Ï «Watan» kinokonsert merkezinde Täze ýyl çykyşlary geçirilýär
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

«Watan» kinokonsert merkezinde Täze ýyl çykyşlary geçirilýär

view-icon 5982
«Watan» kinokonsert merkezinde Täze ýyl çykyşlary geçirilýär
camera-icon
Alekseý Gimalitdinow

Gyşky dynç alyş günleri mekdep okuwçylarydyr mekdep ýaşyna ýetmedik çagalar üçin ýurdumyzyň teatrlarynda we medeni merkezlerinde guralýan gyzykly Täze ýyl çykyşlaryna we tomaşalaryna gatnaşyp bolýan iň ajaýyp döwürdir.

Çagalar üçin döredijilik sowgatlarynyň biri-de Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyplary, şeýle hem çagalaryň söýgüli artisti Aşyr dädäniň taýýarlan sirk şüweleňi boldy.

Şu günler «Watan» kinokonsert merkezinde baýramçylyk howasy höküm sürýär. Diňe sahnada däl, eýsem zalda-da kiçijek Aýazbaba, kinniwanja Garpamyga we beýleki erteki gahrymanlaryna duşmak bolýar.

Çaga çykyşlaryna çagalar özleri üçin iň owadan Täze ýyl şüweleň lybaslaryny saýlaýarlar. Muny hemmeleri Täze ýyl bilen gutlamaga howlugýan Aşyr däde hem belleýär.

Ýöne baýramda elmydama kimdir biri ýetenok. «Kimkä?» – diýip, Aşyr däde soraýar. Elbetde, Aýazbaba bilen Garpamyk. Çagalar dabaranyň esasy sebäpkärlerini biragyzdan çagyrýarlar. Bir salymdan Aýazbaba bilen onuň agtygy Garpamyk sahna çykýar. Gyzykly konsert başlanýar.

Aşyr däde çagalary degişmedir ýomaklar bilen güýmeýär. Hatda, ulularam, özlerini saklap bilmän, artistiň gülkünç sowallaryna jogap berýärler. Her dogry jogap üçin çagalar süýji sowgatlar alýarlar. Maksatnamany Täze ýyl aýdymlaryny ýerine ýetirýän wokalçylar we sirk çykyşlary dowam etdirýär.

Ezber žonglýor Amangeldi Meredow öz ussatlygyny – dürli zatlar bilen žonglýor oýunlaryny görkezýär. Dürli reňkli toplar we halkalar yzly-yzyna howa uçýarlar. Artist soňra ýoldaşyny sahna çagyrýar. Çagalar beýan edip bolmajak şatlygy başdan geçirýärler. Her kim özüni sirk artisti hökmünde synap görmek isleýär.

Soňra žonglýor, esbaplaryny aýlanýan tabaklar üçin üýtgedip, batyrlary sahna çagyrýar. Hoşal bolan oglandyr gyzlar inçe taýajyklaryň ujunda pyrlanýan tabaklary saklamaga synanyşýarlar we munuň hötdesinden aňryýany bilen gelýärler.

Çykyşdan soň hiç kim çykyp gidiberenok. Çagalar we olaryň ene-atalary şadyýan masgarabaz bilen surata düşmek, Aşyr däde bilen elleşmek we Täze ýyl agajynyň daşyndan aýlanyp, tans etmek isleýärler.

«Watan» kinokonsert merkezinde estrada we sirk çykyşlary 10-njy ýanwara çenli her gün 15:00-da geçirilýär.