Ï Ýurdumyzda +18 gradusa çenli maýyl howa bolar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ýurdumyzda +18 gradusa çenli maýyl howa bolar

view-icon 3462
Ýurdumyzda +18 gradusa çenli maýyl howa bolar

Ýanwar aýynyň başynda Türkmenistanda maýyl howanyň bolmagyna garaşylýar. Howa gündizlerine +18 gradusa çenli maýyl bolar.

Aşgabatda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, howanyň temperaturasy gündizlerine +13… +17, gijelerine +6…+9 gradus bolar. Hepdäniň dowamynda howanyň temperaturasy gündizlerine +20 gradusa çenli maýlar. Şeýle hem ýagyş ýagar diýlip çak edilýär.

Ahal welaýatynda hem açyk howa bolup, howanyň temperaturasy gündizlerine +13… +17, gijelerine +6… +8 gradus bolar. Hepdäniň dowamynda howanyň üýtgemegine we ýagşyň ýagmagyna garaşylýar.

Balkan welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolar. Howanyň temperaturasy gündizlerine +13… +19, gijelerine +2...+7 gradus bolar.

Mary welaýatynda bulutly howa bolar. Howanyň temperaturasy gündizlerine +12… +17, gijelerine +5… +10 gradus bolar.

Lebap welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, howanyň temperaturasy gündizlerine +10… +15, gijelerine +4… +9 gradus bolar. Ýagyş ýagmagy mümkin.

Daşoguz welaýatynda bulutly howa bolar. Howanyň temperaturasy gündizlerine +6… +11, gijelerine +2…+7 gradus bolar. Welaýatyň käbir ýerlerinde ýagyş ýagar.