Ï «Gyzyl alma» hekaýaty ekranlaşdyryldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

«Gyzyl alma» hekaýaty ekranlaşdyryldy

view-icon 12956
«Gyzyl alma» hekaýaty ekranlaşdyryldy

Paýtagtymyzdaky «Aşgabat» kinoteatrynda «Gyzyl alma» atly filmiň tanyşdyrylyş dabarasy we ilkinji görkezilişi boldy.

Filmiň ýordumy Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi” atly kitabynda berlen hekaýatlaryň biri esasynda surata düşürildi. Oňa Hekim Alowow režissýorlyk etdi.

Film aw gözlegine çykyp, ajaýyp bir baga düşen Mergen atly ýaş awçy hakda gürrüň berýär. Bu ýerde ol tötänden bagbanyň gyzy Alma duşýar. Gyzyň gözelligine maýyl bolan ýigit bada-bat aşyk bolýar we çuňňur söýgüsiniň nyşany hökmünde oňa tumaryny berýär.

Mundan soň ýordum barha ýaýbaňlanýar. Iň gyzykly waka bolsa filmiň ahyrynda bolup geçýär. Tomaşaçylar üçin wakalaryň ýaýbaňlanyşyna we ýaş aktýorlaryň keşpleri ýerine ýetirişlerine tomaşa etmek gyzykly bolar. Baş gahrymanlaryň keşbinde Ahmet Amandurdyýew we Altyn Berdiýewa çykyş edýärler.

Täze film eseri Oguz han adyndaky “Türkmenfilm” birleşiginde döredildi. Film ýurdumyzyň iň gözel, ajaýyp künjeklerinde surata düşürildi.

Gahryman Arkadagymyzyň türkmeniň milli däp-dessurlary we gymmatlyklary barada gürrüň berýän, türkmen halkynyň dogruçyllygyny we zähmetsöýerligini wasp edýän kitabynda beýan edilýän rowaýatyň ekranlaşdyrylmagy kinoçylaryň Türkmenistanyň halkyna Täze ýyl sowgady boldy.