Ï Türkmenistanyň Prezidenti GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň resmi däl duşuşygyna gatnaşdy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň resmi däl duşuşygyna gatnaşdy

view-icon 276847
Türkmenistanyň Prezidenti GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň resmi däl duşuşygyna gatnaşdy

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasyna iş saparyny amala aşyryp, däp boýunça her ýyl Sankt-Peterburg şäherinde ýylyň ahyrynda geçirilýän GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň resmi däl sammitine gatnaşdy.

Aşgabadyň Halkara howa menzilinde döwlet Baştutanymyzy ýurdumyzyň resmi adamlary ugratdylar.

Häzirki döwrüň möhüm meselelerini çözmekde wajyp orny eýeleýän Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan dünýäde parahatçylygyň, ynanyşmagyň, durnukly ösüşiň berkidilmegine mynasyp goşant goşýar. Hyzmatdaş ýurtlar bilen ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda, şol sanda iri halkara guramalaryň, abraýly sebitleýin düzümleriň çäklerinde özara gatnaşyklaryň üstünlikli ösdürilmegi bu ugurda durmuşa geçirilýän işleriň netijeli häsiýete eýe bolmagyny şertlendirýär.

Türkmenistan Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň assosirlenen agzasy hökmünde Arkalaşygyň döwletleri bilen ählumumy maksatlary, taraplaryň milli bähbitlerini nazara almak, deňhukuklylyk, ynanyşmak esasynda, her bir tarapyň milli bähbitlerini hasaba alyp, guramanyň işine işjeň gatnaşýar. Birek-birege hormat goýmak ýörelgesinde ýola goýulýan gatnaşyklar taryhyň dowamynda emele gelen dostlugy, hoşniýetli goňşuçylygy we özara bähbitli hyzmatdaşlygyň berkidilmegini, sebit we halkara derejedäki wajyp taslamalaryň bilelikde işlenip taýýarlanylmagyny, olaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegini şertlendirýär.

...Birnäçe sagatdan soňra, hormatly Prezidentimiziň uçary Sankt-Peterburg şäheriniň “Pulkowo” Halkara howa menziline gondy. Bu ýerde döwlet Baştutanymyzy resmi adamlar garşyladylar.

Hormatly Prezidentimiziň awtoulag kerweni GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň resmi däl duşuşygynyň geçirilýän ýeri bolan B.N.Ýelsin adyndaky Prezident kitaphanasyna tarap ugur aldy. Bu ýerde döwlet Baştutanymyzy Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti garşylady. Iki ýurduň Liderleri birek-birek bilen mähirli salamlaşyp, bilelikde ýadygärlik surata düşdüler.

Sammite Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew, Ermenistan Respublikasynyň Premýer-ministri Nikol Paşinýan, Belarus Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko, Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew hem çagyryldy.

Ýokary derejedäki duşuşyk başlamazyndan ozal, Arkalaşygyň ýurtlarynyň döwlet Baştutanlarynyň GDA gatnaşyjy ýurtlaryň Döwlet baýdaklarynyň öňünde bilelikdäki surata düşmek dabarasy boldy.

Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin resmi däl sammiti açyp, oňa gatnaşyjylary ýene bir gezek mähirli gutlady hem-de Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy ýurtlaryň Liderleriniň Täze ýylyň öň ýanynda eýýäm asylly däbe öwrülen resmi däl duşuşygyna gatnaşmak üçin Sankt-Peterburga gelmäge çakylygy kabul edendikleri üçin hoşallyk bildirdi. Biziň şeýle dostlukly ýagdaýda ýygnanyşmagymyzyň özi, meniň pikirimçe, GDA giňişliginde hakyky strategik hyzmatdaşlyk, ähli ýurtlaryň bähbitlerini hasaba almak ruhunda gatnaşyklarymyzy mundan beýläk-de bilelikde ösdürmäge gyzyklanmalarymyzyň aýdyň subutnamasydyr diýip, Russiýanyň Baştutany aýtdy.

Bellenilişi ýaly, geçip barýan ýylda biziň döwletlerimiziň köpugurly hyzmatdaşlygy, umuman, üstünlikli ösdürildi. Muny GDA-nyň ähli ýurtlarynyň arasyndaky haryt dolanyşygynyň durnukly ösüşi hem tassyklaýar. Arkalaşygyň ugry boýunça daşyndan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçilikleriň döredilmegine, tehnologik garaşsyzlygyň, özygtyýarlylygyň üpjün edilmegine, bilelikdäki senagat önümçiliginiň hem-de ylmy kuwwatlyklaryň giňeldilmegine gönükdirilen utgaşykly çäreler geçirildi. Netijede, GDA döwletleriniň ykdysady we maliýe özygtyýarlylygy pugtalandyryldy, harytlaryň, hyzmatlaryň, maýa serişdeleriniň içerki bazarlary okgunly ösdürildi, sebit derejesinde goşulyşmak meýilleri çuňlaşdyryldy.

Ýewraziýa sebitinde howpsuzlygy we durnuklylygy saklamak GDA ýurtlarynyň hyzmatdaşlygynyň ýene-de bir möhüm ugry hökmünde görkezildi. Arkalaşygyň ýurtlarynyň terrorçylyga, ekstremizme, serhetüsti jenaýatçylyga, neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygyna hem-de korrupsiýa garşy göreş boýunça oňyn hyzmatdaşlyk edýändikleri bellenildi. Prezident W.Putin GDA döwletleriniň hyzmatdaşlygynyň bir bitewi medeni-ynsanperwer giňişligi saklap galmak, raýatlaryň arasynda dürli görnüşli alyşmalary giňeltmek ýaly möhüm ulgamy hem öz içine alýandygyny belledi.

Biziň halklarymyzy, hakykatdan-da, köp zatlar birleşdirýär: umumy taryh, ruhy kökler, medeniýetleriň we däp-dessurlaryň, gymmatlyklaryň, ýörelgeleriň çuňňur özara baglanyşygy hem-de elbetde, biziň köp milletli döwletlerimizi baglanyşdyryjy kuwwatly güýç bolan rus dili diýip, Russiýanyň Lideri kanagatlanma bilen nygtady we Arkalaşygyň ýurtlarynda 2023-nji ýyly “Rus diliniň ýyly” şygary astynda geçirmek baradaky başlangyjy goldandyklary üçin hemmelere hoşallyk bildirdi.

Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti sözüniň ahyrynda hemmeleri ýetip gelýän Täze ýyl bilen gutlady hem-de GDA-nyň çäklerinde hyzmatdaşlygyň çuňlaşdyrylmagynyň biziň ýurtlarymyzyň halklarynyň düýpli bähbitlerine laýyk gelýändigini, Arkalaşygyň döwletleriniň durmuş-ykdysady ösüş wezipelerini netijeli çözmäge, sebit durnuklylygyny, howpsuzlygyny pugtalandyrmaga ýardam edýändigini belledi.

Gyzyklanma bildirilýän pikir alyşmalaryň dowamynda 2022-nji ýylda ýerine ýetirilen işleriň netijelerine garaldy we geljek döwür üçin öňde durýan möhüm wezipeler kesgitlenildi. Bellenilişi ýaly, tamamlanyp barýan ýyl Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy üçin örän netijeli boldy. Ähli meýilleşdirilen çäreler üstünlikli geçirildi. Syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlardaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmek boýunça wajyp ylalaşyklar gazanyldy.

Resmi däl ýagdaýda geçirilýän duşuşyk GDA döwletleriniň ýolbaşçylaryna halkara derejedäki umumy gyzyklanma bildirilýän birnäçe meseleleri, özara gatnaşyklaryň ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmaga mümkinçilik döretdi. Umumy pikire görä, häzirki döwrüň halkara gatnaşyklarynyň binýadyny düzýän maksatlara hem-de esasy ýörelgelere gyşarnyksyz eýermek guramanyň işiniň ähmiýetli taraplarynyň biri bolup durýar. GDA-nyň esaslandyrylan gününden bäri oňa gatnaşyjy ýurtlar hyzmatdaşlygyň taraplaryň erkine, deňhukuklylyga we ynanyşmaga esaslanýan görnüşini saklamagy başardylar.

Ýokary derejedäki resmi däl duşuşyk sebitiň ýurtlarynyň däp bolan gatnaşyklaryny hil taýdan täze derejä çykarmaga, bilelikdäki iş boýunça toplanan tejribäni nazara alyp, oňa netijeli häsiýet bermäge, milli ykdysadyýetleri pugtalandyrmaga, bar bolan ägirt uly ykdysady we serişde mümkinçiliklerini durmuşa geçirmäge bolan gyzyklanmalarynyň üýtgewsiz häsiýete eýedigini görkezýän çäre bolup durýar.

Biziň ýurdumyz Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna açyklyk esasynda gepleşikleri geçirmek hem-de uzak möhletleýin özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin netijeli meýdança hökmünde garamak bilen, bu guramanyň bar bolan köpugurly mümkinçiliklerini doly peýdalanmak meselelerinde öňdäki orunlarynyň birini eýeläp, hyzmatdaşlygyň döwrüň talaplaryna laýyk gelýän täze görnüşleriniň işlenip taýýarlanylmagyna, geljegi uly bilelikdäki taslamalaryň durmuşa geçirilmegine gönükdirilen anyk teklipleri öňe sürýär. Şunda Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň GDA ýurtlarynyň hyzmatdaşlygynyň möhüm ugry hökmünde ykdysady ulgamdaky tagallalaryň wajypdygyna ünsi çekip, gurama agza döwletleriň strategik ykdysady hyzmatdaşlyk hakynda Jarnamasyny taýýarlamak başlangyjyny öňe sürendigini bellemek gerek.

Bu köptaraplaýyn resminama GDA-nyň 2019-njy ýylyň oktýabr aýynda Aşgabatda geçirilen sammitiniň jemleri boýunça kabul edildi. Ol gurama agza ýurtlaryň ykdysady mümkinçiliklerini doly durmuşa geçirmek, däp bolan söwda-ykdysady gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek boýunça tagallalaryň birleşdirilmegi babatda özara gyzyklanmalary tassyklady. Bu Jarnamanyň hyzmatdaşlygyň ulag, ýangyç-energetika, aragatnaşyk, senagat, söwda, innowasiýalar we tehnologiýalar ýaly möhüm ugurlarynyň beýany hökmünde kesgitlenen GDA-nyň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin ykdysady ösüşiniň Strategiýasynyň ýörelgelerine esaslanýandygyny bellemeli. Arkalaşyga gatnaşyjy döwletler hut şu ugurlarda halkara bazarlarda bäsdeşlige ukyply bolup bilerler hem-de geljekki hyzmatdaşlara netijeli gatnaşyklaryň bähbitli şertlerini teklip ederler.

GDA-nyň geografik çäklerinden uzaklarda hem gurama agza ýurtlaryň ykdysady bähbitlerini ilerletmegiň, serhetdeş döwletleriň, goňşy sebitleriň bilelikdäki taslamalara goşulyşmagynyň möhümdigini belläp, türkmen tarapy şunda, ilkinji nobatda, üstaşyr ulag düzümleriniň döredilmelidigine, energiýa serişdelerini ibermegiň ugurlarynyň giňeldilmelidigine, täze aragatnaşyk we kommunikasiýalar ulgamlarynyň çekilmelidigine birnäçe gezek ünsi çekdi. GDA ýurtlarynyň Demirgazyk — Günorta we Gündogar — Günbatar ugurlary boýunça durnukly geçelgeleriň döredilmegine işjeň gatnaşmaklary ýokarda görkezilen ulgamlarda üstünlikli hyzmatdaşlygyň esasy şertidir.

Geografik taýdan ýakynlygy hem-de taryhda emele gelen dost-doganlyk gatnaşyklary bilen birleşen Arkalaşygyň döwletleri hakykat ýüzünde uly artykmaçlyklara eýedirler, olaryň netijeli peýdalanylmagy ählumumy abadançylygyň bähbitlerine laýyk gelýär. Arkalaşyga gatnaşyjy ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň umumy pikirine görä, bu gurama geosyýasy hem-de geoykdysady babatda eýeleýän orunlaryna laýyklykda, yklymda has ähmiýetli orna mynasyp bolmalydyr. Gündogaryň we Günbataryň, Aziýanyň hem-de Ýewropanyň arasynda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmäge işjeň gatnaşmalydyr.

Medeni-ynsanperwer ulgam emele gelen oňyn gatnaşyklaryň hökmany möhüm şerti bolup durýar. Sebäbi ylym we bilim, medeniýet, sungat, ýaşlar syýasaty, saglygy goraýyş, sport ulgamlarynda hyzmatdaşlyk ýurtlaryňdyr halklaryň ýakynlaşmagynyň, olaryň arasynda ynanyşykly gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagynyň wajyp şerti bolupdy we şeýle bolmagynda-da galýar. Türkmenistan parlamentleriň ugry boýunça gatnaşyklary hemmetaraplaýyn höweslendirmek we işjeňleşdirmek, şu maksat bilen, Arkalaşygyň Parlamentara Assambleýasynyň tejribesini doly herekete getirmek ugrunda hem çykyş edýär.

Biziň ýurdumyz Arkalaşygyň halkara abraýynyň ýokarlanmagynyň, onuň häzirki zamanyň ählumumy, sebit ýagdaýlaryna ýetirýän oňyn täsiriniň artmagynyň tarapdarydyr. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň GDA agza döwletler bilen adamzady tolgundyrýan möhüm meseleler, ozaly bilen, häzirki zamanyň wehimlerine we howplaryna bilelikde garşy durmak, ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy, durnukly ösüşi üpjün etmek babatda deňeçer çözgütleri işläp taýýarlamak boýunça hyzmatdaşlyga ygrarlydygyny bellemek gerek.

Arkalaşygyň ýurtlary döwletara gatnaşyklarda deňhukuklylyk we özara hormat goýmak ýörelgelerine berk eýerýärler, ählumumy gün tertibinde parahatçylyk, oňyn gepleşikler medeniýetiniň kemala gelmegi, durnuklylygyň we howpsuzlygyň berkidilmegi ugrunda çykyş edip, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmäge uly goşant goşýarlar. Bu babatda Arkalaşygyň döwletleriniň halkara hem-de sebit guramalarynyň çäklerinde netijeli hyzmatdaşlygy bellärliklidir. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň möhüm ähmiýetli Kararnamalaryna garalanda we olar kabul edilende, BMG-niň saýlawly edaralaryna dalaşgärler boýunça ses bermekde özara goldaw bermegiň oňyn tejribesi toplandy. 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy hakynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň kabul eden Kararnamasynyň goldanylmagy munuň aýdyň subutnamalarynyň biridir. Ýurdumyzyň bu hukuk derejesi geçen ýyllaryň dowamynda häzirki zaman dünýäsiniň köp sanly möhüm meselelerini çözmäge goşant goşmakda özüniň netijeliligini görkezdi.

BMG-niň Baş Assambleýasynyň 77-nji sessiýasynyň şu ýylyň 6-njy dekabrynda geçirilen 45-nji umumy mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy esasynda ýene bir möhüm resminama — 2023-nji ýyly “Parahatçylygyň kepili hökmünde dialogyň halkara ýyly” diýip yglan etmek baradaky Kararnama garaldy hem-de biragyzdan kabul edildi.

Ýurdumyzyň öňe süren “Dialog — parahatçylygyň kepili” atly ählumumy başlangyjy dünýä halklarynyň parahatçylykly ýörelgelerini pugtalandyrmakda, umumy gymmatlyklaryny, dünýägaraýyşlaryny gaýtadan dikeltmekde, halkara gatnaşyklaryň aýrylmaz şerti hökmünde parahatçylyk we ynanyşmak medeniýetini kemala getirmekde dünýä bileleşiginiň tagallalarynyň utgaşdyrylmagyna gönükdirilendir. Bu başlangyjyň hemmetaraplaýyn goldanylmagy uly syýasy-diplomatik mümkinçiliklere eýe bolan GDA ýurtlarynyň Birleşen Milletler Guramasynda, beýleki iri halkara we sebit düzümlerinde dünýä syýasatyna, hukuk kadalaryna, dialog medeniýetine hormat goýmagy, döwletleriň arasyndaky gatnaşyklarda ynanyşmak we aýanlyk ýörelgelerini gaýtadan dikeltmek üçin raýdaşlykly çykyş edýändiklerini görkezýär. Hut şeýle garaýyşlar Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň durmuşa ukyplylygyny hem-de çeýeligini üpjün edýär. Hyzmatdaşlygyň täze gözýetimlerini we geljegini açýar, GDA-nyň halkara durnuklylygyň, howpsuzlygyň möhüm ulgamy hökmünde hereket etmegini şertlendirýär.

Ýokary derejedäki resmi däl duşuşyga gatnaşyjylar öňde durýan maksatlaryň we wezipeleriň umumydygyny belläp, goňşy ýurtlar bilen bilelikdäki işde toplanan oňyn tejribäni hasaba almak arkaly däp bolan hyzmatdaşlygy hil taýdan täze derejä çykarmaga, ony täze mazmun bilen baýlaşdyrmaga taýýardyklaryny ýene bir gezek tassykladylar. Şunuň bilen baglylykda, taraplar GDA gatnaşyjy döwletleriň daşary syýasat edaralarynyň arasynda gatnaşyklary işjeňleşdirmek, köptaraplaýyn syýasy geňeşmeleriň täsirli gurallaryny döretmek arkaly syýasy-diplomatik gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň zerurdygyny nygtadylar.

Döwlet Baştutanlary ýakyn we uzak geljegi nazarlaýan hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmagyň barşynda şu gezekki resmi däl duşuşygyň ählumumy bähbitlere laýyk gelýän täze taslamalary durmuşa geçirmekde mundan beýläk-de tagallalary birleşdirmäge kuwwatly itergi berjekdigine ynam bildirdiler.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasyna iş saparynyň maksatnamasy tamamlanandan soňra, “Pulkowo” Halkara howa menziline bardy we şol ýerden Watanymyza ugrady.