Ï Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly ýurdumyzyň täze üstünliklerine badalga berdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly ýurdumyzyň täze üstünliklerine badalga berdi

view-icon 191986

Geçen hepde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň milli bähbitleri goramaga, bütin dünýäde parahatçylygy pugtalandyrmaga gönükdirilen içeri we daşary syýasatynyň ähli ugurlarynda üstünliklere beslenen hem-de «Halkyň Arkadagly zamanasy» şygary astynda geçen 2022-nji ýyl tamamlandy. Bu ýylda Türkmenistan öz ösüşiniň «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» atly täze döwrüne gadam basdy.

26-njy dekabrda hormatly Prezidentimiziň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň resmi däl sammitine gatnaşmak üçin Russiýa Federasiýasynyň Sankt-Peterburg şäherine amala aşyran iş sapary ýurdumyzyň köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmegi maksat edinýändiginiň subutnamasy boldy. Duşuşygyň dowamynda 2022-nji ýylda amala aşyrylan işleriň netijeleri seljerildi we geljek döwür üçin ileri tutulýan wezipeler kesgitlenildi.

Şeýle hem GDA-nyň döwlet Baştutanlary özara we halkara hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Ýokary derejedäki resmi däl duşuşyga gatnaşyjylar öňde durýan maksatlaryň hem-de wezipeleriň umumydygyny belläp, goňşy ýurtlaryň bilelikdäki işiň toplanan oňyn netijesini hasaba almak bilen, däp bolan hyzmatdaşlygy täze derejelere çykarmaga taýýardyklaryny tassykladylar. Şunuň bilen baglylykda, taraplar GDA gatnaşyjy döwletleriň daşary syýasat edaralarynyň arasyndaky gatnaşyklary işjeňleşdirmek, yzygiderli köptaraplaýyn syýasy geňeşmeleriň mehanizmlerini döretmek arkaly syýasy-diplomatik gatnaşyklary giňeltmegiň zerurdygyny nygtadylar.

28-nji dekabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow paýtagtymyzyň günbatarynda täze, döwrebap ýaşaýyş jaý toplumynyň, umumybilim berýän mekdebiň, çagalar bagynyň, söwda-dynç alyş merkeziniň we beýleki desgalaryň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Bu durmuş maksatly taslama ýurdumyzyň paýtagtynyň çäkleriniň giňelmegi, şäher ilatynyň sanynyň artmagy nazara alnyp işlenip taýýarlanyldy. Gurluşyk işleri Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary tarapyndan ýerine ýetirildi.

Bu ýerde guralan dabara Milli Geňeşiň Mejlisiniň hem-de Halk Maslahatynyň ýolbaşçylarydyr wekilleri, wise-premýerler, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky ilçihanalarynyň we konsullyklarynyň, halkara guramalaryň ýanyndaky wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, daşary döwletleriň we halkara guramalaryň ýurdumyzda işleýän diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, hormatly ýaşulular, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Döwlet Baştutanymyz täze jaýa göçüp gelmek bagty miýesser eden maşgalada myhmançylykda boldy. Toplumyň çäginde bina edilen dükanlaryň birine baryp gördi, şeýle hem 320 orunlyk umumybilim berýän mekdebiň binasyna bardy. Bu ýerde ornaşdyrylan enjamlar sanly ulgamy ulanmak arkaly bilim bermäge mümkinçilik döredýär. Şeýle-de hormatly Prezidentimiz ýaş nesilleriň sazlaşykly ösüşi, olaryň ýaş aýratynlyklary nazara alnyp, wagtlaryny peýdaly geçirmekleri üçin ähli zerur şertler döredilen çagalar bagyna baryp gördi. Ýaşaýyş jaý toplumy otaglarynyň ýerleşdirilişi gowulandyrylan dört gatly ýaşaýyş jaýlarynyň 62-sinden ybarat bolup, olar 3064 maşgala niýetlenendir. Şeýle hem bu ýerde durmuş infrastrukturasynyň ähli zerur desgalary, söwda-dynç alyş merkezi, bazar, oýun we sport meýdançalary göz öňünde tutulypdyr.

Döwlet Baştutanymyz bu ýerde guralan dabara gatnaşýan daşary ýurtlaryň Türkmenistandaky ilçileri we halkara guramalaryň wekilhanalarynyň ýolbaşçylary bilen gürrüňdeş bolup, olary Täze ýyl baýramçylygy bilen gutlady we diplomatlara ýurdumyzyň durmuşynda möhüm ähmiýeti bolan dabaralara işjeň gatnaşýandyklary üçin minnetdarlyk bildirdi. Toplumyň ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyrmak boýunça uly işler ýerine ýetirilipdir, döwrebap ýol-ulag ulgamy döredilipdir.

29-njy dekabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisini geçirdi. Oňa welaýatlaryň, Aşgabat şäheriniň häkimleri hem çagyryldy.

Mejlisiň barşynda döwlet Baştutanymyz 2023-nji ýylyň “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly” atly şygaryny tassyklady. Ýylyň ady iri jemgyýetçilik birleşiklerinde, zähmet toparlarynda, okuw mekdeplerinde, ýurdumyzyň obadyr şäherlerinde geçirilen maslahatlarda ara alnyp maslahatlaşyldy we halkymyz tarapyndan giňden goldanylan teklipler nazara alnyp, Milli Geňeşiň Mejlisi tarapyndan kabul edildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň garamagyna 2023-nji ýylyň nyşanynyň taslamasy hödürlenildi. Nyşanda ýerleşdirilen şekiller Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiziň parahatçylygyny we bagtyýarlygyny, ösüşe, oňyn özgertmelere tarap ymtylyşy hem-de ýaşlaryň watançylyk duýgusyny alamatlandyrýar. Türkmenistanyň bagtyýar geljegi ýaşlar bilen berk baglanyşyklydyr. Nyşanyň umumy mazmuny Gahryman Arkadagymyzyň ak ýoly bilen Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda bütin halkymyzyň jebis bolup, ýaşlar bilen geljekde ata Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda gujur-gaýratly zähmet çekjekdiklerini alamatlandyrýar.

Döwlet Baştutanymyz 2022-nji ýylda alnyp barlan giň gerimli işler barada aýdyp, bu ýylyň «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýyly hökmünde berkarar döwletimiziň taryhynda hemişelik galjakdygyna ynam bildirdi. Bu ýylda ýurdumyzyň daşary we içeri syýasatynda köp işler amala aşyryldy. Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň 2022 — 2028-nji ýyllar üçin Konsepsiýasynyň kabul edilmegi hem-de onuň durmuşa geçirilip başlanmagy amala aşyrylan işiň esasy netijeleriniň hatarynda görkezildi. Bu resminama laýyklykda, Bitarap Watanymyz sebit we ählumumy derejede parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmek ýaly örän möhüm wezipeleri çözmek üçin tagalla edýär. Hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyndan gelip çykýan wezipeler yzygiderli durmuşa geçirilýär. Syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn hyzmatdaşlyk giňeldilýär.

2022-nji ýylda ýurdumyzyň Hökümet wekiliýetiniň daşary ýurtlara saparlarynyň amala aşyrylandygy, döwlet we hökümet Baştutanlarynyň Türkmenistana sapar bilen gelendikleri bellenildi. 2023-nji ýylda dünýäniň birnäçe ýurtlarynyň ýolbaşçylary bilen ýokary derejedäki gepleşikler meýilleşdirilýär. Şeýle hem abraýly halkara we sebit guramalary, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasy bilen netijeli hyzmatdaşlygy yzygiderli giňeltmäge uly ähmiýet berilýär. Şunuň bilen birlikde, Garaşsyz döwletimiz Ýewropa Bileleşigi, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasy, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasy we Bütindünýä Söwda Guramasy bilen netijeli hyzmatdaşlyk edýär.

Milli ykdysadyýetimizi ösdürmek üçin maksatnamalaýyn işleriň yzygiderli durmuşa geçirilýändigine, ähli pudaklarda ýokary ösüş depginleriniň gazanylýandygyna aýratyn üns çekildi. Şeýlelikde, 2022-nji ýyl ýurdumyzda döredijiligiň we şanly wakalaryň ýyly boldy. Syýasy, ykdysady, medeni ulgamlarda uly üstünlikler gazanyldy. Giň gerimli jemgyýetçilik-syýasy, durmuş-ykdysady özgertmeler amala aşyryldy.

Ýurdumyzy mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen, «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy» kabul edildi. Bu Maksatnamanyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde, geçip barýan ýylda-da jemi içerki önümiň durnukly ösüş depgini gazanyldy. Zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň we talyp haklarynyň 10 göterim artdyrylan möçberi öz wagtynda doly maliýeleşdirildi.

Nygtalyşy ýaly, ýurdumyzda hereket edýän kanunçylyk namalary meýilnamalaýyn esasda, döwrüň talabyna görä kämilleşdirilýär. Türkmenistanyň parlament diplomatiýasy aýratyn işjeňlik görkezdi. Şeýle hem ýurdumyz ykdysady bähbitlerini öňe sürýär we Watanymyzyň dünýä giňişliginde abraýy ýokarlanýar. «Döwlet adam üçindir!» diýen ýörelgämize eýermek bilen, biz ilatymyzyň hal-ýagdaýyny gowulandyrmaga köp serişdeleri gönükdirýäris diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we ýurdumyzyň ähli sebitlerinde senagat hem-de önümçilik desgalarynyň, iri ýaşaýyş toplumlarynyň gurluşygynyň dowam edýändigini belledi.

Täze ýyl baýramçylygy ýetip geldi. Ol dynç gününe gabat gelýär diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň ilatynyň Täze ýyly dabaraly belläp geçmegi we gowy dynç almagy üçin, 2023-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndaky dynç gününi 2-nji ýanwara geçirmek hakynda Permana gol çekdi hem-de Täze ýylyň baýram edilýän günlerinde şäherleriň we obalaryň kadaly ýaşaýyş-durmuş şertlerini üpjün edýän ähli gulluklaryň nobatçylygyny guramak bilen bagly meselelere mejlise gatnaşyjylaryň ünsüni çekdi.

Şeýle hem geçen hepdede döwlet Baştutanymyz Ahal welaýatynyň Arkadag şäherindäki binalaryň we desgalaryň açylyş dabarasynyň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegi üçin degişli guramaçylyk toparyny döretmek we onuň düzümini tassyklamak hakynda Karara gol çekdi.

29-njy dekabrda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda geçirilen telefon arkaly söhbetdeşligiň barşynda türkmen we özbek halklarynyň düýpli bähbitlerine laýyk gelýän döwletara hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy hem-de geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy. Söhbetdeşler taraplaryň ähli ulgamlarda däp bolan gatnaşyklary mundan beýläk-de giňeltmäge taýýardygyny belläp, köpasyrlyk dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryna esaslanýan hyzmatdaşlygyň bilelikdäki tagallalar bilen Türkmenistanyň we Özbegistanyň halklarynyň abadançylygynyň bähbidine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.

30-njy dekabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow “Älem” medeni-dynç alyş merkeziniň meýdançasyndaky ýurdumyzyň Baş arçasynyň ýanynda guralan Täze ýyl dabaralaryna gatnaşdy. Oňa gatnaşmak üçin okuwda tapawutlanan okuwçylar, ders olimpiadalarynyň, sport ýaryşlarynyň we döredijilik bäsleşikleriniň ýeňijileri, çagalar öýlerinde terbiýelenýän körpeler çagyryldy.

Beýikligi 43 metr bolan arçanyň ýanynda guralan dabarada baýramçylyk çykyşlary ýaýbaňlandyryldy. Ýaş aýdymçylar, sazandalar, çagalar tans toparlary öz ukyplaryny açyp görkezdiler. Hormatly Prezidentimiz olara minnetdarlyk bildirdi we nesilleriň bagtyýarlygyny, agzybirligini hem-de ajaýyp dessurlaryň dowamatlylygyny aňladýan asylly ýörelgelere eýerip, çagalar bilen arçanyň daşyndan aýlandy.

Dabara gatnaşan ähli çagalara Täze ýyl sowgatlary gowşuryldy. Arkadagly Serdarymyz çagalaryň haýyşy boýunça olar bilen bilelikde bu günki şatlykly wakadan ýadygärlik hökmünde ýurdumyzyň Baş arçasynyň ýanynda surata düşdi.

Soňra baýramçylyk dabarasy ýurdumyzyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda dowam etdi. Döwlet Baştutanymyz we ýurdumyzyň ýolbaşçy düzümi öz çagalary hem-de agtyklary bilen bu ýere geldiler. Şeýle-de Täze ýyl mynasybetli guralan dabara daşary ýurtlaryň Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary çagalary bilen geldiler.

Teatr we sirk artistleriniň, tans toparlarynyň, çagalar döredijilik toparlarynyň gatnaşmagynda taýýarlanan joşgunly çykyşlara tomaşa edildi. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň we daşary ýurtly diplomatlaryň çagalarynyň baýramçylyk mynasybetli Täze ýyl baradaky goşgulary we ýerine ýetiren aýdymlary şatlyk-şowhun bilen garşylanyldy.

Täze, 2023-nji ýyly ildeşlerimiz uly ruhubelentlik bilen garşyladylar. “Älem” medeni-dynç alyş merkeziniň öňünde bezelen meýdançada paýtagtymyzyň köp sanly ýaşaýjylary we myhmanlary ýygnandylar. Teleköpri arkaly Aşgabatdaky Täze ýyl dabarasyna welaýatlar hem goşuldylar. Paýtagtymyzy ýurdumyzyň bäş welaýatynyň edara ediş merkezleri bilen baglanyşdyrýan monitorlar “Türkmeniň ak öýi” binalarynyň öňündäki meýdançalarda ýerleşdirilipdir.

Hormatly ýaşulularyň, kümüş saçly eneleriň we çagalaryň, Aşgabat şäheriniň häkiminiň döwlet Baştutanymyza gutlaglaryna sungat ussatlary, köp sanly döredijilik toparlary goşulyşdylar.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň türkmen halkyna Täze ýyl mynasybetli Gutlagynda «Halkyň Arkadagly zamanasy» şygary astynda geçen 2022-nji ýylda gazanylan beýik üstünlikler we giň gerimli başlangyçlar beýan edildi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz aýdyň maksatlar, uly umytlar bilen garşy alýan täze ýylymyzyň parahatçylygyň, il-ýurt bähbitli uly üstünlikleriň, tutumly işleriň ýyly boljakdygyna ynam bildirdi.

Täze ýylyň öňüsyrasynda hormatly Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ähli ildeşlerimize täze “Dowam bolsun!” goşgusyny sowgat edendigini bellemek gerek. Goşgynyň setirlerinde türkmen jemgyýetiniň döredijilik ruhy öz beýanyny tapýar:

Giň jahanda dostluk berkäp,
Şatlyk-gülki, owaz bolsun!
Türkmeniň döwletli ýoly
Ak geljege dowam bolsun!

Türkmen halkynyň belent ahlak ýörelgelerinden ugur alnyp, döwletimizde ýaş nesilleriň hemmetaraplaýyn ösmegi, döredijilik ukyp-başarnyklaryny açyp görkezmekleri üçin ähli şertler döredilýär. Howandarlyga mätäç çagalara aýratyn üns berilýär. Täze ýylyň ilkinji gününde Söwda-senagat edarasynyň zalynda Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli dabara geçirildi. Onuň dowamynda Döwletliler köşgünde terbiýelenýän çagalara hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň hem-de Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan sowgatlar gowşuryldy.

Şeýlelikde, 2023-nji ýyl beýik üstünlikleriň ýolundaky ilkinji ädimlerini ätdi. Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanda bu ýyl “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly” şygary astynda geçer. Munuň özi halkymyzyň jebisligini, ýaş nesillerimiziň hormatly Prezidentimiziň alyp barýan syýasatyny goldaýandygyny aýdyň görkezýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ata Watanymyz täzeden-täze sepgitlere ýetýär.