Ï Türkmenistanyň Prezidentiniň Hytaý Halk Respublikasyna döwlet sapary başlandy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidentiniň Hytaý Halk Respublikasyna döwlet sapary başlandy

view-icon 7852
Türkmenistanyň Prezidentiniň Hytaý Halk Respublikasyna döwlet sapary başlandy

Şu gün irden hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow döwlet sapary bilen Hytaý Halk Respublikasyna ugrady.

Döwlet Baştutanymyzy Aşgabadyň Halkara howa menzilinde ýurdumyzyň resmi adamlary, şeýle-de HHR-iň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Sýan Naýçen ugratdylar.

Hormatly Prezidentimiz bu ýerde hytaýly diplomat bilen gürrüňdeş bolup, bu gezekki saparyň täze ýyldaky ilkinji daşary ýurda saparydygyny aýratyn belledi hem-de onuň 6-njy ýanwarda bellenilýän şanly sene — Türkmenistan bilen Hytaýyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 31 ýyllygy bilen gabat gelmeginiň buýsançly ýagdaýdygyny aýtdy. Döwlet Baştutanymyz şu gezekki saparyň jemleriniň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmegine kuwwatly itergi berjekdigine ynam bildirdi.

Hoşniýetli sözler üçin sagbolsun aýdyp, dostlukly ýurduň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi hytaý tarapynyň Pekinde geçjek ýokary derejedäki duşuşyga uly ähmiýet berýändigini nygtady we döwletara gatnaşyklaryň ýyl ýazgysynda täze sahypany açjak gepleşikleriň üstünliklere beslenmegini arzuw etdi.

...Alty sagatdan gowrak wagtdan soňra, hormatly Prezidentimiziň uçary Pekiniň bu taryhy ähmiýetli waka mynasybetli iki dostlukly ýurduň Döwlet baýdaklary bilen bezelen “Şoudu” Halkara howa menziline gelip gondy.

Uçaryň ýanynda döwlet Baştutanymyzy dostlukly ýurduň resmi adamlary garşyladylar. Milli lybasdaky gyz hormatly Prezidentimize ajaýyp gül dessesini gowşurdy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow iki tarapynda Hormat garawulynyň esgerleri nyzama düzülen haly ýodajyk bilen özüne garaşýan awtoulaga bardy. Howa menzilinden döwlet Baştutanymyzyň awtoulag kerweni sapar mahalynda özi üçin niýetlenen kabulhanasy ýerleşýän “Dýaoýuýtaý” myhmanhanasyna tarap ugrady.

Hormatly Prezidentimiziň kabulhanasynyň bu myhmanhanada ýerleşmegi döwlet Baştutanymyza bildirilýän çuňňur hormatyň nyşanydyr. Geçmişde “Dýaoýuýtaý” myhmanhanasy hytaý imperatorlarynyň kabulhanasy bolupdyr. 800 ýyldan gowrak taryha eýe bolan bu tebigy binagärlik toplumy häzirki wagtda Pekiniň esasy ajaýyplyklarynyň biridir.

6-njy ýanwarda Hytaýyň paýtagtynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin bilen resmi duşuşygy bolar. Ýokary derejede geçiriljek we uzak möhletleýin, özara bähbitli esasda ýola goýulýan, däp bolan hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine kuwwatly itergi berjek duşuşyga uly ynam bildirilýändigini bellemeli.

Mälim bolşy ýaly, 2013-nji ýylyň sentýabr aýynda gol çekilen Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasynyň arasynda strategik hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ýola goýmak barada bilelikdäki Jarnama döwletara gatnaşyklary ösdürmekde täze tapgyryň başyny başlady. Iki ýurduň we dostlukly halklaryň milli bähbitlerine laýyk gelýän bu taryhy çözgüt köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ähli ugurlar boýunça okgunly ösdürilmegini şertlendirdi. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýakynda geçirilen mejlisinde Pekin şäherinde ýokary derejede guraljak gepleşikleriň ähmiýeti barada aýdyp, ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde ýola goýulýan türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynyň netijeli häsiýete eýedigini kanagatlanma bilen belledi.

Halkara gün tertibiniň möhüm meseleleri boýunça garaýyşlaryň ýakyndygy we gabat gelmegi, iri halkara guramalaryň, abraýly sebitleýin düzümleriň çäklerinde, şeýle-de “Merkezi Aziýa — Hytaý” görnüşde öňe sürülýän başlangyçlara özara goldaw bermek iki ýurduň arasynda birek-birege ynanyşmak esasynda ýola goýulýan gatnaşyklaryň ösdürilmegine giň ýol açýar. Şu ýyllaryň dowamynda taraplar işjeň hyzmatdaşlygyň yzygiderli ösdürilmegi boýunça anyk çäreleri amala aşyrýarlar. Bu bolsa öz köklerini Beýik Ýüpek ýoly döwründen alyp gaýdýan köpasyrlyk dostluga we birek-birege düşünişmäge bolan ygrarlylygy aýdyňlygy bilen görkezýär.

Möhüm halkara ulag geçelgeleriniň çatrygynda geosyýasy we geoykdysady taýdan amatly ýerleşen Türkmenistan gadymy söwda ýollarynyň dikeldilmegi boýunça başlangyçlary öňe sürýär. Aziýa bilen Ýewropa ýurtlarynyň arasynda netijeli gatnaşyklary ilerletmek üçin amatly şertleri döredýär. Bu bolsa Hytaý tarapynyň öňe sürýän “Bir guşak, bir ýol” halkara başlangyjy bilen bir bitewi sazlaşygy emele getirýär. Şeýlelikde, asyrlaryň synagyndan geçen dostlukly gatnaşyklar täze taryhy eýýamda mynasyp dowam etdirilýär.

Häzirki döwürde Türkmenistan we Hytaý Halk Respublikasy däp bolan hyzmatdaşlygy hil taýdan täze derejä çykarmaga uly gyzyklanma bildirýärler. Bu bolsa taraplaryň durmuş-ykdysady ösüşiniň möhüm ugurlaryna hem-de milli bähbitlerine doly kybap gelýär. Şu güne çenli iki ýurduň arasynda özara gatnaşyklaryň döwlet Baştutanlarynyň we işewür düzümleriň arasynda geçirilýän duşuşyklary, gepleşikleri öz içine alýan köptaraplaýyn guraly işlenip taýýarlanyldy. Ähli möhüm ugurlar boýunça taraplaryň özara gatnaşyklaryny giňeltmek maksady bilen döredilen Hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-hytaý komiteti öz alyp barýan işiniň netijelidigini durmuş ýüzünde subut etdi.

Ägirt uly mümkinçilikler we bilelikdäki iş boýunça soňky ýyllarda toplanan oňyn tejribe, özara bähbitli hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine bolan toplumlaýyn çemeleşmeler türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň okgunly ösdürilmegine giň ýol açdy. “Açyk gapylar” syýasatyny durmuşa geçirýän Türkmenistanyň ýeten derejesi we giň halkara hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň işjeňleşdirilmegi daşary ýurtlaryň, şol sanda Hytaýyň döwlet ösüşi boýunça giň möçberli maksatnamalary üstünlikli amala aşyrýan ýurdumyz bilen işewür gatnaşyklary has-da giňeltmäge bolan gyzyklanmalaryň artmagyny şertlendirdi.

Onlarça bilelikdäki taslamalaryň, şol sanda “XXI asyryň ägirt taslamasy” adyny alan Türkmenistan — Hytaý gaz geçirijisiniň gurluşygy biziň ýurdumyza bolan gyzyklanmalaryň artýandygynyň aýdyň beýanydyr. Bu ugur boýunça türkmen tebigy gazy Hytaýa akdyrylýar. Şeýlelikde, bu iri taslama ähli ugurlar boýunça ösdürilýän döwletara gatnaşyklaryň çuňlaşdyrylýandygyny görkezdi.

Häzirki wagtda dünýäniň ösen döwletleriniň hatarynda öňdäki orunlaryň birini eýeleýän Hytaý Türkmenistanyň möhüm ykdysady hyzmatdaşlarynyň biri hasaplanýar. Hytaýyň işewür düzümleriniň wekilleri ýurdumyzda durmuşa geçirilýän iri möçberli maýa goýum taslamalaryna, şol sanda senagat we durmuş maksatly ähmiýetli desgalaryň gurluşyklaryna, hususan-da, Türkmenistanyň çägindäki “Galkynyş” gaz känini toplumlaýyn özleşdirmek işlerine gatnaşýarlar.

Şeýlelikde, hormatly Prezidentimiziň Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň çakylygy boýunça amala aşyrýan bu döwlet saparynyň ýurdumyzyň daşary syýasat strategiýasyny üstünlikli durmuşa geçirmekde möhüm ädime öwrüljekdigine ynam bildirilýär. Munuň özi ýurdumyzyň umumydünýä ýagdaýlaryna, häzirki döwürde durnukly ösüşi we ählumumy howpsuzlygy saklamagyň möhüm şerti bolan giň halkara hyzmatdaşlygyň hemmetaraplaýyn berkidilmegine işjeň gatnaşýandygynyň nobatdaky beýanydyr. Ýokary derejede geçiriljek türkmen-hytaý gepleşikleriniň çäklerinde söwda-ykdysady, ýangyç-energetika, himiýa senagaty, ulag, aragatnaşyk, oba hojalygy ýaly möhüm ugurlardaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň mümkinçilikleriniň ara alnyp maslahatlaşylmagy göz öňünde tutulýar. Şunda türkmen we hytaý halklarynyň arasynda dostluk, birek-birege düşünişmek gatnaşyklaryny berkitmekde möhüm ähmiýeti bolan medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek üçin netijeli guralyň taýýarlanylmagyna möhüm ähmiýet berler.

Ýokary derejede geçiriljek gepleşikleriň netijeleri döwletara gatnaşyklary mundan beýläk-de okgunly ösdürmek we dürli ugurlarda bar bolan ägirt uly mümkinçilikleri netijeli amala aşyrmak üçin ygtybarly binýat bolup hyzmat etjek ikitaraplaýyn resminamalar toplumynda öz beýanyny tapar.