Ï Türkmenistan Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde parahatçylyk döredijilikli başlangyçlary öňe sürýär
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistan Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde parahatçylyk döredijilikli başlangyçlary öňe sürýär

view-icon 5073

Ählumumy parahatçylygyň, ösüşiň we abadançylygyň bähbidine strategik hyzmatdaşlyk hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň alyp barýan oňyn Bitaraplyk, giň halkara hyzmatdaşlyk syýasatynyň esasy ýörelgesidir. Bitarap ýurdumyz häzirki döwrüň ruhuna we meýillerine laýyk gelýän halkara hyzmatdaşlygyň täze görnüşleriniň döredilmegine öz saldamly goşandyny goşýar.

Munuň şeýledigini geçen hepdäniň wakalary aýdyňlygy bilen görkezdi. Halkara Bitaraplyk gününiň hem-de Türkmenistanyň Bitaraplyk hukuk derejesine eýe bolmagynyň 27 ýyllygynyň öňüsyrasynda ýurdumyzda işewürlik duşuşyklary, iri forumlar we beýleki köp sanly möhüm çäreler geçirildi. Geçen hepdäniň wakalarynda depginli ösýän, syýasy taýdan durnukly döwletimiziň gazanan üstünlikleri öz beýanyny tapdy.

5-nji dekabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň sebitlerinde dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleri bilen bagly meselelere garaldy.

Döwlet Baştutanymyz oba hojalyk pudagynyň öňünde durýan meselelere ünsi çekip, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýokary hilli we agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda geçirilmeginiň möhümdigini belledi.

Bulardan başga-da, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow şu ýyl ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen durmuş we önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşyny berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli dabaralary guramak we baýramçylyk günlerinde sebitleriň bazarlarynda we dükanlarynda azyk bolçulygyny üpjün etmek babatda hem birnäçe tabşyryklary berdi.

Şeýle hem şol gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmen-amerikan işewürler geňeşiniň ýerine ýetiriji direktory Erik Stýuarty, “Nicklaus Companies” kompaniýasynyň baş direktory Jon Rizi, «UGT Renewables» kompaniýasynyň esaslandyryjysy we başlygy Goran Raýsiçi hem-de «Climate Compass» kompaniýasynyň baş direktory Kewin Jeýmsi kabul etdi.

Döwlet Baştutanymyz hem-de nobatdaky türkmen-amerikan işewürler forumyna gatnaşmak maksady bilen ýurdumyza gelen myhmanlar söwda, maýa goýum we işewür gatnaşyklary işjeňleşdirmek ýaly ugurlara ünsi çekip, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan meseleleri boýunça pikir alyşdylar. “Ýaşyl” energetika hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlarynyň biri hökmünde bellenildi.

Amerikan işewürleri ABŞ-nyň işewür toparlarynyň geljegi uly türkmen bazarynda öz orunlaryny pugtalandyrmagy hem-de täze bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmäge gatnaşmagy maksat edinýändiklerini tassykladylar.

Şeýle hem şol gün Söwda-senagat edarasynda geçirilen türkmen-amerikan işewürlik maslahatynda ykdysadyýet ulgamyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Senagat ulgamy, oba hojalygy, milli obasenagat we suw hojalygy üçin tehnikalary ibermek, söwda-maýa goýum işleri hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda görkezildi. Bulardan başga-da, ýangyç-energetika toplumyny, ulag we aragatnaşyk, gurluşyk, innowasion tehnologiýalar, saglygy goraýyş, ekologiýa ulgamlaryny we beýlekileri ösdürmegiň hem uly geljeginiň bardygy bellenildi.

Şeýle hem forumyň çäklerinde ýurdumyzyň ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň we hususy kompaniýalarynyň wekilleriniň Amerikanyň işewür toparlary bilen duşuşyklary geçirildi. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi bilen «Nicklaus Companies» amerikan kompaniýasynyň arasynda golf-klubuny döretmek barada özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama gol çekildi.

Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmen-amerikan işewürler geňeşiniň ýerine ýetiriji direktory Erik Stýuart bilen geçiren duşuşygynyň barşynda döwletara söwda-ykdysady gatnaşyklaryny giňeltmegiň geljegi baradaky meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

7-nji dekabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow öz ýurdunyň parlament wekiliýetine ýolbaşçylyk edip, Türkmenistana sapar bilen gelen Azerbaýjan Respublikasynyň Milli Mejlisiniň Başlygy Sahiba Gafarowany kabul etdi.

Duşuşygyň dowamynda köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň çäklerinde parlamentara gatnaşyklarynyň möhüm ähmiýeti bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň we Azerbaýjan Respublikasynyň kanun çykaryjy edaralarynyň arasyndaky gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmeginiň däp bolan hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagyna saldamly goşant goşjakdygyna ynam bildirildi.

Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Azerbaýjan Respublikasynyň Milli Mejlisiniň Başlygy Sahiba Gafarowa bilen duşuşygynda iki döwletiň köpugurly strategik hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmakda parlamentara gatnaşyklarynyň ähmiýeti bellenildi.

Duşuşygyň netijeleri boýunça Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahaty bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Milli Mejlisiniň arasynda hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy dabaraly ýagdaýda Azerbaýjan Respublikasynyň Milli Mejlisiniň Başlygy Sahiba Gafarowa Türkmenistanyň “Hyzmatdaşlygy ösdürmäge goşandy üçin” ordenini gowşurdy. Dostlukly ýurduň Parlamentiniň ýolbaşçysy bu sylaga türkmen-azerbaýjan gatnaşyklarynyň hemmetaraplaýyn ösdürilmegine goşan uly şahsy goşandy üçin mynasyp boldy.

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisinde Azerbaýjan Respublikasynyň Milli Mejlisiniň Başlygy Sahiba Gafarowanyň ýolbaşçylyk edýän Azerbaýjan parlament wekiliýeti bilen duşuşygyň dowamynda parlamentara hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy.

8-nji dekabrda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onuň gün tertibine harby we hukuk goraýjy edaralarynyň şu ýylyň on bir aýynda ýerine ýetiren işleriniň netijeleri baradaky mesele girizildi. Şeýle hem Garaşsyz döwletimizde howpsuzlygy we asudalygy üpjün etmek, harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak hem-de olaryň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek bilen baglanyşykly meselelere garaldy.

Harby we hukuk goraýjy edaralaryň düzümlerinde öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmak, işgärler kuwwatyny pugtalandyrmak, korrupsiýa bilen bagly hukuk bozulmalaryna getirýän sebäpleri we şertleri aradan aýyrmaga hem-de olaryň netijelerini ýok etmäge gönükdirilen anyk çäreleri kesgitlemek, hukuk bozulmalaryň öňüni almak, ýangyn howpsuzlyk kadalaryny berjaý etmek, paýtagtymyzyň hem-de welaýatlaryň awtomobil ýollarynda ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almak, ýurdumyzyň serhet goşunlarynyň ulgamyny ösdürmegiň 2022 — 2028-nji ýyllar üçin Maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi, türkmenistanlylaryň hukuk babatdaky sowatlylygyny ýokarlandyrmak mejlisde garalan meseleleriň hatarynda boldy.

Mejlisiň dowamynda döwlet Baştutanymyz “Türkmenistanyň kazyýetleriniň kazylaryny wezipä bellemek we wezipeden boşatmak hem-de olara hünär derejelerini bermek hakyndaky” Permana gol çekdi.

9-njy dekabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynyň, konsullyk edaralarynyň we halkara guramalaryň ýanyndaky wekilhanalarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň daşary syýasatyna degişli wajyp meselelere garaldy.

Döwlet Baştutanymyz mejlisi açyp, ýygnananlaryň ählisini Halkara Bitaraplyk güni bilen gutlady.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz şu ýylyň 6-njy dekabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 77-nji sessiýasynyň 45-nji plenar mejlisiniň dowamynda «2023-nji ýyl — Parahatçylygyň kepili hökmünde dialogyň halkara ýyly» atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilendigini nygtap, ýygnananlary we ähli türkmen halkyny ýurdumyzyň dünýä giňişliginde gazanan bu uly hem-de möhüm üstünligi bilen tüýs ýürekden gutlady.

Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, Türkmenistan halkara gatnaşyklarynda Bitaraplyk we “Açyk gapylar” syýasatyna daýanýan, daşary syýasat strategiýasynyň esasyny düzýän binýatlyk ýörelgelerden ugur alýar. Bu ýörelgeler ýurdumyzyň uzak möhletli milli bähbitlerini goramakdan, döwletimiziň dünýä bileleşigine has ysnyşykly goşulmagyny üpjün etmekden, ählumumy derejede ähmiýetli meseleleriň çözülmegine ýardam bermekden hem-de durnuklylygy we howpsuzlygy gorap saklamaga goşant goşmakdan ybaratdyr.

Türkmenistan özüniň daşary syýasat işinde halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek we giňeltmek meselelerini ileri tutýar, agza bolan halkara guramalarynyň çäklerinde kabul edilen çözgütleriň we ylalaşyklaryň iş ýüzünde durmuşa geçirilmegine yzygiderli ýardam berýär. Şeýle hem ýurdumyz halkara guramalar bilen bilelikde milli derejede kabul edilen uzak möhletli maksatnamalary we meýilnamalary ýerine ýetirmek boýunça zerur çäreleri geçirýär.

Garaşsyz döwletimiziň ikitaraplaýyn gatnaşyklary barada aýdylanda, ýurdumyz bu ugurda milli bähbitlerimizden we bitarap daşary syýasatymyzdan ugur alyp, ähli döwletler bilen özara bähbitli we deňhukukly syýasy, ykdysady we medeni hyzmatdaşlygy alyp barýar.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow parlament diplomatiýasyny ösdürmek meselesine mejlise gatnaşyjylaryň ünsüni çekip, dünýäniň dürli döwletleri bilen parlamentara gatnaşyklaryň işjeň giňeldilmeginiň dowam edilmelidigini nygtady.

Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň gyzyklanma bildirýän hyzmatdaşlarynyň ählisi bilen ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn görnüşde, esasy halkara guramalaryň çäklerinde özara hormat goýmak we ynanyşmak esasyndaky hyzmatdaşlyk üçin hemişe açykdygyny belledi.

Mejlisde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa “Türkmenistanyň ussat diplomaty” diýen tapawutlandyryş nyşanyny gowşurmak dabarasy boldy. Watanymyzyň Garaşsyzlygyny we hemişelik Bitaraplygyny pugtalandyrmak, onuň halkara bileleşiginde belent abraýyny berkitmek, parahatçylyk söýüjilikli syýasaty amala aşyrmak, ählumumy halkara maksatnamalary durmuşa geçirmek, daşary ýurt döwletleri we halkara guramalar bilen gatnaşyklary ösdürmek işine goşan uly şahsy goşandyny, ýurdumyzyň diplomatik gullugynyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmekde bitiren aýratyn hyzmatlaryny nazara almak bilen, şeýle hem Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň karary bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýokarda agzalan tapawutlandyryş nyşany bilen sylaglanyldy.

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Türkmenistanyň döwlet Garaşsyzlygyny we Bitaraplygyny berkitmekde, daşary syýasat ugruny durmuşa geçirmekde gazanan üstünlikleri we köp ýyllaryň dowamynda çeken halal hem-de göreldeli zähmeti üçin Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri “Türkmenistanyň ussat diplomaty” diýen tapawutlandyryş nyşany bilen sylaglanyldy.

Mejlisde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow “Iş kesilenleriň Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli günäsini geçmek hakyndaky”, «Türkmenistanyň Katar Döwletinde (Doha şäheri) ilçihanasyny açmak hakyndaky» Permanlara gol çekdi.

Bulardan başga-da, döwlet Baştutanymyz «Türkmenistanyň diplomatik gullugynyň maliýe meseleleri hakyndaky», «Türkmenistanyň Özbegistan Respublikasyndaky (Daşkent şäheri) ilçihanasynyň işgärleri üçin 12 öýli ýaşaýyş jaýyny gurmak hakyndaky», «Täjigistan Respublikasynda 540 orunlyk Magtymguly adyndaky umumybilim berýän orta mekdebiň binalar toplumyny gurmak hakyndaky», “Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň işini kämilleşdirmek hakyndaky”, “Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň işini kämilleşdirmek hem-de daşary ýurtlarda ýaşaýan watandaşlarymyz bilen gatnaşyklary ösdürmek boýunça geçirilmegi göz öňünde tutulýan çäreleriň Meýilnamasyny tassyklamak hakyndaky” Kararlara gol çekdi.

Şeýle hem hormatly Prezidentimiziň gol çeken Kararyna laýyklykda, Milli sanly tory döretmegiň Konsepsiýasyny işläp taýýarlamak hem-de Milli sanly tory döretmek baradaky taslamany durmuşa geçirmek boýunça iş topary döredildi we onuň düzümi tassyklanyldy.

9-njy dekabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Birleşen Arap Emirlikleriniň senagat we öňdebaryjy tehnologiýalar boýunça ministri Sultan Al Jaberiň ýolbaşçylygynda ýurdumyza sapar bilen gelen wekiliýeti kabul etdi. Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistanyň Prezidentiniň ýakynda BAE bolan resmi saparynyň dowamynda gazanylan ylalaşyklara uly üns berdiler. Ýangyç-energetika toplumy, himiýa senagaty, ulag-kommunikasiýa hem-de maliýe-bank ulgamlary netijeli hyzmatdaşlygyň esasy ugurlarynyň hatarynda görkezildi. Şeýle hem şertnamalaýyn-hukuk binýadyny giňeltmegiň maksadalaýyk boljakdygy bellenildi.

Şeýle hem şol gün senagat we öňdebaryjy tehnologiýalar boýunça ministr Sultan Al Jaberiň ýolbaşçylygyndaky BAE-niň wekiliýetiniň agzalary Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň nebitgaz toplumyna, gurluşyk, elektroenergetika, awtomobil ýollary gurluşygy we himiýa senagaty pudaklaryna, maliýe-ykdysady toplumyna gözegçilik edýän orunbasarlary bilen duşuşyklary geçirdiler.

Myhmanlar BAE-niň işewür toparlarynyň Türkmenistanda amala aşyrylýan infrastruktura taslamalara gatnaşmaga uly gyzyklanma bildirýändiklerini tassykladylar.

10-njy dekabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türki Döwletleriň Guramasynyň Baş sekretary Kubanyçbek Ömüraliýewi kabul etdi.

Duşuşygyň dowamynda energetika, ulag-aragatnaşyk we söwda ugurlarynda hyzmatdaşlygyň geljegi, ylym-bilim we medeniýet ugurlary boýunça maksatnamalaryň we taslamalaryň gerimini giňeltmek barada pikir alşyldy. Munuň özi özara bähbitli döwletara hyzmatdaşlygy üstünlikli ilerletmäge, ony täze many-mazmun bilen baýlaşdyrmaga ýardam berer.

11-nji dekabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Russiýa Federasiýasynyň “Wozroždeniýe” taslama-gurluşyk kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy Igor Bukato, şeýle hem Türkiýäniň “Polimeks Inşaat Taahhüt we Sanaýi Tijaret A.Ş.” kompaniýasynyň ýolbaşçysy Erol Tabanja bilen duşuşyklarynda özara bähbitlilik ýörelgelerine esaslanýan hyzmatdaşlygyň geljegi bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Geçen hepde Aşgabatda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň we Mejlisiniň bilelikdäki maslahaty boldy. “Türkmenistanyň 2023-nji ýyl üçin Döwlet býujeti hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasy gün tertibiniň esasy meselesi boldy.

Şu ýylyň 23-nji noýabrynda geçirilen Halk Maslahatynyň mejlisinde hormatly Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmenistanyň 2023-nji ýyl üçin Döwlet býujeti hakynda” Kanunyň taslamasy babatda beren birnäçe anyk maslahatlary göz öňünde tutuldy we degişli Kanunyň taslamasyna girizildi.

Şeýle hem Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň agzalary we Mejlisiniň deputatlary “Salgytlar hakynda” Türkmenistanyň bitewi Kanunyna üýtgetme girizmek hakynda” hem-de “Ýer hakynda” Türkmenistanyň bitewi Kanunyna goşmaçalar we üýtgetmeler girizmek hakynda” Türkmenistanyň Kanunlarynyň taslamalaryna seretdiler.

Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň we Mejlisiniň bilelikdäki maslahatynyň garamagyna çykarylan kanunçylyk namalarynyň taslamalary biragyzdan kabul edildi we degişli kararlar bilen makullanyldy.

Geçen hepde Türkmenistanda birnäçe döwletleriň — Sierra Leone Respublikasynyň, Norwegiýa Patyşalygynyň, Finlýandiýa Respublikasynyň, Estoniýa Respublikasynyň, Indoneziýa Respublikasynyň, Gana Respublikasynyň, Şri-Lanka Demokratik Sosialistik Respublikasynyň, Wengriýanyň, Latwiýa Respublikasynyň, Gresiýa Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçileri, şeýle hem Apostol nunsisi işe başladylar.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça türkmen wekiliýetiniň Russiýa Federasiýasyna saparynyň çäklerinde iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary tarapyndan Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda 2023 — 2024-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlyk Maksatnamasyna gol çekildi.

Gepleşiklerde söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň meselelerine aýratyn orun berildi.

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň, şeýle hem Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygynyň Fransiýa Respublikasynyň Senatynyň “Fransiýa — Merkezi Aziýa” parlamentara dostluk toparynyň başlygy Erwe Moreý bilen duşuşyklarynyň dowamynda Türkmenistan bilen Fransiýa Respublikasynyň arasyndaky parlamentara gatnaşyklary mundan beýläk-de giňeltmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygynyň orunbasary Konstantin Kosaçýow bilen bolan duşuşygynyň dowamynda iki doganlyk halkyň köpasyrlyk taryhy, ruhy we medeni umumylygyna esaslanýan türkmen-rus hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Gahryman Arkadagymyz ýurtlarymyzyň arasyndaky ynsanperwer, jemgyýetçilik, medeni gatnaşyklaryň ösdürilmegine, zenanlaryň we ýaşlaryň ugry boýunça gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna Türkmenistanyň mundan beýläk-de ýardam bermäge taýýardygyny tassyklady.

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezinde bolup, ol ýerde alnyp barylýan işler, taýýarlanylan şekil taslamalary, olaryň aýratynlyklary bilen tanyşdy hem-de degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.

Halkara Bitaraplyk gününiň öňüsyrasynda paýtagtymyzda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogynyň ýyllyk jemleýji maslahaty, “Dialog — parahatçylygyň kepili” atly halkara maslahat, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde her ýylda geçirilýän duşuşygy, “Merkezi Aziýa sebitinde howanyň üýtgemegi, suw serişdelerinden rejeli peýdalanmak, azyk howpsuzlygyny üpjün etmek we maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalary bilen baglanyşykly meseleler boýunça sebitleýin hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlary” ady bilen bäşinji Merkezi Aziýa bilermenler maslahaty ýokary guramaçylykly geçirildi. Olaryň netijeli işi Türkmenistanyň barha artýan halkara abraýynyň nobatdaky subutnamasy boldy.

Asylly däbe görä, milli senenamamyzdaky şanly senelere gabatlanyp täze binalardyr desgalaryň açylyş dabaralary boldy. Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Magtymguly daýhan birleşiginde alty sany dört gatly, 48 öýli ýaşaýyş jaýlarynyň ulanmaga berilmegi mynasybetli dabara geçirildi.

Täze ýaşaýyş jaýlarynyň ulanmaga berilmegi mynasybetli dabaralar Lebap welaýatynda hem geçirildi. Türkmenabat şäheriniň Halkara howa menziline barýan awtomobil ýolunyň ugrunda 40 sany dört gatly ýaşaýyş jaýyndan ybarat ýaşaýyş toplumy guruldy. Ýene-de bir ýaşaýyş jaýy Seýdi şäherinde ulanmaga berildi.

Şeýlelikde, geçen hepdäniň wakalary hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň durmuşa geçirýän, parahatçylyk söýüjilik we dostluk ýörelgelerine esaslanýan giň halkara hyzmatdaşlyk syýasatynyň üstünliklere beslenýändiginiň aýdyň subutnamasy boldy. Parahatçylyk dörediji döwlet hökmünde giňden tanalýan ýurdumyz goňşy ýurtlar bilen sazlaşykly gatnaşyklary ýola goýýar, parahatçylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmaga ýardam berýän başlangyçlar bilen çykyş edýär hem-de öz raýatlarynyň abadan durmuşynyň bähbidine ösüşiň täze sepgitlerine tarap ynamly öňe barýar.