Ï Teatryň döredijilik gerimi giňeýär
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Teatryň döredijilik gerimi giňeýär

view-icon 3903
Teatryň döredijilik gerimi giňeýär

Bu möwsüm Nurmuhammet Andalyp adyndaky Daşoguz döwlet sazly drama teatrynyň işgärleri üçin dürli döredijilik wakalaryna baý boldy. Möwsümde täze oýunlar sahnalaşdyryldy we teatryň döredijilik topary geçen güýzde ýurdumyzyň demirgazyk welaýatynda geçirilen türkmen-özbek dostluk festiwalyna hem-de sebitdäki dürli baýramçylyk dabaralaryna işjeň gatnaşdy.

Şu ýylda ýerli tomaşaçylar watançylyk, Watana, halka bolan çuňňur söýgi, oňa wepaly hyzmat etmek ýaly temalardan Öremyrat Öwezowyň «Ygrar ataşy» atly pýesasy esasynda režissýor Bekmyrat Hallyýewiň goýan sahna oýnuna tomaşa etdiler. Bu oýnuň ýerligi hökmünde Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly kitabynda beýan edilýän rowaýat alyndy. Teatryň döredijilik toparynyň köplenç özboluşly milli däp-dessurlary we olaryň dowamlylygyny beýan edýän eserlere ýüzlenýändigini bellemelidiris.

Halkymyzyň «Görogly» şadessany ýerli režissýorlary, dramaturglary we aktýorlary täze döredijilik eserlerini döretmäge birnäçe gezek ruhlandyrypdy. Nurmuhammet Andalyp adyndaky Daşoguz döwlet sazly drama teatrynda öň bu şadessandan «Görogly» we «Goly sazly, tili sözli Görogly» oýnunyň sahnalaşdyrylandygyny ýatladýarys. Milli mirasyň dür dänesi şu ýyl hem režissýor Guwanç Baýmedowyň «Bezirgen» atly sahna oýnunyň synag nusgasynyň esasyny düzdi.

Daşoguz welaýatynyň teatr topary işjeň döredijilik durmuşyny dowam etdirýär. Teatryň sahnasynda goýulýan oýunlaryň temalarynyň dürlüligi tomaşaçylaryň, şol sanda ýaş toparlary boýunça-da yzygiderli artmagyna goşant goşýar. Şu ýyl teatryň täze sahna eserlerinden biri halk ertekisine esaslanyp döredildi, bu oýun teatr sungatynyň iň ýaş muşdaklary üçin niýetlenildi.

Teatr tomaşaçylar bilen dürli köpçülikleýin baýramçylyk çärelerine, şol sanda Täze ýyl baýramçylygyna-da gatnaşmak ýaly dürli görnüşli iş görnüşlerini üstünlikli synap görýär. Şu günler hem teatryň döredijilik topary welaýatyň Baş arçasynyň ýanynda sahna sungaty bilen çagalary we ululary begendirmäge taýýarlanýar.