Ï Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary

view-icon 9563

Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow “Türkmenistanyň prokuraturasy hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň 16-njy maddasyna laýyklykda Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, ýustisiýanyň kiçi geňeşçisi Polat Halymberdiýewiç Çörliýew Lebap welaýatynyň Dänew etrabynyň prokurory wezipesinden boşadyldy.

* * *

Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli Kararlaryna laýyklykda, Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezinde gurluşygy tamamlanan desgalary we binalary seljermek hem-de kabul etmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezinde gurluşygy tamamlanan desgalaryň we binalaryň Türkmenistanyň gurluşyk kadalaryna, halkara ölçeglere hem-de kadalara laýyklygyny seljermek, kabul etmek boýunça pudagara topar döredildi we onuň düzümi tassyklanyldy.