Ï Multfilm sazlarynyň Täze ýyl konserti boldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Multfilm sazlarynyň Täze ýyl konserti boldy

view-icon 7029
Multfilm sazlarynyň Täze ýyl konserti boldy
camera-icon
Alekseý Gimalitdinow

Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda Röwşen Nepesowyň orkestriniň dünýä kinematografiýasynyň ilhalar multiplikasion filmleriniň gahrymanlarynyň gatnaşmagyndaky Täze ýyl konserti geçirildi.

Konsertde Döwletmämmet Ökdirow we Eziz Nyýazow dirižýorlyk etdiler, pianinony bolsa Şayslam Kamiljanow çaldy.

«Bilmezek – güneşli şäherde», «Bremenli sazandalar», «Buratino», «Çunga, çanga»… Şu we beýleki multfilmleriň sazlary ekrandaky şadyýandan garagol gahrymanlar bilen bilelikde, esasan çagalardan ybarat tomaşaçylary özüne bendi etdi.

Türkmenistanyň at gazanan aristi Selbi Annadurdyýewa Zoluşka hakyndaky ertekini gowy görýän tomaşaçy gyzlary sahna çagyrdy. Gyzlaryň sany elliden gowrak bolup çykdy. Zolushkanyň “Ynanaýyň, iň bolmanda, ynanaýyň ...” aýdymyny hemmeler bilelikde ýerine ýetirdiler.

«Doň ýürek» multfilminden aýdymy Röwşen Nepesowyň gyzy Nurbibi ýerine ýetirdi.

«Dur, bakaly!» multfilminden «Aýazbaba we Garpamyk» filmi janly çykyşlarda görkezildi. Bu çykyş çagalaryň keýpini göterdi.

«Aladdin» multfilminden «Arap gijesi» aýdymyny Döwletmämmet Ökdirow ussatlyk bilen ýerine ýetirip, özüniň adatdan daşary ses ukyby bilen tomaşaçylary geň galdyrdy.

Konsert tomaşaçylara çagalygyň iň söýgüli baýramynyň – Täze ýylyň tiz ýakynlaşýandygyny duýdurdy.