere gatnaşmaga çakylyk üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler hem-de pursatdan peýdalanyp, tutuş türkmen halkyny giň gerimli baýramçylyk bilen gutladylar. Çykyşlarda we halkara guramalaryň, BMG-niň düzümleriniň ýolbaşçylarynyň maslahata iberen wideoýüzlenmelerinde Türkmenistan bilen Birleşen Milletler Guramasynyň arasynda ýola goýlan hyzmatdaşlygyň netijeli hem-de köptaraply häsiýete eýedigi nygtaldy. Bellenilişi ýaly, Türkmenistan häzirki zamanyň möhüm meseleleri boýunça halkara hyzmatdaşlygy ýola goýmakda ygtybarly merkez bolup durýar. Häzirki döwürde BMG-niň iri agentlikleri bilen soňky ýyllarda ýola goýlan hyzmatdaşlygyň netijesinde, bilelikdäki iş boýunça oňyn tejribe toplandy. Şeýle hyzmatdaşlyklar howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmek, demokratik institutlaryň işini ösdürmek, daşky gurşawy goramak we gender syýasaty ýaly döwrüň wajyp ugurlaryny öz içine alýar. Dünýäniň syýasy, ykdysady, hukuk giňişligine çuňňur hem-de netijeli aralaşmak bilen, ýurdumyz BMG-niň wajyp düzümlerine we ykdysady institutlaryna wekilçilikli derejede gatnaşmak arkaly öz işini has-da netijeli esasda ösdürýär.
Ýurdumyzyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň sessiýalarynyň, şol sanda şu gezekki 77-nji sessiýasynyň hem başlygynyň orunbasarlygyna birnäçe gezek saýlanmagy we onuň BMG-niň yglan eden Durnukly ösüş maksatlarynyň üstünlikli amala aşyrylmagyna goşýan goşandy Türkmenistanyň halkara derejede belent abraýa eýe bolmagyny şertlendirdi. Ählumumy bähbitlere laýyklykda, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk we işjeň halkara hyzmatdaşlyk syýasatyny yzygiderli alyp barýan döwletimiz gyzyklanma bildirilýän halkara gatnaşyklaryň ugurlaryny artdyrýar we häzirki zamanyň möhüm meseleleriniň oňyn çözgüdini işläp taýýarlamaga işjeň gatnaşýar. Türkmenistanyň başlangyjy bilen 2020-nji ýylda parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň bähbidine Bitaraplygyň dostlary topary döredildi. Ol BMG-ä agza döwletlere halkara hyzmatdaşlygyň dürli meseleleri boýunça tejribe hem-de pikir alyşmaga mümkinçilik berýär.
Forumyň dowamynda BMG-niň Baş sekretarynyň Merkezi Aziýa boýunça Ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy Natalýa German Birleşen Milletler Guramasy bilen ýola goýlan köpýyllyk hyzmatdaşlyk we Türkmenistanyň başlangyjy boýunça BMG-niň Baş Assambleýasynyň yglan eden Halkara Bitaraplyk gününiň öňüsyrasynda şeýle duşuşygy geçirmäge edilen teklip üçin hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa we ýurdumyzyň Hökümetine hoşallyk bildirdi. Bellenilişi ýaly, şeýle gysga döwürde Türkmenistanyň Bitaraplyk we parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasat strategiýasy netijesinde belent sepgitlere ýetildi. Bu bolsa döwletiň parahatçylyk söýüjilikli syýasatyny alyp barmaga, durnukly ösüşi, howpsuzlygy we halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge mümkinçilik berdi.
Aşgabatda BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň işine yzygiderli goldaw berilýändigi, zerur şertleriň döredilýändigi üçin hoşallyk bildirip, Natalýa German Türkmenistanyň gapma-garşylyklary aradan aýyrmak, ählumumy Gün tertibini ilerletmek, ösüşi hem-de howpsuzlygy üpjün etmek boýunça tagallalara goldaw bermek babatda ygtybarly we netijeli hyzmatdaş bolup durýandygyna ünsi çekdi. Pursatdan peýdalanyp, diplomat Türkmenistanyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň sebit merkeziniň orny hakynda Kararnamany kabul etmek baradaky başlangyjy öňe sürendigi üçin biziň ýurdumyza hoşallyk bildirdi hem-de bu başlangyjy goldandyklary üçin Merkezi Aziýanyň ähli döwletlerine sagbolsun aýtdy. Çykyşynyň ahyrynda bu gezekki maslahatyň BMG-ä agza döwletleriň ählisiniň gapma-garşylyklary parahatçylykly ýol bilen gepleşikler arkaly çözmäge ygrarlydygyny tassyklaýan çäre hökmünde ykrar edilendigini belläp, Natalýa German hemmelere üstünlikleri, Merkezi Aziýada we onuň çäkleriniň daşynda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň hem-de ösdürmegiň bähbidine ýaýbaňlandyrylan gatnaşyklary pugtalandyrmaga gönükdirilen maslahatda öňe sürlen teklipleriň peýdalanmagyny arzuw etdi.
Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň halkara gatnaşyklary berkitmekde möhüm orun eýeleýändigini nygtap, daşary ýurtlaryň wekilleri, halkara guramalaryň ýolbaşçylary onlaýn we beýleki görnüşlerde çykyş etdiler.
Türki Döwletleriň Guramasynyň Baş sekretary Kubanyçbek Ömüraliýew mähirli kabul edilendigi we myhmansöýerlik üçin hoşallyk bildirip, bu maslahatyň halklaryň parahatçylykly ösüşini pugtalandyrmak, däp-dessurlary gorap saklamak, halkara syýasatda medeni hem-de ynanyşmak ýörelgelerini işjeňleşdirmek babatda tagallalaryň utgaşdyrylmagynda möhüm ähmiýetiniň bolandygyny nygtady. Türkmen halkynyň beýik akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň aýdyşy ýaly, gapma-garşylyklar weýrançylyga getirýär. Munuň özi halklaryň agzybirliginiň berkidilmegine, ählumumy parahatçylygyň üpjün edilmegine gönükdirilen çagyryş bolup ýaňlanýar.
Häzirki döwrüň wehimlerine köptaraply gatnaşyklar arkaly garşy durmak zerur bolup durýar. Munuň özi halkara parahatçylygyň we howpsuzlygyň üpjün edilmeginiň baş şertidir diýip, Türki Döwletleriň Guramasynyň ýolbaşçysy aýtdy. Bellenilişi ýaly, Türki Döwletleriň Guramasynyň döredilmegi umumy dili, taryhy, medeniýeti we däp-dessurlary bolan doganlyk halklaryň taryhy baglanyşygynyň netijesidir. Guramanyň agzalary sebitde parahatçylygyň, howpsuzlygyň üpjün edilmegine, onuň halklarynyň arabaglanyşygyna mynasyp goşant goşmaga çalyşýarlar. Bu hyzmatdaşlyk Ýewraziýa giňişliginde parahatçylygyň, howpsuzlygyň berkidilmeginde möhüm orun eýeleýär. Türkmenistanyň Prezidentiniň halkara parahatçylygy berkitmek, hyzmatdaşlygyň ynanyşmak medeniýetini kemala getirmek boýunça halkara bileleşigiň tagallalarynyň utgaşdyrylmagyna gönükdirilen başlangyçlaryna ýokary baha berip, Kubanyçbek Ömüraliýew Türkmenistanyň durnukly ösüşi we howpsuzlygy üpjün etmek boýunça tagallalara täze itergi bermekde möhüm orun eýeleýändigini, onuň parahatçylyk döredijilikli ählumumy merkez hökmündäki mümkinçilikleriniň ykrar edilýändigini aýratyn nygtady.
Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary hanym Helga Mariýa Şmid Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli geçirilýän maslahata öz çykyşyny iberdi. Ony ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkeziniň ýolbaşçysy Jon MakGregor okady. “Şeýle çäreler ähmiýetli bolmak bilen, parahatçylygy berkitmäge, bu ugurda hyzmatdaşlyk üçin mümkinçilikleri kesgitlemäge oňyn şerti üpjün edýär. Gatnaşyklar çylşyrymly döwürde parahatçylygy goramak babatda oňyn meýdança bolup durýar. Munuň özi uruşlaryň we gapma-garşylyklaryň öňüni almagyň netijeli guralydyr” diýlip, çykyşda aýdylýar.
Pursatdan peýdalanyp, ÝHHG-niň ýolbaşçysy netijeli hyzmatdaşlyk we onuň soňky 30 ýylyň dowamynda üstünlikli ösdürilýändigi hem-de Türkmenistanyň halkara giňişlikde işjeňligini barha artdyrýandygy üçin ýurdumyzyň Hökümetine hoşallyk bildirdi. BMG-niň Türkmenistanyň başlangyjy boýunça kabul eden Jarnamalary we Kararnamalary Merkezi Aziýa ýurtlaryny parahatçylygyň, ynanyşmagyň we hyzmatdaşlygyň giňişliginde birleşdirýär. Şunuň bilen baglylykda, hanym Helga Mariýa Şmid türkmen tarapynyň başlangyjy boýunça BMG-niň Baş Assambleýasynyň 2023-nji ýyly “Parahatçylygyň kepili hökmünde dialogyň halkara ýyly” diýip yglan etmegi bilen foruma gatnaşyjylary gutlady.
Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary Çžan Min hem maslahata gatnaşyjylara wideoaragatnaşyk arkaly ýüzlendi. Bu maslahatyň guramaçylyk derejesi we oňa gatnaşmaga çakylyk üçin Türkmenistanyň Hökümetine hem-de BMG-niň biziň ýurdumyzdaky hemişelik wekilhanasyna hoşallyk bildirip, ŞHG-niň ýolbaşçysy dünýäde häzirki döwürde syýasy ýagdaýlaryň düýpli özgerýän şertlerinde we halkara syýasatyň, ykdysadyýetiň hem-de howpsuzlygyň berkidilmeginiň zerur pursatlarynda bu çäräniň geçirilmeginiň ägirt uly ähmiýetiniň bardygyny nygtady.
1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda BMG-niň Baş Assambleýasy “Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy hakynda” Kararnamany kabul etdi. Döwletiň Bitaraplyk syýasatynyň sebitde we tutuş dünýäde parahatçylygyň, howpsuzlygyň berkidilmegini şertlendirýändigi, şeýle hem dünýä ýurtlary bilen dostlukly we özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmekde möhüm orun eýeleýändigi bellenildi. Bu syýasat ŞHG-ä agza ýurtlaryň sebiti parahat, bilelikdäki ösüş ýoluna düşen we gülläp ösýän sebite öwürmek baradaky gyzyklanmalary bilen doly laýyk gelýär. Köp ýyllaryň dowamynda bu gurama dürli ugurlarda birek-birege ynanyşmak we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny berkitmek arkaly, özara bähbitli hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi ugrunda zerur tagallalary edýär. Munuň özi halkara tertibi berkitmekde, sebitiň ýurtlarynyň howpsuzlygyny we durnukly ösüşini üpjün etmekde aýratyn ähmiýetlidir. Ählumumy bähbitleriň hatyrasyna ýola goýlan gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdürilmegine goşant goşmaga taýýardygyny nygtap, Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary Çžan Min maslahatyň üstünliklere beslenjekdigine ynam bildirdi we oňa gatnaşyjylara üstünlik arzuw etdi.
Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary Husraw Noziri özüniň wideoýüzlenmesinde maslahatda gozgalan meseleleriň örän ähmiýetlidigini we zerurdygyny nygtady hem-de parahatçylyk, özara gatnaşyklar bolmasa ösüşiň bolmajakdygyny belledi. Bu ählumumy maksada ýetmekde edilýän tagallalar üçin ýurdumyzyň Hökümetine we hut hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistandaky edarasyna hoşallyk bildirip, YHG-nyň ýolbaşçysy parahatçylygy we ynanyşmagy üpjün etmek maksady bilen, halkara bileleşigiň tagallalarynyň birleşdirilmeginiň häzirki döwrüň möhüm talabydygyny we ösüşiň baş şertidigini nygtady. Bellenilişi ýaly, Türkmenistan guramanyň işine yzygiderli gatnaşýar we ählumumy parahatçylygy hem-de ynanyşmagy ilerletmek üçin zerur şertleriň döredilmeginde möhüm orun eýeleýär.
Biz, gapma-garşylyklaryň öňüni almak, durnukly ösüşi üpjün etmek, adam hukuklaryny goramak, şeýle hem parahatçylygyň we gatnaşyklaryň medeniýetini ýokarlandyrmak boýunça edilýän tagallalara yzygiderli goldaw berýäris diýip, Husraw Noziri belledi hem-de bu maslahata gatnaşmaga iberilen çakylyk üçin ýene bir gezek hoşallyk bildirdi.
Forumyň dowamynda edilen köp sanly çykyşlar Türkmenistanyň şu ýyllaryň dowamynda baý tejribe toplandygynyň tassyklanmasy boldy. Ýurdumyz oňyn Bitaraplyk derejesiniň häzirki zamanyň ýagdaýyna we türkmen halkynyň köpasyrlyk tejribesine esaslanýan ajaýyp guralynyň mümkinçiliklerini durmuşa geçirmegi başardy. Ol tutuş dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan uly üns berilýän syýasata öwrüldi.
Plenar mejlis tamamlanandan soň, günüň ikinji ýarymynda, “Dialog — parahatçylygyň kepili” atly halkara maslahat mowzuklaýyn mejlisleriň üçüsiniň çäklerinde dowam etdi. Olar hem garyşyk görnüşde geçirildi. Mejlisleriň birinjisi “Dialog — öňüni alyş işiniň we gapma-garşylyklary aradan aýyrmagyň guraly” diýen at bilen geçirildi. Onuň dowamynda milli gymmatlyklary dikeltmegiň ýollary, parahatçylykly garaýyşlar we däp-dessurlary saklamak, dünýäniň medeniýet ulgamynyň ählumumy Jarnamasynda beýan edilen ugurlar bilen baglanyşykly meseleler boýunça gyzyklanma bildirilýän pikir alyşmalar boldy. Ikinji mowzuklaýyn mejlis “Dialog arkaly azyk we ekologiýa howpsuzlygyny pugtalandyrmak” ady bilen geçirildi. Ol azyk howpsuzlygynyň özara arabaglanyşygy, howanyň üýtgemegi, durnukly ösüş, ýurtlaryň uýgunlaşmak ukybyny ýokarlandyrmak we howanyň üýtgemeginiň täsirine garşy durmak ýaly ugurlary öz içine aldy. “Maglumat giňişliginde köptaraply hyzmatdaşlyk we milletara gatnaşyklary ýola goýmakda maglumat ulgamynyň orny” ady bilen geçirilen üçünji mejlisiň dowamynda medeni gatnaşyklaryň we parahatçylygyň üpjün edilmegine ýardam bermek bilen baglanyşykly çärelere degişli meseleler boýunça pikir alşyldy. Bu gepleşikler döredijiligiň we ösüşiň berkidilmegine gönükdirilendir.
Ýörite mejlisleriň işleriniň netijeleri boýunça Jemleýji resminama kabul edildi.
Maslahat tamamlanandan soňra, oňa gatnaşyjylaryň pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň wekilleri bilen duşuşyklary geçirildi.