Ï «Şygryýet äleminiň öçmejek nury»
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

«Şygryýet äleminiň öçmejek nury»

view-icon 8629
«Şygryýet äleminiň öçmejek nury»

Şeýle at bilen Balkan welaýatynyň Magtymguly etrap merkezindäki Magtymguly Pyragynyň muzeýiniň mejlisler zalynda welaýat häkimliginiň hem-de «Watan», «Edebiýat we sungat» gazetleriniň redaksiýalarynyň bilelikde guramagynda beýik akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp, maslahat geçirildi.

«Şygryýet äleminde öçmejek yz goýan we dürdäne şygyrlary dünýä edebiýatynyň genji-hazynasyna giren beýik şahyryň eserleri asyrlar geçse-de, öz ähmiýetini ýitirenok. Bu gün olar dünýä halklarynyň dillerinde söýlüp okalýar. Çuňňur pähim-paýhasa ýugrulyp, köňüllerde ýer eden şygyrlar merdana halkymyzyň ýüreginde aýdym bolup ýaňlanýar. Mälim bolşy ýaly, 2024-nji ýylda türkmen nusgawy edebiýatynyň parlak ýyldyzy Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy dabaraly ýagdaýda bellenip geçiler. Türki medeniýetiň halkara guramasy (TÜRKSOÝ) tarapyndan şol ýylyň «Türki dünýäniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly» diýlip yglan edilmegi bütin älem içre ykrar edilen söz ussadyna goýulýan belent hormat-sarpanyň aýdyň nyşanydyr» diýip, maslahatda çykyş edenler aýratyn buýsanç bilen nygtadylar.

Täsirli geçen maslahatyň dowamynda beýik şahyryň goşgularyna döredilen aýdymlar, şeýle-de ata Watanymyzyň, ajaýyp döwrümiziň, parahatçylygyň waspyny ýetirýän aýdym-sazlar ýaňlandy. Şeýle hem bu ýerde guralan sergä maslahata gatnaşyjylar uly gyzyklanma bilen syn etdiler.