mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm

«Köpetdag» topary çempion toparyň ýeňişli dokuz oýnunyň arasyny üzdi

view-icon 3188
«Köpetdag» topary çempion toparyň ýeňişli dokuz oýnunyň arasyny üzdi
camera-icon
tff.com.tm

Aşgabadyň «Köpetdag» futbol topary Türkmenistanyň çempionatynyň 26-njy tapgyrynda «Ahal» topary bilen deňme-deň (1:1) oýnap, onuň «Ahal» toparynyň ýeňişli 9 oýnunyň arasyny üzdi.

«Nusaý» stadionynda geçen bu oýna Mergen Orazowyň şägirtleri ýurdumyzyň çempiony diýen at bilen çykdylar. «Türkmennebitönümleri» Baş müdirliginiň toparynyň ilkinji çempionlyk adyny milli çempionat gutarmazyndan üç tapgyr öň alandygyny ýatladýarys.

33-nji minutda «Ahal» toparynyň goragçysy Şöhrat Söýünow pökgini öz derwezesine saldy, netijede Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň topary 1:0 hasabynda öňe saýlandy. Selim Nurmyradowyň 51-nji minutda amala aşyran takyk urgusy netijesinde «Ahal» topary ýeňlişden halas boldy.

Türkmenistanyň öňki çempiony – bu möwsümde altyn medaly kümüş medala çalşan «Altyn asyr» topary öz meýdançasynda «Merw» toparyny 1:0 hasabynda utdy. Ýeňiş pökgüsini oýnuň birinji ýarymyna berlen goşmaça wagtyň ikinji minutynda Altymyrat Annadurdyýew tora girizdi.

«Merwiň» ýeňlişi milli çempionatyň ahyrynda bürünç medal ugrundaky göreşde janlanma döretdi, çünki «Merw» toparyndan 1 utuk yzda barýan «Köpetdag» topary hem umyt edýärdi.

26-njy tapgyryň beýleki iki oýnunda Türkmenbaşynyň «Şagadamy» Kerim Hojaberdiýewiň 4-nji (jerime urgusyndan), 33-nji we 57-nji minutlarda geçiren üç goly netijesinde, Marynyň «Energetiginden» 3:0 hasabynda üstün çykdy. Balkanabadyň «Nebitçi» topary bolsa öz meýdançasynda «Aşgabat» toparyny 1:0 hasabynda utdy.

Soňky oýunda ýer eýelerine eýýäm 22-nji minutda hasaby açmaga mümkinçilik döredi, emma Serdar Tükiýew jerime urgusyny takyk urup bilmedi. Topara ýeňşi 44-nji minutda çep ganatdaky hüjümçiniň beren pökgüsini tora salmak bilen, Abdymuhammet Begjanow getirdi.

Iň köp gol geçirenleriň bäsleşiginde 24 gol (jerime urgusyndan – 4) geçiren Didar Durdyýew («Ahal») öňdeligi eýeleýär. 21 gol (jerime urgusyndan – 5) geçiren Alibek Abdyrahmanow («Merw») ikinji orunda barýar. 19 gol geçiren (jerime urgusyndan – 3) Begenç Akmämmedow («Köpetdag») ilkinji üçlügiň ahyrynda dur.