Täze ýyl baýramyna sanlyja gün galdy. Däp boýunça, Täze ýyl dabarasynyň öňüsyrasynda Aşgabadyň Sportuň gyşky görnüşleri boýunça sport toplumynda buz üstünde täze çykyşlar taýýarlanýar.
Maksatnama 20-den gowrak çykyşy – «Dur bakaly!» multfilminiň gahrymanlarynyň özboluşly tangosyny, şeýle hem türkmen we dünýä halklarynyň tanslaryny öz içine alýar.
Türkmenistanda figuralaýyn typmak we sportuň gyşky görnüşlerine bolan gyzyklanma ýylsaýyn artýar. Ýakynda biziň ýurdumyz Halkara konkiçiler birleşiginiň (ISU) doly derejeli agzasy boldy. Ýaş figuralaýyn typyjylaryň, konkiçileriň we hokkeýçileriň hatary täze zehinler bilen yzygiderli doldurylyp dur.
Käwagt çagalar dört ýaşyndan buza çykýarlar we bu sporta şeýle bir berilýärler welin, uly üstünlikler gazanýarlar.
Şunuň ýaly höweslileriň biri-de türgen Aýna Ekäýewadyr. Figuralaýyn typmaga ol gaty kiçijikkä gelipdi we ýaşyna görä, köp netije-de gazandy. Şäher we ýurt derejesinde geçirilen ýaryşlarda ýeňiji boldy. Ýaňy-ýakynda bu türgen Türkiýeden – figuralaýyn typmak boýunça «Bosfor kubogy-2022» halkara ýaryşlaryndan gaýdyp geldi.
– Bosfor kubogyna men ilkinji gezek 2019-njy ýylda gatnaşdym – diýip, Aýna Ekäýewa aýdýar. – Ondan öň Günorta Sahalinskde geçen «Aziýanyň çagalary» atly gyşky Halkara sport oýunlaryna gatnaşypdym. Bu ýyl hem maňa figuralaýyn typmak boýunça ýaryşda ýekelikde we buz üsti tansynda Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň adyndan çykyş etmek bagty miýesser boldy.
Stambulda geçirilen «Bosfor kubogy-2022» ýaryşyna türgenimiz iki çykyş taýýarlady. Tälimçisi Ilina Karimowa bilen figuraçy pyrlanma we figuralaýyn typmakda iň kyn gapyrgalaýyn böküşleriň birini – ewaky özleşdirdi. Bu täsirli tärleri we iň oňat buz çykyşlaryny ýaş figuraçylar täze konsert maksatnamasynda görkezerler.
Tomaşaçy köpçüligi türgenleriň iň gowy çykyşlaryny ýakyn wagtda ýurdumyzyň milli telewideniýesiniň ýaýlymynda görüp bilerler.