Ï Türkmenistanyň Prezidentiniň Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşygy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidentiniň Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşygy

view-icon 4061
Türkmenistanyň Prezidentiniň Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşygy

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçirilýän ýokary derejedäki birinji türkmen-azerbaýjan-türk sammitine gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew bilen duşuşdy.

Döwlet Baştutanymyz ikiçäk duşuşykda köpugurly döwletara hyzmatdaşlygyň özara gyzyklanma bildirilýän meseleleriň tutuş toplumy boýunça pikir alyşmaga döredilen mümkinçilige kanagatlanma bildirip, türkmen tarapynyň başlangyjy boýunça geçirilýän ýokary derejedäki üçtaraplaýyn duşuşyga gatnaşýandygy üçin azerbaýjan kärdeşine minnetdarlyk bildirdi.

Azerbaýjan Lideri mähirli kabul edilendigi hem-de myhmansöýerlik üçin hoşallyk bildirip, Türkmenistan — Azerbaýjan — Türkiýe görnüşinde geçirilýän sammitiň möhüm ähmiýetini nygtady hem-de bu duşuşygyň ynanyşmak, deňhukuklylyk we milli bähbitleri hasaba almak ýörelgelerinde guralýan goňşy döwletleriň däp bolan hyzmatdaşlygyna täze kuwwatly itergi berjekdigini aýtdy.

Söhbetdeşler türkmen-azerbaýjan hyzmatdaşlygy meselelerine geçip, köpasyrlyk hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyna hem-de ösüşiň täze tapgyryny alamatlandyrýan özara bähbitli hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de okgunly ösdürilmegine taraplaryň ýokary gyzyklanma bildirýändiklerini nygtadylar.

Häzirki wagtda ýurtlaryň ikisi hem diňe bir ikitaraplaýyn esasda gatnaşyklary işjeň ösdürmek bilen çäklenmän, halkara giňişlikde, iri halkara guramalaryň we sebit düzümleriniň çäklerinde netijeli hyzmatdaşlyk edýärler.

Halkara gün tertibiniň möhüm meseleleri boýunça Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň garaýyşlarynyň ýakyndygy, häzirki döwrüň ählumumy meseleleriniň oňyn çözgüdini tapmakda olaryň eýeleýän ornunyň iki dostlukly halky gadymdan bäri birleşdirýän ynanyşmak we hormat goýmak gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyna gönüden-göni ýardam berýändigi, şeýle hem syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyň hemmetaraplaýyn çuňlaşdyrylmagyna gönükdirilen syýasatyň netijeli durmuşa geçirilmegi üçin mümkinçilik döredýändigi bellenildi.

Ynanyşmak we özara düşünişmek ýagdaýynda geçen duşuşygyň barşynda döwlet ýolbaşçylary däp bolan hyzmatdaşlygyň has netijeli we uzak möhletleýin häsiýete eýe bolmagyna gönükdirilen, ozal gazanylan ylalaşyklaryň durmuşa geçirilişiniň ýagdaýyny ara alyp maslahatlaşdylar. Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara türkmen-azerbaýjan toparynyň döredilmegi, Daşary işler ministrlikleriniň arasynda yzygiderli ýagdaýda geçirilýän geňeşmeler hem-de işewürlik duşuşyklary netijeli çäreleriň hatarynda görkezildi, olar göni gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna hem-de ähli ulgamlarda mümkin bolan bilelikdäki taslamalary gyzyklanma bildirip ara alyp maslahatlaşmaga ýardam berýärler.

Energetika howpsuzlygyny üpjün etmek, hususan-da, Hazar deňzi sebitinden Ýewropa ýurtlaryna tebigy gazy ugratmak mümkinçilikleri, şeýle hem ägirt uly uglewodorod serişdelerine eýe bolan goňşy ýurtlaryň geografik taýdan amatly ýerleşýändiklerini hasaba almak bilen, häzirki zaman ulag-üstaşyr düzümlerini döretmek babatynda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçilikleri aýratyn ara alnyp maslahatlaşyldy. Şunuň bilen baglylykda, iki iri energetika döwletiniň giň gerimli taslamalary amala aşyrmakda tagallalaryny birleşdirmek boýunça soňky ýyllarda geçirilen işleriň ähmiýeti kanagatlanma bilen bellenildi, geçen ýylyň ýanwarynda Aşgabatda Hazar deňzindäki “Dostluk” ýatagynyň uglewodorod serişdelerini bilelikde gözlemek, işläp geçmek we özleşdirmek hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekilmegi şol çäreleriň örän möhümdiginiň beýanyna öwrüldi.

Dostlukly döwletiň Baştutany ýangyç-energetika toplumynyň we ulag ulgamynyň özara bähbitli hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlary bolmagynda galýandygyny belläp, türkmen tarapynyň bu möhüm ulgamlarda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmegiň zerurdygy baradaky teklibini doly goldady. Şunuň bilen birlikde, bilim, ylym, medeniýet, saglygy goraýyş we durmuş taýdan ähmiýetli beýleki ulgamlarda gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmagyň möhümdigi nygtaldy.

Prezident Ilham Aliýew Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow tarapyndan alnyp barylýan oňyn syýasata hem-de energetika we ulag ulgamlary ýaly möhüm ugurlarda ählumumy gepleşikleriň işjeňleşdirilmegine gönükdirilip öňe sürülýän möhüm halkara başlangyçlara ýokary baha bermek bilen, Azerbaýjanyň geljekde hem ählumumy parahatçylygy, durnuklylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmak maksadynda Türkmenistan bilen tagallalary birleşdirmäge taýýardygyny aýtdy.

Duşuşygyň ahyrynda döwlet Baştutanlary birek-birege hoşniýetli arzuwlary beýan edip, iki dostlukly ýurduň döwlet bähbitlerine hem-de durmuş-ykdysady ösüşiniň ileri tutulýan ugurlaryna doly laýyk gelýän netijeli hyzmatdaşlygyň üstünlikli dowam etdiriljekdigine berk ynam bildirdiler.