Ï Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Täze ýyl baýramy mynasybetli dynç gününi geçirmek hakynda
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Täze ýyl baýramy mynasybetli dynç gününi geçirmek hakynda

view-icon 10214

Ýurdumyzyň ilatynyň Täze ýyly dabaraly belläp geçmegi we oňat dynç almagy üçin oňaýly şertleri döretmek maksady bilen, şeýle hem Türkmenistanyň Zähmet kodeksiniň 81-nji maddasynyň 2-nji bölegine laýyklykda, karar edýärin:

1. 2023-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndaky dynç gününi 2-nji ýanwara — duşenbe gününe geçirmeli.

2. Şu Permanyň ýerine ýetirilmegini, eýeçiliginiň görnüşine garamazdan, ähli edaralar, kärhanalar we guramalar üpjün etmeli.

Türkmenistanyň Prezidenti
Serdar BERDIMUHAMEDOW.

Aşgabat şäheri, 2022-nji ýylyň 29-njy dekabry.