Ï Türkmenistanyň Prezidenti ýurdumyzyň Baş arçasynyň ýanynda guralan Täze ýyl dabaralaryna gatnaşdy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti ýurdumyzyň Baş arçasynyň ýanynda guralan Täze ýyl dabaralaryna gatnaşdy

view-icon 3891
Türkmenistanyň Prezidenti ýurdumyzyň Baş arçasynyň ýanynda guralan Täze ýyl dabaralaryna gatnaşdy

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow “Älem” medeni-dynç alyş merkeziniň meýdançasyndaky ýurdumyzyň Baş arçasynyň ýanynda guralan Täze ýyl dabaralaryna gatnaşdy.

Köpetdagyň eteginde, ak mermerli Aşgabadyň gözel künjekleriniň birinde ýerleşýän meýdançada ýurdumyzyň ýaş nesilleriniň gatnaşmagynda köpöwüşginli baýramçylyk dabaralary ýaýbaňlandyryldy.

Paýtagtymyz täze, 2023-nji ýyly baýramçylyk äheňinde bezelen köçeleriň, meýdançalaryň, seýilgähleriň sungat eserlerine çalymdaş dürli şekilleri, özboluşly baýramçylyk bezegleri bilen garşylaýar. Hemmeleriň söýüp garşylaýan baýramy mynasybetli guralýan esasy dabaralaryň geçirilýän ýeri paýtagtymyzdaky “Älem” medeni-dynç alyş merkezidir. Beýikligi 43 metr bolan arçanyň ýanynda guralan dabaralar hem dürli çyralar bilen utgaşyp, ertekiler şäherjigini ýada salýar.

Bu ýerde halk ertekileriniň gahrymanlarynyň keşpleri hem-de baýramçylyk bezegleri bilen bir bitewi sazlaşygy emele getirýän gyzykly, täsin şekiller hemmelerde ýakymly täsirleri galdyrýar. Şu günler ýurdumyzyň Baş arçasy köp sanly çagalary, şol sanda Diýarymyzyň dürli künjeklerinden gelen çagalary özüne çekýär. Paýtagtymyzdaky Täze ýyl dabaralaryna gatnaşmak üçin okuwda tapawutlanan okuwçylar, ders olimpiadalarynyň, sport ýaryşlarynyň we döredijilik bäsleşikleriniň ýeňijileri, çagalar öýlerinde terbiýelenýän körpeler çagyryldy.

Hemmeler sabyrsyzlyk bilen hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gelmegine garaşýar. Hormatly Prezidentimiz bilen baýramçylyk dabaralaryna gatnaşmagy we döwlet Baştutanymyzyň körpeleri Täze ýyl baýramy mynasybetli gutlamagy körpe nesilleri bilimler dünýäsine düýpli aralaşmaga, mähriban Watanymyzy has-da söýmäge ruhlandyrýar.

Döwlet Baştutanymyzyň awtoulagy meýdançanyň ýanynda saklandy. Milli lybasdaky çagalar hormatly Prezidentimize ajaýyp gül desselerini gowşurdylar.

Çagalar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy ruhubelentlik bilen garşylap, bagtly çagalyk üçin hoşallyklaryny beýan edýärler.

Ýaş nesiller baradaky alada hem-de olaryň döwrebap bilim-terbiýe almaklary ugrunda döredilýän şertler hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Körpeleriň ýerine ýetiren belent ruha beslenen goşgy setirleri Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň bagtyýar çagalygyň ýurduna öwrülmegine bildirilýän hoşallyk bolup ýaňlandy.

Joşgunly sazlaryň astynda döwlet Baştutanymyz bagtyýar çagalar bilen bilelikde Täze ýyl arçasynyň ýanyna barýar. Bu ýerde Täze ýyl baýramçylygynyň baş gahrymanlary Aýazbaba we Garpamyk hem-de tamamlanyp barýan ýylyň nyşany bolan barsyň we ýetip gelýän ýylyň nyşany bolan towşanyň keşbine giren çagalar türkmenistanlylaryň, ýaş nesilleriň adyndan hormatly Prezidentimizi Täze ýyl bilen gutladylar. Şeýle hem olar ýaş nesilleriň hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösüşi, ýokary derejeli bilim almagy, beden we ruhy taýdan sagdyn terbiýelenmegi ugrunda edilýän alada, döredilýän şertler üçin tüýs ýürekden hoşallyklaryny beýan etdiler.

Garpamyk uly hormat bilen döwlet Baştutanymyzy ýaşajyk artistleriň şanly waka mynasybetli taýýarlan döredijilik sowgatlary bolan aýdym-sazly, tansly çykyşlaryny tomaşa etmäge çagyrýar.

Bu ýerde baýramçylyk çykyşlary ýaýbaňlandyryldy. Ýaş aýdymçylar, sazandalar, çagalar tans toparlary öz ukyplaryny we zehinlerini açyp görkezdiler. Ak lybaslary geýnen çagalar toparynyň çykyşlary Baş arçanyň ýanyndaky meýdança ak gar düşen ýaly görnüşi emele getirdi. Çagalaryň şatlyklary, gülküleri bu ýerde guralan dabaranyň owazlary bilen bir bitewi sazlaşygy emele getirdi. Çagalar folklor toparlarynyň çykyşlary, türkmen hem-de dünýä halklarynyň ertekileriniň, halk döredijilik gahrymanlarynyň keşpleri bu ýerde guralan dabara özboluşly öwüşgin çaýdy.

Döwlet Baştutanymyz çagalaryň hemmelerde buýsanç duýgusyny döredýän çykyşlaryny synlady. Döwletimiziň we jemgyýetimiziň milli buýsanjy bolan çagalaryň köptaraplaýyn zehini hemmelerde guwanç döretdi. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, şu günki zehinli mekdep okuwçylary geljekde Watanymyzyň durmuş-ykdysady ösüşine goşant goşarlar.

Türkmenistanda ösüp gelýän ýaş nesilleriň ukyplaryny açyp görkezmekleri üçin ähli zerur şertler döredilýär. Köp sanly bäsleşikleriň, çagalaryň döreden işleriniň sergileriniň guralmagy olaryň öz mümkinçiliklerini açyp görkezmeklerinde, gyzyklanmalaryny, hünäre bolan höwesini has-da artdyrmakda örän ähmiýetlidir. Ýurdumyzda çagalaryň bagtyýarlygy üçin zerur şertler döredilýär. Ähli sebitlerde öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen mekdepleriň we mekdebe çenli çagalar edaralarynyň, sport, bedenterbiýe-sagaldyş toplumlarynyň gurulmagy munuň aýdyň beýanydyr.

Döwlet Baştutanymyzyň yzygiderli üns bermegi netijesinde körpe nesiller öz döredijilik, aň-paýhas ukyplaryny ösdürýärler, sport bilen işjeň meşgullanýarlar. Ýaşlar daşary döwletlerde geçirilýän abraýly bäsleşiklere, ýaryşlara gatnaşyp, ýurdumyza mynasyp wekilçilik edýärler hem-de medallara we baýrakly orunlara mynasyp bolýarlar.

...Soňra tamamlanyp barýan 2022-nji ýylyň nyşany bolan barsyň lybasyndaky hem-de 2023-nji ýylyň nyşany towşanyň lybasyndaky ýaşajyk artistler hormatly Prezidentimizden özleri bilen bilelikde Täze ýyl arçasynyň daşyndan aýlanmagy haýyş etdiler. Arkadagly Serdarymyz olara minnetdarlyk bildirdi we nesilleriň bagtyýarlygyny, agzybirligini, ajaýyp dessurlaryň dowamlylygyny alamatlandyrýan asylly ýörelgelere eýerip, çagalar bilen arçanyň daşyndan aýlandy.

Bu ýerde guralan dabara gatnaşan çagalaryň hemmesine baýramçylyk sowgatlary gowşuryldy.

Döwlet Baştutanymyz çagalaryň haýyşy boýunça olar bilen bilelikde şu günki şatlykly wakadan ýadygärlik hökmünde ýurdumyzyň Baş arçasynyň ýanynda surata düşdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow dabara gatnaşyjylar bilen hoşlaşyp, awtoulagynda ýurdumyzyň Söwda-senagat edarasyna tarap ugrady. Bu ýerde çagalar toparlarynyň, estrada artistleriniň, teatr we sirk ussatlarynyň gatnaşmagynda Täze ýyl mynasybetli guralýan baýramçylyklar dowam etdi. Täze ýyl arçasynyň ýanynda ýaýbaňlandyrylan çykyşlar dürli yşyklaryň, bezegleriň sazlaşygynda ertekilerdäki ýaly täsin görnüşleri emele getirdi.

Bu ýerde guralan baýramçylyk dabarasyna döwlet Baştutanymyz we ýurdumyzyň ýolbaşçy düzümi öz çagalary hem-de agtyklary bilen geldiler. Şeýle-de Täze ýyl mynasybetli guralan dabara daşary ýurtlaryň Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary çagalar bilen geldiler.

Hormatly Prezidentimiz teatr we sirk artistleriniň, tans toparlarynyň, çagalar döredijilik toparlarynyň, ýaş zehinli çagalaryň gatnaşmagynda taýýarlanan joşgunly çykyşlara tomaşa etdi.

Baýramçylyk äheňinde bezelen sahnada şadyýan aýdymlaryň, sazlaryň, joşgunly tanslaryň utgaşmagynda täsirli pursatlara beslenen çykyşlar ýaýbaňlandyryldy. “Güneş” hor toparynyň aýdymçylary, “Ruhubelent çagalar”, “Şowhun”, “Aýjan”, “Galkynyş” tans toparlary ýakymly pursatlary peşgeş berdiler. Bu ýerde aýdymçylaryň çykyşlaryna-da orun berildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň we daşary ýurtly diplomatlaryň çagalarynyň baýramçylyk mynasybetli Täze ýyl barada okan goşgulary, ýerine ýetiren aýdymlary şatlyk-şowhun bilen garşylandy.

Türkmen döwlet gurjak teatrynyň we Türkmenistanyň Döwlet sirkiniň artistleri tomaşaçylara döredijilik sowgatlaryny peşgeş berdiler. Olaryň çykyşlary şowhunly el çarpyşmalar bilen garşylandy. Çagalar aýdym-saz, tans kompozisiýalaryny hödürläp, özleriniň zehinlerini görkezdiler hem-de tomaşaçylara şatlyk paýlap, dabaranyň baýramçylyk öwüşginini has-da artdyrdylar.

Ýaşajyk artistler türkmen sungatynyň, medeniýetiniň uly geljeginiň bardygyny aýdyňlyk bilen görkezdiler. Milli mirasyň özboluşly ugurlaryny we häzirki zamanyň täzeçil ýörelgelerini özünde jemleýän çykyşlarda dünýä medeniýetiniň oňyn tejribeleri öz beýanyny tapdy. Munuň özi sungatyň ähli täzeçil, gyzykly taraplaryny açyp görkezdi.

Täze ýylyň hormatyna dabara gatnaşyjylara ägirt uly tort hödürlenildi.

Şeýlelikde, baýramçylyk dabaralary giň gerime eýe boldy. Munuň özi täsirli çykyşlaryň Täze ýyl gijesine çenli dowam edip, her bir öýe, her bir maşgala ýagşy arzuwlary, şatlykly pursatlary we baýramçylyk täsinliklerini eçiljekdigini alamatlandyrýar.

Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan çuňňur mana eýe bolan “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly” diýlip yglan edilen 2023-nji ýyla gadam basýar. Munuň özi halkymyzyň agzybirligini, ösüp gelýän ýaş nesilleriň hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda durmuşa geçirilýän syýasaty goldaýandygyny, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe eziz Watanymyzyň ähli ugurlar boýunça gazanýan üstünlikleriniň we derejesiniň belende galýandygyny görkezýär.