Ispaniýanyň döredijilik topary ýurdumyzyň taryhy gözel ýerlerine baryp, türkmen halkynyň taryhy, medeniýeti we däp-dessurlary baradaky maglumatlary ýygnadylar. Döwletimiziň häzirki döwrüni şöhlelendirmek üçin hem degişli işler alnyp barylýar. Görkeziljek filmde ýurdumyzyň ykdysady üstünlikleri, ak mermere beslenen Aşgabadyň ösüşi we özgerişleri görkeziler. Ýakynda telewizion taslamanyň çäginde «Atresmedia Television» media-topary Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutyna baryp gördüler.
Daşary ýurtly myhmanlar ýaş diplomatlaryň taýýarlanýan abraýly ýokary okuw mekdebiniň alyp barýan işleri bilen tanyşdylar.
Ýokary okuw mekdebiniň wekilleri myhmanlara bilim bermekde ulanylýan maglumat we kommunikasiýa tehnologiýalarynyň mümkinçilikleri barada gürrüň berdiler, şeýle hem «Parahatçylygyň ýaş çaparlary» atly taslamanyň surata düşürilýän meýdançasyny görkezdiler.
Türkmenistanyň orta mekdepleriniň okuwçylarynyň arasynda geçirilýän bu bäsleşik türkmen milli telewideniýesinde ýaýlyma berilýär we ýaşlaryň arasynda uly gyzyklanma döredýär. Ispaniýanyň media toparynyň agzalary bäsleşigiň geçirilýän ýeri bolan ak öýi surata düşürdiler.
Şu ýylyň oktýabr aýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň ýolbaşçylary bilen «La Sexta» (Ispaniýa) telewizion ýaýlymynda berilýän «Enwiado Especial» dokumental gepleşiginiň müdirligi bilen onlaýn-duşuşygyny gurandygyny ýatladýarys.
Türkmen kärdeşleri bilen hyzmatdaşlyga uly gyzyklanma bildirip «Atresmedia» media topary bilelikdäki teletaslamasynyň üstünde işlemegi teklip etdi. Türkmenistan baradaky filmi surata düşürmek işleri 7-nji dekabrda başlandy we ol 2022-nji ýylyň 21-nji dekabryna çenli dowam eder.