Ï Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi

view-icon 2884
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary A.Ýazmyradowyň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» şygary astynda başlanan täze, 2023-nji ýylda sanly ulgam arkaly ilkinji iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň welaýatlarynda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy bilen baglanyşykly meselelere garaldy.

Ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi Ý.Gurbanowa söz berildi. Häkim häzirki wagtda welaýatda alnyp barylýan oba hojalyk işleriniň barşy, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň kabul edilen maksatnamalaryna laýyklykda meýilleşdirilen işleriň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Hasabatda bellenilişi ýaly, bugdaý ekilen meýdanlarda ideg işleri agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda alnyp barylýar, gowaça ekiljek ýerlerde sürüm we tekizleýiş işleri meýilnamalaýyn esasda dowam edýär. Öňümizdäki oba hojalyk möwsüminde ulanyljak tehnikalar we gurallar abatlanylýar, ýazlyk ýeralmanyň, beýleki gök-bakja ekinleriniň ekişine taýýarlyk görülýär.

Şeýle hem häkim welaýatda ýyladyş ulgamlaryny kadaly işletmek, elektrik energiýasy, suw we tebigy gaz bilen bökdençsiz üpjün etmek ugrunda görülýän zerur çäreler barada habar berdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda geçirilmeginiň möhüm talap bolup durýandygyny belledi hem-de gowaça ekiljek meýdanlary sürmek we tekizlemek, tehnikalary, gurallary abatlamak işleriniň talabalaýyk guralmagy babatda häkime birnäçe anyk tabşyryklary berdi. Mundan başga-da, döwlet Baştutanymyz welaýatyň bugdaý ekilen meýdanlaryndaky ideg işlerine ünsi çekip, olaryň agrotehnikanyň talaplaryny berk berjaý etmek arkaly alnyp barylmagyny gözegçilikde saklamak babatda häkime degişli tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna, şeýle hem Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, welaýatda meýilleşdirilen gurluşyk işleriniň berk gözegçilikde saklanylmagy babatda häkime birnäçe görkezmeleri berdi.

Soňra Balkan welaýatynyň häkimi T.Atahallyýew ýurdumyzyň günbatar sebitinde dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýagdaýy, hususan-da, bugdaý meýdanlarynda ideg işleriniň geçirilişi barada hasabat berdi. Häkim welaýatyň bugdaý ekilen meýdanlarynda ideg işleriniň agrotehniki kadalara laýyklykda ýerine ýetirilýändigi, gowaça ekiljek ýerlerde sürüm we tekizleýiş işleriniň geçirilýändigi, oba hojalyk möwsüminde ulanyljak tehnikalaryň we gurallaryň abatlanylýandygy barada habar berdi. Şeýle-de welaýatda gant şugundyrynyň hasylyny ýygnamak işleri dowam edýär, ýazlyk ýeralmanyň we beýleki gök-bakja ekinleriniň ekişine taýýarlyk görülýär.

Bulardan başga-da, welaýatda ýaşaýyş jaýlarynyň we beýleki medeni-durmuş maksatly binalaryň ýyladyş ulgamlaryny kadaly işletmek, elektrik energiýasy, suw, tebigy gaz bilen bökdençsiz üpjün etmek, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamalarynda göz öňünde tutulan wezipeleri ýerine ýetirmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berildi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ähmiýetine ünsi çekdi hem-de bugdaý ekilen meýdanlarda ideg işleriniň talabalaýyk geçirilmegi babatda häkime birnäçe tabşyryklary berdi. Şeýle-de hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow gowaça ekiljek meýdanlarda sürüm we tekizleýiş işlerini talabalaýyk geçirmek, welaýatda ýetişdirilen gant şugundyrynyň hasylyny ýygnap almak babatda häkime birnäçe anyk görkezmeleri berdi.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyndan hem-de Oba milli maksatnamasyndan gelip çykýan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmeginiň möhümdigini belledi hem-de welaýatda meýilleşdirilen medeni-durmuş maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň depginini ýokarlandyrmak babatda häkime anyk görkezmeleri berdi.

Sanly ulgam arkaly geçirilýän iş maslahaty Daşoguz welaýatynyň häkimi N.Nazarmyradowyň ýurdumyzyň demirgazyk sebitinde alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri baradaky hasabaty bilen dowam etdi. Hasabatda bellenilişi ýaly, häzirki wagtda welaýatyň bugdaý ekilen meýdanlarynda ideg işleri agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda geçirilýär, gowaça ekiljek ýerlerde sürüm we tekizleýiş işleri meýilnama laýyklykda alnyp barylýar. Şeýle-de öňümizdäki oba hojalyk möwsüminde ulanyljak tehnikalary we gurallary abatlamak, ýazlyk ýeralmanyň we beýleki gök-bakja ekinleriniň ekişine taýýarlyk görmek boýunça zerur işler geçirilýär. Şunuň bilen bir hatarda, häkim welaýatda ýaşaýyş jaýlarynyň, mekdepleriň, çagalar baglarynyň ýyladyş ulgamlaryny kadaly işletmek, elektrik energiýasy, tebigy gaz we agyz suwy bilen bökdençsiz üpjün etmek, ýurdumyzyň sebitlerini durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň kabul edilen maksatnamalaryny ýerine ýetirmek ugrunda degişli işleriň alnyp barylýandygyny habar berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba hojalyk pudagynyň milli ykdysadyýetimizde eýeleýän möhüm ornuny belledi hem-de gowaça ekiljek meýdanlarda sürüm we tekizleýiş işleriniň talabalaýyk geçirilmeginiň wajypdygyna ünsi çekip, bu babatda häkime degişli tabşyryklary berdi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz welaýatyň bugdaý ekilen meýdanlarynda ideg işleriniň agrotehniki kadalara laýyklykda geçirilmeginiň, ýazlyk ýeralmanyň we beýleki gök-bakja ekinleriniň ekişine taýýarlyk görülmeginiň berk gözegçilikde saklanylmagy babatda häkime birnäçe görkezmeleri berdi.

Bulardan başga-da, hormatly Prezidentimiz Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, welaýatda meýilleşdirilen gurluşyk işleriniň ýerine ýetirilişini berk gözegçilikde saklamagy häkime tabşyrdy.

Soňra Lebap welaýatynyň häkimi Ş.Amangeldiýew häzirki wagtda welaýatda dowam edýän oba hojalyk işleriniň ýagdaýy hem-de ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamalaryndan gelip çykýan wezipeleriň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Hasabatda bellenilişi ýaly, şu günler welaýatyň bugdaý ekilen meýdanlarynda ideg işlerini agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda geçirmek, gowaça ekiljek ýerlerde sürüm we tekizleýiş işlerini guramaçylykly alyp barmak, öňümizdäki oba hojalyk möwsüminde ulanyljak tehnikalarydyr gurallary abatlamak hem-de ýazlyk ýeralmanyň we beýleki gök-bakja ekinleriniň ekişine taýýarlyk görmek boýunça zerur çäreler durmuşa geçirilýär.

Bulardan başga-da, häkim welaýatda ýaşaýyş jaýlarynyň we beýleki medeni-durmuş maksatly desgalaryň ýyladyş ulgamlaryny kadaly işletmek, elektrik energiýasy, suw, tebigy gaz bilen bökdençsiz üpjün etmek ugrunda ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, şu günler dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işlerine ünsi çekdi hem-de gowaça ekiljek meýdanlarda sürüm we tekizleýiş işleriniň talabalaýyk geçirilmeginiň, ýazlyk ýeralmanyň, beýleki gök-bakja ekinleriniň ekişine degişli derejede taýýarlyk görmegiň möhümdigini belledi we bu babatda häkime birnäçe görkezmeleri berdi. Şeýle-de döwlet Baştutanymyz bugdaý ekilen meýdanlarda ideg işleriniň agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda geçirilmegini berk gözegçilikde saklamak babatda häkime birnäçe tabşyryklary berdi.

Bulardan başga-da, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamalaryna laýyklykda, welaýatda gurluşygy alnyp barylýan medeni-durmuş maksatly desgalardaky işleriň depginlerini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Soňra Mary welaýatynyň häkimi D.Annaberdiýew welaýatda dowam edýän oba hojalyk işleriniň barşy, ýazky ekişe taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, şu günler welaýatyň gowaça ekiljek meýdanlarynda sürüm we tekizleýiş işleri meýilnama laýyklykda alnyp barylýar, öňümizdäki oba hojalyk möwsüminde ulanyljak tehnikalar we gurallar abatlanylýar. Şeýle hem bugdaý ekilen meýdanlarda ideg işleri agrotehnikanyň kadalaryny berk berjaý etmek bilen ýerine ýetirilýär, gant şugundyrynyň hasylyny ýygnap almak, ýazlyk ýeralmanyň we beýleki gök-bakja ekinleriniň ekişine taýýarlyk görmek boýunça degişli işler geçirilýär.

Şunuň bilen bir hatarda, häkim welaýatda ýaşaýyş jaýlarynyň, mekdepleriň we çagalar baglarynyň ýyladyş ulgamlaryny kadaly işletmek, elektrik energiýasy, suw, tebigy gaz bilen bökdençsiz üpjün etmek ugrunda amala aşyrylýan işler barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, dowam edýän oba hojalyk işleriniň ähmiýetine ünsi çekdi hem-de gowaça ekiljek meýdanlarda sürüm we tekizleýiş işlerini talabalaýyk geçirmek, oba hojalyk işlerinde ulanyljak tehnikalary, gurallary taýýarlamak babatda häkime degişli görkezmeleri berdi. Şeýle-de hormatly Prezidentimiz welaýatyň bugdaý ekilen meýdanlarynda ideg işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda geçirilmeginiň, ýazlyk ýeralmanyň we beýleki gök-bakja ekinleriniň ekişine taýýarlyk görmegiň zerurdygyny aýdyp, häkime bu babatda birnäçe tabşyryklary berdi.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň kabul edilen maksatnamalaryndan gelip çykýan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmeginiň möhümdigini belläp, welaýatda meýilleşdirilen gurluşyk işleriniň berk gözegçilikde saklanylmagy babatda häkime anyk tabşyryklary berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýazmyradow ýurdumyzyň welaýatlarynda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýagdaýy hem-de pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli Kararlaryna laýyklykda, ýurdumyzyň oba hojalyk pudagy üçin satyn alynmagy göz öňünde tutulýan tehnikalaryň ençemesi ýurdumyza gelip gowuşdy. Şu günler welaýatlaryň bugdaý ekilen meýdanlarynda ideg işleri, hususan-da, ösüş suwuny tutmak, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleri dowam edýär.

Şeýle hem gowaçanyň we beýleki oba hojalyk ekinleriniň düýbüni tutmak maksady bilen, ýazky ekiş möwsümine taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Hususan-da, şu ýylyň ýazky ekiş möwsüminde pagtaçy daýhanlary ýokary hilli gowaça tohumlary bilen üpjün etmek boýunça degişli işler geçirilýär. Şunuň bilen birlikde, ekiş möwsüminde işlediljek tehnikalary we gurallary abatlamak, olary talabalaýyk saklamak boýunça zerur çäreler görülýär. Wise-premýer häzirki wagtda ilatymyzy ýurdumyzda öndürilýän ýeralma, gök-bakja we beýleki azyklyk oba hojalyk önümleri bilen üpjün etmek maksady bilen, welaýatlarda şu ýylda bu ekinleriň ekiljek ýerlerini taýýarlamak işleriniň bellenen meýilnama laýyklykda alnyp barylýandygyny hem habar berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, oba hojalyk pudagynyň ýurdumyzyň milli ykdysadyýetindäki möhüm ornuna ünsi çekdi hem-de şu günler dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň, aýratyn-da, bugdaý ekilen meýdanlardaky ideg işleriniň agrotehnikanyň talaplaryny berk berjaý etmek bilen geçirilmeginiň möhüm talap bolup durýandygyny belledi.

Hormatly Prezidentimiz gowaça ekiljek meýdanlary taýýarlamak, oba hojalyk işlerinde ulanyljak tehnikalary we gurallary abatlamak boýunça ähli zerur tagallalaryň edilmelidigini nygtady hem-de bu babatda wise-premýere birnäçe görkezmeleri berdi. Şeýle-de hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasaryna, welaýatlaryň häkimlerine ýüzlenip, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň, hususan-da, bugdaýa ideg etmek, gowaça ekiljek meýdanlary ekişe taýýarlamagyň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda geçirilmeginiň üpjün edilmegine hem-de şu günki günüň wajyp meseleleriniň biri bolan kärendeçiligi ösdürmek işine jogapkärçilikli çemeleşmegiň zerurdygyny aýtdy we degişli tabşyryklary berdi.

Sanly ulgam arkaly geçirilen iş maslahatynda oňa gatnaşyjylar döwlet Baştutanymyzy “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly” diýlip yglan edilen täze, 2023-nji ýyl bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutladylar.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly geçirilen iş maslahatyny tamamlap, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, berkarar Watanymyzyň rowaçlygynyň hem-de mähriban halkymyzyň abadan durmuşynyň üpjün edilmegine gönükdirilen giň gerimli işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.