Ï Aşgabatda meşhur artistleriň eserleriniň kawerleriniň konserti geçirilýär.
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Aşgabatda meşhur artistleriň eserleriniň kawerleriniň konserti geçirilýär.

view-icon 2528
Aşgabatda meşhur artistleriň eserleriniň kawerleriniň konserti geçirilýär.

29 ýanwarda «Watan» kinokonsert merkezinde ýaş sazandanyň Selim Gurbansähedowyň konserti geçirilеr.

Gitaranyň sesi bilen ol tomaşaçylara «Laskowyý Maý», «Modern Talking», Murat Nasyrow, Uma2rman, IOWA, Emin, Filipp Kirkorow, Mot, Anton Belýaýew, Gloriýa Gaýnor ýaly meşhur ýerine ýetirijileriň we aýdym-saz toparlarynyň repertuarlaryndan eserler hödürlär.

Röwşen Nepesowyň orkestri bolsa konsertda ýaş sazanda kömek eder.

  • Bu meniň ilkinji konsertim. Ondan öň orkestriň düzümünde konsertlerde çykyş edipdim – diýip Selim belleýär.

Ol hem özüniň awtorlyk aýdymyny ilkinji gezek ýerine ýetirer.

Peteklery belgiler boýunça sargyt edip bilersiňiz: +993 (61) 72-78-63; +993 (61) 23-52-34; +993 (62) 93-74-41.