Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy «Täze aý» hojalyk jemgyýetiniň konditer önümlerini öndürýän «Datly şerbet» hususy kärhanasy hem konditer we süýji önümleriniň birnäçe görnüşlerini öndürmekde öňdebaryjylaryň hatarynda tanalýar. Önümçilik binýady barha kämilleşýän bu hususy kärhanada halkymyzyň azyk önümlerine bolan ösen isleglerini nazara almak bilen lezzetli süýjüleriň täze görnüşlerini öndürmek işleri guramaçylykly alnyp barylýar.
Täze ýyl baýramynyň öň ýanynda bu kärhanada ýene bir kuwwatly täze önümçilik tapgyry işe girizildi. Önümçilik bölüminde öň hereket edýän iki hatarda Türkiýe döwletiniň ösen tehnikalaryndan peýdalanylsa, bu täze işe goýberilen üçünji hatarda ornaşdyrylan ýokary tehnologiýaly enjamlar Germaniýa, Türkiýe döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň dünýä belli kompaniýalarynyň ýokary hilli enjamlarydyr. Tutuş awtomatik usulda dolandyrylýan bu enjamlaryň kuwwatlylygy bir gije-gündizde 20 tonna golaý huruşly şokolad örtükli süýjüleri, dürli miwe tagamly marmeladlary öndürmäge mümükinçiligi bar. Häzirki wagtda bu täze önümçilik tapgyrynyň sazlaşykly işledilmegi netijesinde ýokary hilli süýji önümleriniň 19 görnüşi öndürilýär. Bu süýjüler «Altyn pamyk», «Zemin», «Sarwan», «Uçgun», «Goňur», «Aryjyk», «Şowhun» ýaly we başga-da birnäçe döwrebap atlar bilen atlandyrylýar
Bu süýji önümleri bölüminde ýaşlaryň 230–a golaýy zähmet çekýär. Kärhananyň bu önümleri Özbegistan, Täjigistan,Owganystan ýaly döwletlere eksport edilýär. Telekeçiler öz önümlerini geljekde daşary ýurt bazarlarynyň ýene birnäçesine ibermekligi meýilleşdirýärler.